147
at häzirki altaýlaryň etnonimiýasynda saklanyp galypdyr. Ýeri gelende
aýtsak, Irkutsk şäheriniň ady irkit, irkut diýen etnonim bilen baglanyşykly
bolmaly.
Ural we Sibir toponimiýasyny öwreniji alym A.K. Matweýew i
rki,
irkit
diýen ady “urug, taýpa” manysyndaky
irk
diýen Eýran sözünden
hasaplaýar.
Bu adyň manysy barada ýene bir çaklamany hödülemekçi. Mongol
we türki halklar Isus Hristosa Ýerke ýa-da Ergu, hristaianlara-da erkeun
diýipdirler. (-un—köplük goşulmasy). Şundan ugur alynsa,
onda erke
etnonimini türki halklaryň düzümine goşulan hristianlaryň adyndan
hasaaplamak hem mümkindir.
ÝOMUT
Türkmenleriň uly taýpalarynyň
birine
ýomut
diýlip, bu taýpa
günbatar
(ýa-da Şagadam) ýomutlary hem
demirgazyk
(ýa-da
Daşhowuz ýomutlary) diýen iki topara bölünýär. Bu taýpanyň uly topary
Eýrandaky Türkmensähranyň (Etrek-Gürgen etraplarynyň) ilatynyň
aglaba bölegini düzse, onuň bölek-büçek toparlary Owganystanda,
Garagalpagystanda hem duş gelýär.
Ýomut
diýen at juda gadymy bolsa-da, bu ady göterýän il taýpalyk
derejesine giçki orta asyrlarda, mongol gyrgynçylygyndan (XII asyrdan)
has soň ýeten bolsa gerek, çünki Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi”
(XVI asyr) diýen işinden öň ýazylan çeşmelerde
ýomut
diýen ada duş
gelmeýäris. Abylgazy hem bu sözi taýpa däl-de, tiräniň (kiçi
etnik
toparyň, urugyň) ady hökmünde ulanypdyr. Onuň ýazyşyça, Ýomut
Salyr Gazanyň neberesi bolan Ögürjik alpyň neslindendir: Ögürjik alp—
Berdi—Gulmy—Ýomut (Gulmynyň ikinji ogluna Gultak diýlipdir).
Ýomutlaryň Balkan—Maňgyşlak etraplarynda salyr iliniň dürli
böleklerinden ýygnanyp, taýpa derejesine ýeten bolmagy mümkindir,
çünki birinjiden, Abylgazy Ýomudy Salyryň gös-göni neberesi
hasaplaýar. Ikinjiden, ärsary, saryk, teke taýpalary bilen birlikde ýomutlar
hut XVI asyrda-da daşky salyr diýip at alan taýpalar birleşigine degişli
bolupdyr. Üçünjiden, Ýomut bilen dogan hasap edilýän Gultagyň ady
urugyň ady hökmünde salyr we ärsary taýpalarynda saklanypdyr. Başga-
da ençeme ýomut urug-tireleriniň atlary hut şu taýpalardaky etnonimler
148
bilen dogry gelýär.
Ýomut
diýen etnonimiň gelip çykyşy we aňladýan manysy barada
ylmy çeşmelerde dürli pikirler orta atyldy. Meselem, belli türkmen
magaryfçy alymy Nazar Ýomudskiý ony Salyr Gazanyň neberesi bolan
we XII asyryň ahyrynda—XIII asyryň başynda ýaşap geçen Söýünhan
diýen belli şahsyň Ýomut oglunyň, ýagny taýpabaşynyň adyndan emele
gelen hasaplaýar. Etnograf alym Ata Jykyýew bu adyň manysyna degişli
iki rowaýaty il içinden ýazyp alypdyr. Olaryň birinjisine görä, bu söz
ýowm it
, ýagny “it ýatagy” diýen manydadyr, çünki hürri çaga doan
bir aýal bäbegi gundap, it ýatagynyň içinde goýýar. Kemala gelen bu
çagadan dörän
ile-de
Do'stlaringiz bilan baham: