83
urugy”) diýen sözlerdendir. Gadymy türki halklar toteme ongon, uran
hem diýipdirler. Totemi şol bir haýwan bolan taýpalar özlerini ykbaldaş,
hatda biri-biri bilen dogan hasaplapdyrlar.
Etnograf alymlaryň köpüsi totemlerden
emele gelen etnonimleri
has atlaryň arasynda ir dörän gatlak hasap edýär. Dünýä halklarynyň
aglabasy iň çydamly, dogumly, akylly, çalasyn haýwan bolan möjegi
özüne howandar tutunypdyr. Meselem, F.Engelsiň “Maşgalanyň,
hususy
eýeçiligiň we döwletiň döreýşi” atly meşhur kitabynda Demirgazyk
Amerikada ýaşaýan irokez indeýleriniň seneka taýpasynyň 8 urugynyň
ählisiniň dürli haýwanlary özüne totem edinendigini ýazýar. Bularyň
arasynda möjek birinji orunda durýar. Ýene bir mysal. Gadym dünýä
taryhynda gürrüň berlişine görä, biziň eramyzdan has öň dörän Rim
şäheriniň emblemasy möjegi emip oturan iki oglanjygyň suratydyr.
Rowaýata görä, bu şäher ýaşlykda ýetim galan we möjegi emip ulalan
Romul we Rem tarapyndan esaslandyrylypdyr. Romul biziň eramyzdan
öňki 754-717-nji ýyllarda Rimiň ilkinji patyşasy bolýar, şähere-de onuň
ady dakylýar (Roma, rus dilinde bu at
Rim
görnüşinde nädogry ýazylýar.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen klassyk edebiýatynda köp duşýan
Rum
diýen ýurduň ady hem Roma bilen asyldaşdyr). Eýrandaky Gürgen
welaýatyna we gadymy Köneürgenje (Gurganja) adyny geçiren
gürgen
diýen halkyň ady hem hindi-ýewropa dillerindäki
gorg
(asly
wrk
, orus
dilinde
wolk
,
nemes dilinde
wolf
) sözünden emele gelipdir.
Manysy
“möjek”.
Türki halklaryň ata-babalary möjegi has hem eý görüpdirler.
Meselem, türki halklar bilen gadymy garyndaş bolan mongollar özüni
gök börüden we maraldan, telesler hem möjekden we hun şanýuýynyň
gyzyndan doglan hasap edipdirler. Biziň eramyzyň başlarynda we
onuň öň ýanlarynda ýaşap geçen we soňra gazaklaryň, gyrgyzlaryň,
türkmenleriň ( ajy, aç etnonimlerine serediň), başgyrtlaryň düzümine
siňip giden aşina diýen türki taýpanyň ady şino, çino (“möjek”)
diýen mongol sözünden emele gelipdir. Adyň öňündäki –a hytaý
dilinde hormaty bildirýän sözüňi goşulmadyr :a – şina – “mukaddes
böri”. Türki halklaryň uly bölegine geçmişde bozgurt ýa-da gökböri
diýlipdir, özbeklerde we Özbegistanda ýaşaýan türkmenlerde gökböri
diýen at köpgeri görnüşinde gadymy türki sport oýnunyň adynda
saklanypdyr. Başgyrtlaryň başgurt – başkort diýen ady hem gurt sözi
84
bilen baglanyşyklydyr (baş gurt, ýagny esasy gurtlar ýa-da boz gurt). Irki
türkleriň taryhy barada “Gadymy türkler” diýen ajaýyp kitaby ýazan
L.N.Gumilýow hut VI asyrlarda hem türkleriň durmuşynda möjegiň uly
ähmiýete eýe bolandygyny, hatda hytaý çeşmelerinde “türk hany” we
“möjek” sözleriniň sinonim bolup ulanylandygyny ýazýar. Şol döwürde
türkleriň baýdagynda hem möjegiň kellesi şekillendirilipdir. Gadymy
Tukýu (türk) döwleti barada ýazylan hytaý çeşmelerinde getirilýän
rowaýata görä, türkleriň asly börüden bolupdyr, şol işlerde hut Oguz
hanyň özüniň hem boz gurtdan dörändigi barada aýdylýar. Şu çeşmelere
daýanyp, akademik W.A.Gordlewskiý şeýle ýazýar: “ Gadymy türkler
üçin möjek – mukaddes janawar, ol türkleriň ata-babasy, taýpabaşysydyr”.
Möjegiň ähmiýeti onuň durmuşdaky uly roly diňe gadymy türki
etnonimiýada däl, eýsem maddy we ruhy medeniýetiň köp babatlarynda
äşgär ýüze çykýar. Meselem, haly, keçe nagyşlarynda, keşdelerde möjegiň
simwolik şekilleri saklanyp galypdyr. “Türkmenistanyň gadymy we
täze ýollary ” diýen kitabynda W.S.Zaletaýew türkmen gülýakalaryna
salynýan nagyşlaryň arasyndan möjegiň birnäçe şekilini ýüze çykardy.
Çagasy durmaýan aýallaryň täze bolan bäbegini möjegiň agzyndan
geçirip (derisine dolap), oňa Böri, Gurt, Möjek ýaly atlary dakýanlygyny,
göz degmesin üçin çaga tumarlaryna möjegiň tüýüni ýa-da derisinden
bir bölejik salmak däbini hem ýokarda aýdylanlaryň üstüne goşsak,
türkmen durmuşynda böri obrazynyň häli-häzire çenli saklanyp
galandygyna göz ýetirmek kyn däl.
Do'stlaringiz bilan baham: