täjik
etnonimi aslynda
tatjyk
sözüniň üýtgän görnüşidir. Tat sözi barada
Tat
diýen makala serediň,
-jyk
goşulmasy bolsa, edil ýokardaky ýaly, kiçiligi bildirýär. Diýmek,
täjik
—“tatjyk”. “tatlaryň kiçi topary” diýen manyda bolup, ol soňra
tutuş halkyň adyna öwrülipdir.
TÄZEGOŇRAT
Daşhowuz welaýatynyň Telman raýonynda, Gubadagyň eteginde
218
bir topbak ile
täzegoňrat
ýa-da
garaýylgynly
diýen etnik at dakylypdyr
(ilki Gaýraýylgyn diýen ýerde oturanlygy üçin, olara garaýylgynly
diýipdirler).
Täzegoňrat
diýen adyň gelip çykyşy barada Hywa hanynyň
köşk taryhçysy Agahi şeýle ýazýar: Ýomut taýpasynyň gul we gyrnakdan
doglan neberesi köpelip, uly il bolýar. Ýerli ilat tarapyndan gul diýlip
kemsidilýänligi üçin, olar özlerine özbaşdak ýer bölüp bermegini sorap,
Hywa hany Allagula arz edýärler. Allaguly han olary Garaýylgyn diýen
ýere göçürip, özlerine-de täzegoňrat diýip at dakýar.
UÝGUR
Türki kowumlaryň arasynda iň gadymy halk bolan we
türkmenleriň gan garyndaşy hasaplanýan uýgurlaryň uly bölegi (3,6
milliony) Hytaýyň Sinszýan—Uýgur awtonom raýonynda, azragy
Hindistanda, Owganystanda, Pakistanda, 173 müňüsi hem öňki SSSR-
de (Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbeigstanda we Türkmenistanda)
ýaşaýar. Bu halkyň etnik ady biziň eramyzdan öňki III asyrda duş gelýär.
VI asyrda Beýik Türk Kaganaty synandan soň uýgurlar özbaşdak döwlet
gurýarlar.
Edil türkmenler ýaly, uýgurlaryň hem aňyrsy gunlara direýär. Hytaý
çeşmerinde getirilýän rowaýata görä, gun patyşasy özüniň iňňän owadan
gyzyny hiç kime rowa görmän, gelýän sawçylary yzyna gaýtarýar.
Taňrynyň emri bilen asmandan bir böri inýär. Şu börüden we şol owadan
gyzdan dörän neberelere soňra uýgur diýlipdir.
Merkezi Aziýada iň medeniýetli we juda gadymy halk bolan
uýgurlaryň etnik ady hem onlarça alymlaryň ünsüni özüne çekipdir.
Meslem, 974-nji ýylda ýazylan “Kýu-Wu-taý” diýen hytaý çeşmesinde
uýgur sözi “hökümdary şöhratlandyrýan we hüjüm edýän” diýlip terjime
edilýär.
Peşideddiniň pikiriçe, Oguz hanyň iline goşulyp, onuň Gara hanyň
garşysyna alyp baran söweşleine ýardam berenligi üçin, Oguz han
bu halka uýgur diýip at berýär. Bu türki söz uýmak işliginden bolup,
“uýujy”, “goşulan”, “bileşen” diýen manydadyr.Abylgazy hem bu ady
şeýleräk düşündirýär.
“Türk etnonimleri” diýen kitabynyň bi babyny ýörite uýgur sözüni
derňemeklige bagyşlan garagalpak alymy D.Aýtmuratow bu etnonimi uý
219
(“ýüň, tüý, saç” manysynda) we gur (“gara”) sözlerinden hasaplap, onuň
“gara saçlylar” manysynyň tarapyny tutýar. Şu kitapda bu etnonimiň
manysy barada dürli pikirler hem getirilýär.
Biziň çaklaýşymyza görä, uýgurlaryň we oguzlaryň gadymy
garyndaş bolşy ýaly, olaryň etnik atlary hem şol bir kökden döräpdir.
Käbir türki halklar (meselem, çuwaşlar) z sesine gutarýan türki sözleri r
sesi bilen aýdýarlar:
Do'stlaringiz bilan baham: |