Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


SUWAR Gökleňleriň  suwar



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet182/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   178   179   180   181   182   183   184   185   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

SUWAR
Gökleňleriň 
suwar
tiresiniň adyny iki hili düşündirmek mümkin: 
a) suwan etnoniminde bolşy ýaly, suwar diýen at suw sözünden we 
köplügi, jemi bildirýän—ar diýen gadymy türki goşulmadan durýar; 
b) suwar tiresine tirebaşynyň ady dakylypdyr. Abylgazy Arslan hanyň 
höküm süren döwründe onuň bir akylly maslahatçysyna “ynagyna” 
Suwar diýlendigini ýazýar. Şu alym bu kitabyny başga bir ýerinde 
Suwarjyk diýen şahsyň adyny tutýar, ol Salyr Gazanyň nebersi, Ögürjik 
alpyň bolsa dogany edilip görkezilýär. Suwar tiresine şu şahslaryň 
biriniň adynyň dakylan bolmagy-da mümkindir.
SUWLAR, SUWÇY, SÜWJI, SUÝUK
Ärsarylaryň 
suwlar, suýuk
, arabaçylaryň 
suwçy
, Hojambaz we 
Kerki raýonlarynda ýaşaýan salyrlaryň 
süwji
tireleriniň atlary häzirki 
türkmen dilinde şol görnüşlerde ulanylýan sözlerden däl-de, su (bu 
barada Suwan diýen makala serediň) sözündendir, olaryň yzyndaky –
lar goşulmasy köplügi, -çy, -jy (-ly/ -li goşulmasynyň hyzmatynda) – 


200
degişliligi aňladýar. Suýuk (Suýuk) etnoniminiň –uk goşulmasy bolsa 
jemi, köplügi bildirýär. 
SURH
Ärsarylaryň surh urugyny, şeýle-de Halaç posýolygynyň
töwereginde ýaşaýan tire-uruglaryň köpüsini ýerli mugallym Derkar 
Hekimow gadymy halaç taýpasyndan galan il hasap edýär. Käbir 
alymlar bolsa surh etnonimini pars-täjik dillerinde “gyzyl” manysynda 
ulanylýan surh sözünden hasaplaýarlar. Elimizde muny tassyklajak 
tutarygymyz ýok. Biz bu urugyň adyny hem gadymy su etnonimine (ol 
barada 
Suwan
diýen makal serediň) we biri-biri bilen sepleşip, bitişip 
giden –r hem-de –h (-k) diýen köplük goşulmalaryna syrykdyrmakçy.
SURHY
Ownuk türkmen taýpalarynyň biri bolan surhularyň ady barada iki 
hili çaklama bar: 
a) Abylgazy 
surhy
diýen etnonimi sorky görnüşinde ulanyp, ony 
Oguz hanyň gyrnakdan bolan agtygynyň ady dakylan il hasaplaýar, 
onuň ýazmagyna görä, Oguz hanyň Günhan oglunyň höküm süren 
döwründe, surhy taýpasynyň baştutany hasaplanýan Sorky Günhanyň 
attutarybolupdyr. Abylgazynyň döwründe oňa Sorhy (Surhy) hem 
diýlipdir. 
b) surhy diýen taýpa ady öňde teswirlenen surh etnoniminden we 
degişliligi bildirýän –y goşulmasyndan durýar.
SUHTY
1855-nji ýyla çenli häzirki Murgap raýonynda ýaşap, şu ýerdäki 
1-nji we 2-nji Suhty diýen obalara adyny geçiren, ol ýerden göçüp 
gelenden soň bolsa Ýolötendäki Ýokary Suhty we Aşaky Suhty diýen 
obalary döreden suhtular saryk taýpasynyň uly urugy hasaplanýar.
Olaryň gepleşiginde bu etnonim sukty, sukdy görnüşlerinde ulanylýar.
Şundan we Hywa taryhçylary Munis hem-de Agahiniň işlerinde bu 
adyň sokty ýaly ýazylyşyndan ugur alsaň, onda suhty/sokty etnonimini 


201
gadymy sogdy diýen halkyň adyndan emele gelendir diýip çaklamak 
mümkin, çünki türkmenler Syrderýa boýlarynda sogdular bilen ýanaşyk 
aý-da gatyşyp ýaşapdyrlar. Taryhdan mälim bolşy ýaly, häzirki täjikleriň 
we özbekleriň ata-babalary bolan sogdular biziň eramyzdan öňki 1 
müňýyllykda paýtagty Samarkant şäheri bolan Sogdiana diýen ýurduň 
esasy ilatyny emele getiripdirler. Diýmek, örän irki eýýamda, Syrderýanyň 
boýlarynda suhty diýen etnik adyň dörän bomagy ähtimaldyr.
Suhty/sukty urugynyň adynyň gadymy su/so (Suwan diýen makala 
serediň) diýen etnonimden gaýtmagy hem mümkin. Şeýle bolsa, bu 
adyň yzyndaky –k, -t we –y goşulmalaryny öňli-soňly goşulan we biri-
biri bilen sepleşip giden köplük affiksleri hasaplamak mümkin.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   178   179   180   181   182   183   184   185   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish