SELJUKLAR
Alymlaryň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, oguz türkmenleriniň
gaty uly we iňňän kuwwatly taýpalar birleşigini emele getiren seljuklara
olara ýolbaşçylyk eden serkerdäniň ady dakylypdyr. Seljuklar birleşigi
X asyrda Gyrgyz sähralarynda, Syrderýanyň orta akymlarynda emele
gelýär. Oňa ilki asly gynyk diýen oguz-türkmen taýpasyndan bolan
Tukak (belki, Tuwak) diýen serkerde, soňra bolsa onuň ogly Seljuk (ýa-
da Seljik) ýolbaşçylyk edýär. Seljuk 100 ýa-da 107 ýaşap, 992-nji ýa-da
1009-1010-njy ýyllarda aradan çykýar, ony Jent diýen oguz şäherinde
jaýlaýarlar.
Şol galagoply eýýamda Syrderýa oguzlary demirgazyk (ýa-da
Ýaňykent) oguzlary we günorta (ýa-da seljuk) oguzlary diýen iki uly
topara bölünipdirler. Gündogar ýurtlaryň alymlary Ýaňykent toparyna
oguzlar, seljuklara bolsa türkmenler diýip at beripdirler. Soňky toparyň
(seljuk türkmenleriniň) uly bölegi XI asyrda Syrderýa boýlaryndan
Maňgyşlaga, Balkana, Saragta, Mara gelip, şu ýerleriň üsti bilen Eýrana,
Kawkaza, Türkiýä, Yraga, Siriýa we beýleki ýurtlara aralaşýarlar, bu
196
ýurtlary ýüzugra boýun egdirip, Akgoýunly, Garagoýunly ýaly ençeme
döwletleri hem döredýärler.
Seljuk türkmenleri ýaly äpet uly etnik birleşige adyny geçiren
şahsyň Seljuk diýen adyny alymlar dürlüçe düşündirmäge synanyşýarlar.
Meselem, O.I. Senkowskiý Seljuk diýen ady saljyk (“gaýyjak”) sözünden
çaklaýar, çünki, bu alymyň pikiriçe, Seljuk ýaşlykda Amyderýada
gaýykçylyk edeni üçin, şeýle at alypdyr. Akademik W.A. Gordlewskiý
bolsa türk dilinde seljuk görnüşinde ulanylýan bu etnik ady sel (“sil”)
sözi we –çik diýen türkmen goşulmasy bilen baglanyşdyrýar. Bu alym
Garategin (Pamir) oguzlarynyň Seltaudaky (Sildagdaky) buzlugy baryp
XI asyrda-da bilendigi üçin, olara şeýle adyň dakylandygyny belleýär.
Beýle düşündirişler adyň hakyky manysyny açyp bilmeýär.
Biz Seljuk diýen taryhy şahsyň bolandygyny asla inkär etmezden,
serkerdelik derejesine ýetenden soň oňa öz taýpasynyň seljuk din ady
dakylandyr diýip çaklaýarys, çünki oguzlarda (umuman, türki halklarda)
serkerdelere öz taýpasynyň etnik adynyň dakylmasy adaty zat bolupdyr.
Muňa Ärsary, Atatürk (Türkiýäniň birinji prezidenti Mustafa Kemalyň
“türkleriň atasy” diýen manyda soň dakylan ady) ýaly atlar hem mysal
bolup biler.
Eger şu çaklamany hakykat hökmünde kabul etsek, onda seljuk
diýen etnonimiň aslynda saljyk (a sesi gysga) ýa-da salçyk bolandygyny
ynamly aýtmak bolýar. Bu ýerde sal sözi gadymy gunlaryň sal diýen
taýpasynyň adyndandyr (ol barada Salak diýen makala serediň), -jyk we –
çyk bolsa goşma affiks bolup, -çy (degişliligi bildirýän –ly goşulmasynyň
hyzmatynda) we köplügi bildirýän -k goşulmalaryndan durýar.
Seljuk etnoniminiň saljyk sözündendigine şübhelenýänleri
ynandyrmak üçin, iki sany degerli delil getirmekçi. Birinjiden, Seljuk
we onuň atasy Tukak gynyk taýpasyndandyr. Gynyk sözüne bagyşlanan
makalada gürrüň berşimiz ýaly, gynyk diýen at gadymy gunlaryň gun
diýen etnik adyndan we –yk goşulmasyndan durýar. Diýmek, Seljugyň
asly gunlara, belki, olaryň sal taýpasyna direýär, şonuň üçinem oňa Saljyk
diýen at dakylypdyr. Ikinjiden, gunlar bilen goňşulykda ýaşan, has
gadymy geçmişde bolsa olar bilen bir halky emele getiren mongollaryň
düzüminde saljyut diýen taýpa bolup, onuň adynyň yzyndaky –yt
goşulmasy (edil saljykdaky –k goşulmasy ýaly) köplügi aňladypdyr.
Şu iki ýagdaý seljuk diýen adyň aslynda saljyk (saljuk) bolandygyny
197
tassyklaýar.
Diýmek, seljuk diýen etnik at “sallar”, “sal taýpasy”, “sal ili” diýen
manyda bolup, ol salak, salyk, salyr, saltyk ýaly taýpa atlary bilen bir
semantik hatary düzýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |