Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet153/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   149   150   151   152   153   154   155   156   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

muntaz, muntazdaý
diýen sözler “arassa”, “päkize” ýaly 
manylary aňladýar. Belki, bu urug ilki dörän döwründe “hiç urug bilen 
garyşmadyk”, “päkize” manysyndaky söz bilen atlandyrylandyr. Bu 
pikiri gökleňleriň 
garyşmaz
, garadaşlylaryň 
päkize
, ärsary we tekeleriň 
aryk
(ýagny “arassa”) diýen urug-tireleriniň atlary hem tassyklaýar.
MÜJEWÜR
Mary welaýatynyň dürli (esasan, Mary, Murgap), şeýle-de Tagta 
raýonlarynda ýaşaýan müjewürler türkmen halkynyň ortagürp öwlat 
taýpasy hasaplanýar. Tire ady hökmünde ýomut, teke, çowdur, şyh 
taýpalarynda-da duş gelýän bu etnik at araplaryň mujawir (sözüň köki 
jawara) sözünden bolup, ol birnäçe manyny aňladýar. Onuň bize gerekli 
we bize dahylly bolan manysy şulardyr: “pire, metjide gol beren”, 
“haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanýan”, “gudtarly öwlüýälere hyzmat 
edýän”. Bu etnonim oba atlary hökmünde-de ulanylýar. Meselem: 
Müjewür (Tagta we Telman raýonlarynda), Müjewürbabasary (häzirki 
ady Muhadow. Mary raýonynda) we ş.m.
MÜRÜŞGÄR
Baýat, ýemreli, olam, salyr, ärsary taýpalarynyň düzümindäki 
mürüşgär
diýen urug-tireleriň ady pars-täjik dillerindäki 
mir-i şikar,
ýagny “şikaryň, awyň emiri” diýen sözlerden emele gelipdir. Etnograf 
Ata Jykyýewyň pikirine görä, bular elguşlary awa öwredip, olar bilen 
aw edendikleri üçin şeýle at alypdyrlar. Bolup biler, ýöne Orta Aziýa, 
Owganystan, Hindistan hanlyklarynda we şalyklarynda köşk mir-
şikarlary diýen wezipe bolup, olaryň wezipesi hökümdar awa çykanda, 
oňa gowy ýagdaý döretmek, awlanýan haýwanlary kowup, onuň 
öňünden geçirmek ýaly işler eken. Bu abraýly wezipäni eýelänleriň imok 
mirişkarlar diýen adyň dakylan bolmagy hem mümkindir.


169
Şu atdaky urug-tireler özbekleriň we täjikleriň düzüminde-de köp. 
Moskwaly etnograf B.H. Karmyşýewa olaryň etnik adynyň manysyny 
“tejribeli”, “köpbilmiş” diýip düşündirýär.
MÜRÇELI 
Esasan, owşar diýen türkmen taýpasynyň galyndylaryndan we dürli 
taýpalaryň bölek-büçeklerinden emele gelen mürçeliler ownuk türkmen 
taýpalarynyň biri bolup, ol Bäherden raýonynyň Mürçe we Garrygala 
raýonynyň Daýna obalarynda ýaşaýar (Mürçe obasynda ýer gytlyk edeni 
üçin, 1887-nji ýylda olardan ilki 17 hojalyk Daýna göçüp gelýär we bu 
ýerdäki mürçeliler obasynyň düýbüni tutýar).
Nohurly, änewli taýpalarynda bolşy ýaly, mürçeli diýen oturymdar 
taýpa hem olaryň ýaşaýan ýeriniň (Mürçe jülgesiniň) ady dakylypdyr.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   149   150   151   152   153   154   155   156   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish