Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


owşar diýen etnonim  og (ow)



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet155/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   151   152   153   154   155   156   157   158   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

owşar
diýen etnonim 
og (ow)
sözünden we –ş hem-de –ar goşulmalaryndan 
emele gelipdir. 
Og
“taýpa”, “il” diýen manydadyr (bu barada 
Oguz
makalasyna serediň), 

we 
–ar
bolsa jemi, köplügi bildirýän gadymy 
türki goşulmalardyr. Etnonimiň asly 
owuş
bolupdyr, muny ýomutlaryň 
orsukçy urugynyň düzümindäki owuş diýen tiräniň ady hem tassyklaýar. 
Ow we –uş—biri-biri bilen sepleşip, bu söze öwrülip gidenden soň, 
onuň yzyna kňplügi aňladýan –ar goşulmasy ikinji gezek goşulypdyr. 
Abdallaryň 
ogşuk
(ogşukbaba)
tiresiniň adynda bolsa oguş sözüniň 


171
yzyna köplügi aňladýan başga bir goşulma—yk goşulypdyr.
Gazaply Nedir şany dünýä inderen bu taýpa şu şanyň döwründe iň 
kuwwatly ile öwrülýär, ol Eýrana, Türkiýä we Azerbaýjana hem ýaýraýar. 
Ýerli alymlaryň biragyzdan ykrar etmeklerine görä, Azerbaýjandaky 
Apşeron (azerbaýjança Awşaran, ýagny “awşarlar”) ýarym adasyna hem 
şu ýere Türkmenistandan göçüp gelen awşarlaryň etnik ady dakylypdyr.
Nedir şa döwründe esasy bölegi Eýrana giden owşarlaryň galan 
bölekleri soňra aýry-aýry tireler hökmünde gökleň, mürçeli, esgi we 
ärsary taýpalarynyň düzümine siňipdirler, mürçeliler bolsa uly bölegini 
emele getiripdir. Alilileriň düzüminde-de owşarlar uly rol oýnapdyr.
OGUZ
Gadymy türki eýýamda Mongoliýanyň demirgazyk-gündogar 
ülkelerinde ençeme türki taýpalaryň birleşiginden dörän oguzlar ilkinji 
nobatda türkmenleriň, azerbaýjanlaryň, türkleriň we gagauzlaryň (gök 
oguzlaryň) gös-göni hem-de gandüşer ata-babalarydyr. Mahmyt Kaşgary 
“oguzlar türkmenlerdir” diýip açyk aýdýar. Biziň eramyzyň VI asyrynda 
oguzlar Beýik türk imperiýasyny hem döredipdirler.
Oguz
sözüniň asyl köki, manysy we gelip çykyşy barada Ýewropa, 
orus we türki alymlarynyň ençemesi öz pikirlerini orta atdylar. Bu 
çaklamalary gysgaça sanap geçeliň.
1.Oguzlar tarapyndan döredilen “Oguznamalaryň” ählisi we olara 
esaslanyp iş ýazan Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy ýaly 
orta asyr alymlary Oguz sözüni taýpabaşynyň ady hasaplaýarlar. Olaryň 
pikiriçe, Oguz—Garahanyň ogly bolupdyr, gadymy “Sýanhan-şu” atly 
hytaý taryhnamasynda onuň öz ady Mode ýa-da Modohan, atasynyň ady 
bolsa Tuman görnüşinde ulanylypdyr, hatda şu işde Mode-hanyňň biziň 
eramyzdan öňki 174-nji ýylda ölendigi hem aýdylýar.
Türkmenleriň taryhy barada iş ýazan O. Tumanowiç Oguz hanyň 
basybalyjy bolandygyny, özüniň hem biziň eramyzdan öňki VII 
(başga maglumatlara görä, II) asyrda ýaşap geçendigini belleýär, onuň 
pikiriçe, şol döwürde türki-mongol halklary biri-birinden aýrylyşyp, 
mongol we tatar (türk—S.A.) diýen iki halka bňlünipdirler. Şu işlere 
salgylanyp, alymlaryň aglabasy Oguzyň garamagyndaky türki taýpalara 
onuň adynyň geçendigini belleýärler. Ýöne biz beýle pikiri düýbünden 


172
inkär edýäris. Oguz (ýa-da Mode) diýen taryhy şahsyň bolan bolmagy 
mümkin, ýöne onuň ady taýpasyna däl-de, tersine taýpanyň ady onuň 
özüne dakylypdyr. Muny Ärsary, Atatürk ýaly şahslaryň atlary, şeýle-
de, oguz diýen etnonimiň hakyky manysy barada biziň etjek gürrüňimiz 
doly tassyklaýar.
2.Akademik S.P. Tolstow 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   151   152   153   154   155   156   157   158   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish