Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


çowdur  (asly çowuldar), çandyr (çawyndar), baýyndyr (bagandar)



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet141/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   137   138   139   140   141   142   143   144   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

çowdur 
(asly çowuldar), çandyr (çawyndar), baýyndyr (bagandar)
diýen 
türkmen etnonimleriniň düzüminde-de duş gelýär.
Ig
sözüniň asyl manysy barada biz iki çaklamany hödürlemekçi. 
1. Bu söz 
ýyg
söz bilen bir kökden bolup, ol “ýygyn”, “taýpa” ýaly 
manylarda ýüze çykypdyr. Onuň inçe çekimlili ýig görnüşi çigmek, çigin 
sözleri bilen asyldaş bolup, bu sözler hem özünde şol gadymy many 
ýokundysyny saklapdyr. Altaý dilleri toparyna degişli bolan tungus-
manjur (ewenk) dillerinde ýigna sözi hut “ýygyn” manysyndadyr.
2. Ig sözi ňg, og (serediň: ögem, oguz) sözleri bilen asyldaş bolup, 
bu ýagdaýda-da ol ilki “topar”, “il”, “taýpa” manysyny aňladypdyr.


155
ÝIGRIMIDÖRT
Çarşaňňy we Kerki raýonlarynda ýaşaýan mukry hem-de hatap 
taýpalarynyň düzüminde 
ýigirimidört
diýen tireler bar. Giçki orta 
asyrlrda Orta Aziýadan Azerbaýjana we Kiçi Aziýa ýurtlaryna göçen 
gajarlaryň arasynda-da şu atdaky etnik toparlar bolupdyr.
Belli etnograf G.I.Karpow türkmen tire-taýpalarynyň derňewine 
bagyşlanan kandidatlyk dissertasiýasynda (1942) hataply ýaşululardan 
ýigrimidört diýen etnonimiň döreýşine degişli ýazyp alan täsin rowaýatyny 
getirýär. Onda bu tiräniň wekilleriniň 24 ýaşdan aňy geçmändigi, bardy-
geldi, şol ýadan geçen adam bolaýsa-da, geçmişde olaryň öldürilenligi 
gürrüň berilýär. Elbetde, beýle rowaýatyň hakykat bilen dahyly ýok. 
Mukruly ýaşulularyň ýigrimi dört diýen tiräniň 24 maşgaladan dörändigi 
baradaky gürrüňleri hem onçakly ynandyrmaýar. Biziň pikirimizçe, bu 
tiräniň adyny türkmen halkynyň iňňän gadymy taryhyndan gözlemek 
hakykata laýykdyr. Malim bolşy ýaly, gadymy türkleriň, şol sanda 
türkmenleriň ata-babalary bolan gunlar biziň eramyzdan has öň hem 24 
bölüge (okruga) bölünipdirler. Bu däp uzak dowam edipdir. Meselem, L.H. 
Gumilýew “Gadymy türkler” diýen kitabynda Aşide diýen serkerdäniň 
ýolbaşçylgynda türki ilatyň bir böleginiň 679-njy ýylda hytaýlylaryň 
zulmuna garşy gozgalaň edendigini, oňa soňra türki halklaryň 24 bölüginiň 
ählisiniň goşulandygyny ýazypdyr. 24-e bölünmeklik däbi gunlaryň 
härby-nyzamy bilen baglanyşyklydyr. Uruş mahaly gun goşunlary 24 
topara bölünip, olaryň ýarysy (12 bölegi) goşunyň çep, beýleki ýarysy 
hem sag ganatyny düzüpdir. Öz gezeginde, her ganat dört-dörtden üç 
topara bölünipdir. Hut şu bölünişik türki halklaryň taýpalara bölünmek 
dänine-de geçipdir. Akademik S.P. Tolstow taýpa bölünişigiň 24-lik 
sistemasynyň türkmenlerde XI asyrdan başlap hut hqzire çenli dowam 
edýänligini, onuň IV asyrda Aral boýlaryna göçüp gelen gunlardan 
oguzlara geçenligini ýazypdyr. Dogrudan-da, Mahmyt Kaşgary, 
Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy ýaly alymlar, şeýle-
de ähli “Oguznamalar” oguz-türkmenleriň 24 taýpadan durýanlygyny, 
ol taýpalaryň atlaryny, tagmalaryny, ongonlaryny (guşlaryny), mal 
soýlanda, her taýpa degişli ülüşlerini jikme0jik görkezipdirler.
Türk alymy professor Faruk Sýmer Türkiýä göçen türkmenlerde hut 
sefewiler döwründe-de 24-e bolünmek däbiniň saklanandygyny, ýagny 


156
ýakyn aralykdaky 24 obanyň iline (uruglaryna) 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   137   138   139   140   141   142   143   144   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish