4-nji tema. SÖZlem agzalary, SÖzlemiň baş agzalary meyilnam a: Sözlemiň baş agzalary barada maglumat Eýe Habar. Sada we goşma habar


Aman şu ýyl gitmelimiş we ş.m. II.Sada habaryň isimlerden bolup gelşi



Download 107 Kb.
bet12/14
Sana14.07.2022
Hajmi107 Kb.
#800769
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   14
Bog'liq
4 tema

Aman şu ýyl gitmelimiş we ş.m.
II.Sada habaryň isimlerden bolup gelşi. Habary isimlerden bolan ýönekeý sözlemler hem türkmen dilinde köp ulanylýarlar. Bu hili sözlemiň eýesi hem habary şol sözleme gatnaşmaly bolýar. Eger sözlemiň baş agzalary sözleme görnüden-göni gatnaşmasa, onda sözlem bolmaýar. Isimlerden bolan habarlar hem hyzmaty taýyndan sada we goşma habar dien iki topara bölünýärler. Sada habar bir isimiň şol durşuna ýa-da kem işligiň affiksleriniň biri bilen gelmegi netijesinde hasyl bolýar. Olaryň birnäçesi baş, wagt-orun, çkyş we ş.m. düşümlerde, ýöňkemeli we ýöňkemesiz gelýärler. Ýönekeý sözlemleriň bu hili sada habary atlardan, çalyşmalardan, sypatlardan, sanlardan, hallardan, modal bildirýän sözlerden bolup bilerler.
Goşma habar. Sözlemleriň habary eke sözden bolup bilmedik wagtlarynda, sözlemdäki aňladyljak hereket, waka, habar iki, üç we ondan hem köp söz bilen mälim edilmeli bolýar. Şoňa görä-de sözlemleriň bu hili habarlaryny hem derňemeklik zerur meseleleriň biridir. Çünki sada habarly sözlem bilen goşma habarly sözlem biri-birinden belli bir derejede tapawutlanýarlar. Mysal üçin, “Durmuşda täze bilen könäniň arasynda elmydama barlyşyksyz göreş gidýär, bu göreşde hem köplenç täzelik dabaralanýar. Durmuş maýaklarynyň nuruny edil bolşy ýaly suratlandyrmagy,hojalygyň öňde baryjylaryna edebi ýadygärlik dikeltmegi durmuşyň hut özi talap edýär”.dien sözlemlerdäki habarlar gurluşy we mazmuny taýdan deň däl.
Sözlemleriň habarynyň goşma işliklerden bolup gelşi köp dürli bolýar. Olar esasy sözi işlikden bolan goşma işliklerden düzülen goşma habar we sözi işlikden bolmadyk goşma işliklerden düzülen goşma habar dien uly iki topara bölünýärler. Şu jähetden hem sözlemlerdäki goşma habaryň dürli görnüşlerini görkezmegi makul bildik.
Esasy sözi işliklerden bolan goşma habaryň aňladylyşy.

Esasy sözi işlikden bolan goşma işlikler sözlemiň habary bolup gelenlerinde, dürli formada bolýarlar.


1) Esasy sözi hal işliklerinden bolan goşma işlikler sözlemiň habary bolup gelende, olar öz soňundan gelen dürli formadaky kömekçi işlik bilen birlikde, sözlemde habardan duýalýan her hili çylşyrymly hereketi aňladyp bilerler. M. Guş gaýtam batlyrak uçup başlady. Tüpeň hem atylyp gitdi.
2)Esasy sözi işligiň hökmanlyk formasynda bolan goşma işlik
sözlemiň habary bolup biler. Many taýyndan bolsa bu hili habarlar özünden aňlanýan hereketiň ýüze çykmagynyň ýa çykmazlygynyň zerurdy-gyny her hili öwüşginliklerde aňladyp gelýär. M. Birnäçe adam erde oturmaly bolýar.
3) Esasy sözi işligiň geljek zaman formasynda bolan goşma işlik sözlemiň habary bolup bilýär. M. Öýüň tüýnügi aşak gaçjak bolup dur…
4)Esasy sözi işlikden bolan goşma işlikler sözlemde habar
bolup gelenlerinde, dürli işlikleriň meňzeş formada gaýtalanyp ula-nylmak häsieti bar. Beýle bolanda, sözlemiň habary hereketiň dowamlylygyny görkezýär. M. Goý, onuň içindäki balykjaklar şapbyldaşyp oýnasyn ýörsünler.

  1. Sözlemiň habary esasy sözi işligiň infinitiw formasynda

gelen goşma işliklerden bolup biler. Şu hili ýagdaýda esasy sözüň nähili formadadygyna garap, ol habar özünden aňlanýan hereketi dürli öwüşginliklerde görkezip biler. M. Aýallar düeleri, sygyrlary sagmaga çykdylar. Sabyr eje ymykly aglamaga oturdy.
4.Goşma habaryň esasy sözi işligiň şert formasynda (-sa, -se, -aýsa, - äýse) bolup biler. M. Eger hemmesi ýawnup geläýse nätjek?
Ümh! A men Oratylarda depderlerimi galdyryp gaýdaýsam nätjek!

  1. Sözlemiň habary esasy sözi ortak işlikden emele gelen goşma

işliklerden bolup biler. Bu hili goşma habarlar özünden duýalýan here-keti ýaňsa almak, göwnüetmezçilik, äsgermezlik ýaly ýokundylar bilen aňlatmak gerek bolanda ulanylýarlar. M. Çykmasa-da seniň goşgudan başyň,
Her gije dümtünip ýazan bolýarsyň,

Download 107 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   14




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish