7. Kömekçi sözlerden we dürli dil elementlerinden.
Sözlemde kömekçi sözler we dürli dil elementleri belli bir ob`ekt hökmünde ulanylmak bilen, olar (kömekçi sözler) at rolunda gelende, sözlemde eýe hyzmatynda hem gelip bilerler. Meselem:
Seniň emmaň gutarmady.
“Üçin” türkmen dilinde sebäp-maksat aňladýan kömekçidir.
“A” çekimli seslerden biridir dien sözlemlerdäki “emma, üçin, ýa” ýaly substantiwleşen şekilde getirilen diliň her bir elementi hem sözlemiň eýesi bolup biler.
Türkmen dilinde käbir sözler ekelikde gelenlerinde, konkret bir düşünjäni doly aňladyp bilmeýärler, şol sebäpli hem ol hili sözle-riň özleri eke ulanylanda, sözlemiň öz öň ýanyndaky söz bilen birlikde eýe hasaplamaly.
Özi ekelikde eýe we sözlem agzasy bolup bilmeýän sözler esasan aşakdaky ýaly sözlerden ybaratdyr.
1) “Tarap, gapdal, taý” ýaly sözler orun görkezmek bilen baglany-şykly gelen wagtlarynda, eke özleri eýe bolup bilmän, özlerinden öň gelen söz bilen birlikde eýe bolýarlar. Meselem:
Kolhozymyzyň ileri tarapy uly baglyk.
Mekdebiň gaýra gapdaly baglyk meýdandyr. we ş.m.
Ýokarky sözlemlerdäki “ileri tarapy, gaýra gapdaly, bäri taýy” sözleri bilelikde şol sözlemlerde eýe bolup geldiler. Aýdylyşy ýaly, “tarap, gapdal, taý” sözleriniň öňündäki sözleri aýyrsak, onda ol sözler bir doly düşünjäni aňladyp bilmeýändikleri sebäpli, olar sözlemler-de eýe hem bolup bilmeýärler.
2) Adam agzalaryny, geýimleriň belli bir erini görkezýän käbir sözler öz esasy manydaryndan başga-da bir zadyň ornuny görkezip hem ulanylýandyklary sebäpli, göçme manyda gelenlerinde, eke özleri eýe bolup bilmeýärler. Meselem:
Öýüň eňsesi ýazyna salkyn bolýar.
Derýanyň ýakasy tokaýlyk meýdan ekeni. we ş.m.
3) “Gün, aý, hepde, ýyl” ýaly sözler wagty görkezip gelenlerinde, öz öňlerindäki aýyklaýjy sözler bilen birlikde eýe bolýarlar. Sebäbi beýle sözler şol duruşlaryna konkret wagty aňladyp bilmeýärler. Oňa görä-de olar öň ýanlaryndan gelip, şolary aýyklaýan, konkret wagty görkezýän sözler bilen birlikde sözlemiň eýesi bolýarlar. M. Ýanwar` aýy gyşyň ortasydyr.
Geljek ýyl seniň instituty gutarjak ýylyňdyr we ş.m.
Emma “aý, gün” ýaly sözler hut öz manysynda has at bolup gelenle-rinde olaryň eke özleri hem sözlemiň eýesi bolup bilerler. M. Aý tutulypdyr. Gün çykypdyr .
Ölçeg taýyndan wagtyň dowamlylygyny görkezip gelenlerinde, “hepde, aý, ýyl” ýaly sözleriň eke özleri hem eýe bolup bilerler. M. Ýyl aýdan on iki esse artykdyr.
Sözlemiň eýesi, öňde bellenişi ýaly, forma taýyndan baş düşümde bolup, pikiriň sub`ektini görkezmäge ukyby bolan sözden we sözler ýy-gyndysyndan bolýar.
Türkmen dilinde söz toparlary arasynda käbir umumylyk bolany sebäpli, habar bolup ulanylýan işlik formalarynyň hem eýe bolup gelen erlerine duş gelmek bolýar. Meselem: Ceniň bardym-bardymyň gutarmady.
Sözlemiň eýesi bolup gelýän sözleriň haýsy söz toparyndan bolmak-lygyna, grammatika taýyndan olara degişli neneňsi soraglaryň beril-ýändiklerine garamazdan, eýäniň umumy soragy “kim, näme” dien sorag-lardyr.
HABAR- Habar sözlemiň baş agzalarynyň biridir. Ol eýe hakynda-ky pikiri tassyklamak ýa inkär etmek ýaly hyzmatlary erine etirýär. Şeýlelikde, habar sözlemdäki pikiri jemleýji merkez bolup, ol hakda aýdylýan pikiri hem tamamlaýar. Diýmek, habar eýäniň ýüze çykarýan we ol hakda ýüze çykarylýan gymyldyny, eýäniň kimdigini, nämedigini, hili-ni, jynsyny, sanyny we şuňa meňzeşleri görkezýär. Ol (habar) köplenç zaman, düşüm bilen üýtgän sözlerden bolýar.
Türkmen dilinde habar dürli ýollar bilen ýasalýar. Ol işlikleriň we isimleriň kömegi bilen aňladylýar. Sözlemdäki esasy aňladyljak bolunýan pikir esasan habaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Her bir söz sözlemde dürli affiksleriň, intonatsiýanyň kömegi bilen ýa-da sözlemde sözleriň tertibi boýança habar bolup biler. Türkmen dilinde habar ýasap bilýän dil serişdeleri örän köp.
Türkmen dilinde sözlemleriň adaty – normal görnüşinde habar yzda gelýär. Emma käbir ýagdaýlarda habar sözlemiň başynda-da, orta-synda-da gelip biler.
Häzirki zaman türkmen dilinde sözlemiň habary, öňde ýatlanyşy ýaly, dürli formalarda gelmek bilen, özüniň gurluşy boýança sada we goşma habar dien uly iki topara bölünýär.
Do'stlaringiz bilan baham: |