TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM INSTITUTY
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ TÜRKMEN DILINDE
OKADYLÝAN V-ХII SYNPLARY ÜÇIN EDEBIÝAT DERSI BOÝUNÇA
OKUW MAKSATNAMASY
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi.
Düzüjiler:
T.Sadykow
A.Saryýew
R.Mustakow
Ý.Garaýew
G.Sahatowa
Aşgabat-2018
2
DÜŞÜNDIRIŞ HATY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 1-nji
martynda ―Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda‖ Permana gol
çekdi. Bu resminama laýyklykda 2013-2014-nji okuw ýylyndan Türkmenistanyň
umumy bilim berýän orta mekdeplerinde on iki ýyllyk orta bilime geçildi.
Orta mekdepleriň 5-10-njy synplarynda edebiýat dersine hepdede 3 sagat, 11-12-
nji synplarda hepdede 2 sagat, ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly 11-nji synpda
hepdede 3 sagat berilýär.
Maksatnamadaky okuw materiallaryna berlen sagatlar umumy häsiýete eýe bolup,
ol sapagyň netijeli bolmagy üçin mugallym tarapyndan üýtgedilip bilner. Bu
okuwçylaryň edebiýat dersinden ele almaly bilimlerine, başarnyklaryna hem-de ahlak
terbiýesine gönükdirilmelidir.
Edebiýaty okatmagyň maksatlary we wezipeleri
Edebiýat okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna
söýgini terbiýeleýär, estetik endikleri kemala getirýär.
Edebiýat sapagynyň üsti bilen okuwçylaryň ruhy dünýäsi kemala getirilýär,
döredijilik ukyby ýüze çykarylýar, şeýle hem olaryň sözleýiş endikleri ösdürilýär.
Edebiýat okuw dersiniň wezipeleri:
1)
okuwçylarda edebiýatyň sungatyň bir görnüşi hökmündäki düşünjelerini
kemala getirmek, edebiýatyň kanunalaýyklyklaryna düşünmegi öwretmek;
2)
çeper eseri derňemegi öwretmek;
3)
dünýä edebiýatyna we dünýäniň edebi akymyna düşünmegi kemala getirmek;
4)
milli edebiýatyň aýratynlyklaryny ýüze çykarmak we edebiýatyň bütindünýä
ähmiýetini açyp görkezmek;
5)
edebiýatyň sungatyň beýleki görnüşleri bilen arabaglanyşygynyň häsiýetli
aýratynlyklaryny we ýörelgelerini kesgitlemek.
Edebiýaty öwrenmek çeper eserleri yzygiderli baglanyşykda okamak arkaly
amala aşyrylýar. Çünki ýazyjydyr şahyr durmuşyň dürli meselelerini çeper eseriň üsti
bilen açyp görkezýär. Şonuň üçin okuwçylara eseriň many-mazmunyny hem täsirini
giňişleýin açyp bermek işini dogry guramak esasy wezipeleriň biridir.
Edebiýaty öwretmek bilen, okuwçylara edebiýat we ýaşaýyş barada giňişleýin
bilim berilýär. Edebiýatyň üsti bilen ýaşlaryň durmuşda özüni alyp barmagy hem duş
geljek ýagdaýlary boýunça dogry netije çykarmagy üçin edebi düşünjeler berilýär,
başarnyklar ösdürilýär.
V – ХII synplarda edebiýat dersi okuwça çeper sözüň manysyna, hyzmatyna we
awtoryň öz garaýşyny beýan ediş usulyna, formasyna düşünmegi öwretmegi hem-de
3
okuwçylaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny kemala getirmegi, ösdürmegi öz içine
alýar.
Maksatnama täze okuw meýilnamasyna laýyklykda:
V – VIII synplarda – edebi okuw görnüşinde;
IХ - XII synplarda edebiýat taryhy görnüşinde öwrenilýär.
Şuňa laýyklykda:
Do'stlaringiz bilan baham: |