1. Metateza hadysasynyň ýüze çykmagynyň sebäbini düşündiriň.
çalşyp gelşine degişli 5 mysal tapyp, depderiňize göçüriň, wariantlaryň ýazuw
TÜRKMEN EDEBIDILINIŇ ORTOEPIÝASY
Türkmen edebi dilinde sözleriň dogiy aýdylyş kadalary
orfoepiýa
bölüminde öwrenilýär.
Türkmen dili özüniň köp şiweliligi bilen beýleki türki dilleriň
hemmesinden tapawutlanýar. Özüniň bäş müň ýyllyk şöhratly hem pajygaly
taryhynda ol gadymky oguz taýpalarynyň aglabasynyň dil aýratynlyklaryny
özüne
siňdiripdir. Häzirki türkmen dili türkmenleriň 40 töweregi şiwedir
gepleşiklerini öz içine alýar.
Türkmen şiweleriniň sözlük düzüminde we grammatik gurluşynda
umumylyklar bilen bir hatarda özboluşly aýratynlyklarada duş geliýär.
Türkmen şiweleri aýratynam fonetik taýdan tapawutlanýarlar.
“Häzirki türkmen diliniň fonetikasy” dersinde türkmen şiwelerimiziň
hemmesine ýa-da aglabasyna mahsus bolan fonetik aýratynlyklaryň bimäçesine
seredip geçdik:
♦ 1. Edebi diliniň çekimli we çekimsiz sesleriň fonema düzümini
anykladyk.
2. Türkmen diliniň bogun gurluşyndaky aýratynlyklara göz ýetirdik;
3. Bogunlary takta birleşdirmekde söz basymynyň ähmiýetini, prokliza,
enkliza hadysalaryny öwrendik;
4. Taktlary ümlä birleşdirmekde äheňiň (intonasiýanyň) hyzmatyny, jümle
basymynyň we dyngynyň (pauzanyň) ähmiýetini kesgitledik.
Bulardan başga gepleýiş akymynda koartikulýasiýa bilen baglanyşykly
ýüze çykýan kombinator ses üytgemeleriniň-de türkmen dilinde giň ýaýran
gömüslerini gözden geçirdik:
1 .Kombinator uzyn çekimlileriň we kombinator uzyn çekimsizleriň
döreýşiniň sebäplerini;
2. Sözdäki çekimli sesleriň hatarlar boýunça meňzeşleşmegini inçe-
ýogynlyk sazlaşygyny (palýatal singarmonizm hadysasyny);
3. Sözdäki çekimli sesleriň dodak sazlaşygyny (labial singarmonizm);
4. Çekimsiz sesleriň artikulýasiýasynyň omy, hili, owaz gatanjy taýdan
sazlaşyp gelşini (assimilýasiýa hadysasyny);
5.Sözleýiş akymynda çekimli hem çekimsiz sesleriň özara uýgunkaşyp
gelşini (akkomodasiýa hadysasyny);
6. Çekimli we çekimsizleriň düşürilip aýdylyşyny (sinkopa, apakopa,
eliziýa hadysalaryny);
7. Çekimli we çekimsiz sesleriň artdyrylyşyny (proteza, epenteza, epiteza
hadysalaryny);
8. Sesleriň orunlaryny çalşyp gelşini (metateza hadysasyny) öwrendik.
Türkmen şiweleriniň hemmesine ýa-da aglabasyna mahsus bolan bu
fonetik hadysalary jikme-jik öwrenmezden, türkmen edebi diliniň orfoepik
normalaryny kämilleşdirmek asla mümkin däl.
Do'stlaringiz bilan baham: