Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet42/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

kan, kaň
sözi 


52
bilen baglanyşdyrýär. Ikinjiden, arabaçy taýpasyndan bolan we XIX 
asyrda ýaşap geçen şahyr Aryf özüniň “Nesihatnama” diýen goşgular 
ýygyndysynda bu etnonimiň manysyny düýbünden başga sözler bilen 
baglanyşdyrýar:
Kiçi agtygydyr ol Oguz hanyň,
Agyn bil, bolmasyn aňa gümanyň.
Soňky adyn sorsaň, erur arbaçy,
Her bir işe seni küşeş kylguçy.
Arbaçy adyna bu erdi sebäp:
Bar erdi bir piri-kämil mukarrap,
Mübärek atlary Seýit Atadyr.
Bir kişi sorady Seýit Atadan,
—Niçe müridiň bar?--diýip andan.
Türkmen ili bu peçene halkydan.
Alarnyň sözlerin sen eşit anka:
—Arbagyn—çil—diýdi Seýit ol Ata.
—Arbagyn “kyrk” bolar arap lebzinde.
Çil ýene”kyrk” bolar parsy lebzinde.
Awamynnas (ýagny sada) halky kyn görüp any,
Arbaçy diýdiler, eşitgil muny.
Diýmek, Aryfyň pikiriçe, 
arabaçy (arbaçy) 
“kyrk” diýen 
manydadyr.
Her niçik bolsa-da, arabaçy diýen etnik ady gadymy peçenegleriň 
nesli bolan kaňlylar we kesp-hünär aňladýan “arabaçy” diýen türkmen 
sözi bilen baglanyşdyrmak dogry bolsa gerek, çünki Aryf hem “türkmen 
ili bu peçene halkydan” diýip belleýär.
ARAKÇY, ARAKY
Ärsarylaryň bekewül bölüminde 
arakçy
, Dänew, Gärjew, Farap 
raýonlarynda we Buhara welaýatynda ýaşaýan salyrlaryň düzüminde 
hem araky diýen urug-tireler bolup, olaryň adynyň “arak” sözi bilen asla 
dahyly ýok. Bu etnonimler Yrak diýen ýurt adyndan hasyl bolupdyrlar. 
Yrak
toponimi urdu, dari, puştu dillerinde 
Arak
, käbir Eýran dillerinde 


53
Erak
, türkmen dilinde hem 
Yrak
görnüşlerinde ulanylýar. Mälim bolşy 
ýaly, seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) we ondan soň Yrak, Siriýa 
etraplaryna türkmenler köpçülikleýin göçüpdirler (bu ýurtlarda häzir 
hem türkmenler köp, hatda olarda türkmen dilinde kitaplar we gazet-
žurnallar hem çykarylýar).
Akademik W.W. Bartoldyň ýazmagyna görä, orta asyrlarda oguz 
türkmenleri üç uly topara bölünipdirler: Seljuk, Balkan we Yrak 
türkmenleri. Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda 
ýazylyşyna görä, şol döwürde Diňlibegiň ýolbaşçylygynda salyr iliniň 
bir bölegi hem Yraga göçüp gelýär. Salyrlardan Ögürjik alp diýen batyr 
ýigit döreýär. Ol Yrakda agalyk edýän köp sanly baýyndyr türkmenleriniň 
hany bilen tersleşýär we uruşmaga güýji az bolany üçin, ol 900 öýli 
salyry we 100 öýli garkyny yzyna tirkäp, Yrakdan gaçýar-da, Şemaha 
gelýär. Baýyndyrlaryň çozmagyndan gorkup, bu ýerde-de ýerlemän, 
Ögürjik alp öz ili bilen Kryma gelýär. Bu il Krymdan hem gidýär, Itil 
(Wolga) derýasyndan geçip, Ýaýyk (Ural) boýuna gelýär. 
Ol döwürde bu ýerde kaňly diýen türki taýpa ýaşaýan eken. Olaryň 
hany Gökdonlynyň rugsat bermegi bilen, Ögürjik alp öz ili bilen ençeme 
ýyl Ýaýyk boýunda oturýar, ýöne ol Gökdonly bilen tersleşip, bu ýerden 
hem gaçýar. Gökdonly Ögürjigiň yzyndan ýetip, onuň iliniň 700 öýlüsini 
alyp galýar. Ögürjik 300 öýli bilen gaçyp, özüni Maňgyşlaga atýar.Üç 
ýyl ol Garahan diýen ýerde oturýar. Ögürjigiň Garahanda ýerleşendigini 
eşiden Gökdonly onuň üstüne ýöriş edýär. Ögürjik muny bilip, Balkana 
gaçýar. Bu ýerde ençeme ýyl oturandan soň, Ögürjigiň ili häzirki Dänew 
raýonynyň Gabakly obasyndan Buhara oblastynyň Alat posýologyna 
çenli aralyga göçüp, ýurt tutunýar. Bu barada “Türkmenleriň şejeresi” 
diýen kitapda getirilen goşguda (tartymda) aýdylýar.
Diýmek, Yrakdan çykan salyr we garkynlara soňky ýerlerinde 
“yrakly” diýiljegi kanuny ýagdaýdyr. Azerbaýjanly 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   38   39   40   41   42   43   44   45   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish