Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet133/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   129   130   131   132   133   134   135   136   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

DÄLI
Abdal, alili, arabaçy, gökleň, ýomut, sakar, salyr, saryk, teke, 
çowdur, esgi, ärsary ýaly ençeme türkmen taýpalarynyň düzüminde
däli
diýen urug-tirelere duş gelinýär. Türkmen etnonimiýasynda jynly, telbe, 
tentek ýaly ýakymsyz atlaryň duş gelýändigini nazara alyp, käbir adamlar 
bu ady göni manysynda düşündirýärler, ýöne beýle pikiriň hakykatdan 
üzňedigini bada-bat aýtmalydyrys, çünki özüne hormat goýýan iliň beýle 
ýakymsyz ady dakynmajagyna ýa-da dakdyrmajagyna göz ýetirmek kyn 
däl.
Biz 
däli
diýen etnonimleriň asyl köki we manysy barada 3 sany 


145
çaklamany orta atmakçy.
1.
Däli
diýen etnonimler (hiç bolmanda, olaryň aglabasy) biziň 
eramyzyň başlarynda Altaýda we Mongoliýada ýaşan, VI asyrda bolsa 
Beýik Türk Kaganatynyň düzümine giren tele diýen gadymy türki 
taýpalarynyň ady bilen baglanyşyklydyr. 
Tele, dele, däli
görnüşlerinde 
ol gazak, garagalpak, başgyrt halklarynyň düzüminde-de duş gelýär. 
Taryhy çeşmeler tele halkynyň müň öýlüsini (müň alaçyklynyň) baryp 
V asyrda Irtiş derýasyndan geçip, Kaspi we Aral deňziniň arasynda 
ýerleşendigini habar berýärler. Şol telelerden türkmen dälileriniň dörän 
bolmagy hakykata has ýakyndyr. Eger şu çaklama dogry bolsa, onda däli 
diýen tireler özlerini teleut we telengut diýen türki halklar bilen hem 
garyndaş hsaplap bilerler, çünki bu halklaryň ady tele sözünden we 
köplük goşulmasyndan durýar.
2.
Däli
diýen etnonim biziň eramyzyň başlarynda we ondan öň 
häzirki Günbatar Türkmenistanda (Kaspi ýakalarynda) ýaşan dah (däh) 
diýen halkyň adyndan we etnonimiýada degişliligi bildirvqn –li go\
ulmasyndan durýar (dähli—däli). Muny Günbatar Garagumdaky Dähli 
guýusynyň we Gyzyletrek raýonyndaky Dehistan diýen gadymy şäheriň 
atlary hem tassyklaýar.
3.
Däli
diýen etnonim tirebaşynyň lakamy bilen baglanyşyklydyr. 
Bu ýerde ol söz “telbe”, “jynly” manysynda däl-de, “gaýduwsyz”, 
“edermen”, “gözsüz batyr” ýaly manylardadyr (bir kemally iş bitirmez, 
meýdanda däli bolmasa). Klassyk edebiýatymyzda däli lakamly şahslara-
da köp duşulýar. Meselem, “Görogly” eposynda Däli Mäter, Harmandäli, 
“Gorkut atadaky” Däli Dundaz, Däli Domrul we başgalar.
Jemläp aýtsak, türkmenlerde däli atly tireler köp. Olaryň bir 
bhöleginiň emele gelşinin birinji çaklamamyza, beýlekileriniň ikinji, 
üçünji çaklamalara dogry gelmegi hem mümkindir.
ÝEDIURUG
Saryk we esgi taýpalarynyň, şeýle-de Kerki, Hojambaz raýonlarynda 
ýaşaýan kyrköýli salyrlaryň düzümindäki ýediurug diýen etnonimleriň 
manysy öz-özünden düşnükli: “ýedi urugyň birleşigi”. Käýerde bir 
topary emele getiren ýedi urugyň atlary ýatdan çykarylan bolsa-da, 
birnäçe ýerde ol uruglaryň atlary belli. Meselem, Kerkidäki ýediuruga 


146
degişli uruglar şulardyr: egri, ýagyr, daşatar, eşek, lokga, kesir, däli. 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   129   130   131   132   133   134   135   136   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish