Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


–çy/-çi goşulmasy  köplenç  –jy/ji



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet132/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   128   129   130   131   132   133   134   135   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

–çy/-çi
goşulmasy 
köplenç 
–jy/ji
görnüşinde ulanylýar: gulanjy, aranjy, bazajy, goýunjy we 
ş.m.).
Eýsem, bu taýpa näme üçin düýeji diýilýärkä? Hywada 19 ýyllap 
(1645—1663) hanlyk eden we türkmenleri örän köp gyran, şonuň üçine 
hem olaryň öňündäki öz günäsini ýuwmak maksady bilen “Türkmenleriň 
şejeresi” (ýagny nesil daragty) diýen meşhur kitaby ýazan Abylgazy 
Bahadyr han (1603—1664) düýeji taýpasynyň döreýşi hem-de adynyň 
gelip çykyşy barada bu kitapda gyzykly maglumatlar getirýär. Onuň 
sözlerine görä, düýeji ili han Batyýyň neberesi, Altyn Orda hany Özbek 
hanyň ogly Janybekiň hanlyk süren döwründe (1341—1357) döreýär, 
ýagny Janybek tagta çykansoň, onuň raýatyndaky türkmenler hana Balkan 
etraplarynyň düýe bakmak üçin iň ýagşy ýerdigini habar berýärler. Şol 
döwürde Ürgenç, Maňgyşlak, Balkan, Etrek, Gürgen türkmenleri Altyn 
Orda hanlaryna garaşly eken. Janybek dürli türkmen taýpalaryndan 30 
sany sarbany (düýe çopanyny) toplaýar, türkmenlerden salgyt hökmünde 
we zorluk bilen müňläp düýe ýygnadyp, olary sarbanlara tabşyrýar. 
Bu düýejiler barha köpelip, tutuş il bolýar, gurplanýar. Janybekden 
soň, onuň ogly Berdibek tagta çykýar. Ol 1359-njy ýylda ölenden soň, 
hanlykda tagt üçin dawa turýar. Türkmenler bu dawadan peýdalanyp, 
bir wagtky zor bilen alnan düýelerini yzyna alýarlar. Düýejiler garyp 
düşýär. Olar häzirki sakarlaryň ata-babalary bolan garaöýli taýpasynyň 
ýanyna göçüp, Kaspi deňzinde we Uzboýda balykçylyk bilen meşgul 
bolýarlar. Dfüýejiler barha köpelýär. Olar Aktam—Ogurjaly aralarynda 


143
mesegn tutýarlar.
1550-nji ýylda ýazylan çeşmelerde düýejileriň sany 5—6 müň 
öýli (25—30 müň adam) diýlip görkezilýär. Hatda XVII asyrda-da 
bular ekerençylyk bilen meşgul bolupdyrlar (salgyda mal däl-de, däne 
töläpdirler). Şol asyrda düýejiler alililer we hydyrililer bilen birlikde üçil 
diýen taýpalar toparyny emele getiripdirler.
Göräýmäge, düýejileriň döreýşi barada Abylgazynyň berýän 
maglumatlary juda ynandyryjydyr. Ol taryhy şahslar we seneler 
bilen hem baglanyşýar. Ýöne iňkise goýýan zatlar bar. Birinjiden, öň 
belleýşimiz ýaly, düýejiler Kakazda we Kiçi Aziýa ýurtlarynda-da duş 
gelýärler. Bu ýurtlara türkmen köpçülikleýin XI asyrda, seljuklaryň ýörişi 
döwründe barypdyrlar. Bu sene (XI asyr) düýejileriň dörän wagtyna 
(XIV asyra) şübhe döredýär. Ikinjiden, gadymy türki dillerde meselem, 
çagataý dilinde düýeji (deweçi sözi) “düýe çopany”, “düýeli gezýän” 
manylaryndan başga-da, “esger ýygnaýan we olaryň hal-ýagdaýyny 
barlaýan gözegçi”, “harby ispektor” diýen manyny aňladypdyr. Hatda 
türki hanlyklarda, meselem, Temirleňiň döwletinde deweçi diýen wezipe 
bolup, ol wezipedäkiler gurultaý geçirmek, goşuny ýörişe taýýarlamak 
ýaly möhüm işleri ýerine ýetiripdirler, özleri-de hökümdardan beýlekilere 
tabyn bolmadyrlar. Şonuň üçin düýejileriň, edil Farapdaky bitikçiler 
ýaly, şeýle wezipäni eýelän adamyň nebereleri, raýatlary hökmünde XVI 
asyrdan has öň, ýöne XI asyrdan soň ýüze çykan bolmaklary ähtimal. XI 
asyrdan soň diýmegimiziň öz sebäbi bar: Mahmyt Kagarynyň XI asyrda 
ýazan “Türki sözleriň diwany” diýen meşhur işinde türkmenleriň 24 
taýpasynyň we ençeme uruglarynyň ady sanalýar, ýöne düýeji diýen ada 
duş gelinmeýär. Diýmek, şol döwürde düýejiler taýpa hökmünde kemala 
gelen däl bolsalar gerek.
Näme üçin düýejiler giň territoriýada bölek-bölek, biri-birinden 
üzňe obalarda ýerleşdilerkä? Bäherden raýonynyň Hankäriz obasynda 
ýaşaýan düýeji ýaşulusy Anna Ata oglundan eşiden rowaýatymyzda bu 
barada şeýle diýilýär: Ýagyçylyk döwründe bir oba ýagy çozýar. Bütin 
il gyrylýar, oba talanýar. Diňe bir oglan düýäniň howdunyň aşagynda 
guzlenýär we aman galýar. Oňa düýeji diýip at berýärler. Ondan 7 ogul 
dünýä inýär. Bu ogullar gaty bet bolany üçin, biri-birleri bilen oňuşman, 
betdoga galýar we hersi bir yklymda ýurt tutunýar.
Rowaýat rowaýat bolýar. Ol bu taýpanyň daganyklygyny dogry 


144
düşündirip bilmeýär. Taýpanyň dumly-duşa dargamagynyň sebäbini 
giçki orta asyrlarda ýurtda bolup geçen taryhy syýasy, ykdysady 
ýagdaýlardan, türkmenleriň çar tarapdan gysaja salan feodal hanlyklaryň 
“bölüşdir-de, höküm sür” diýen kolonial syýasatyndan gözlemek dogry 
bolar. Hywa hanlary, Buhara emirleri, şeýle-de Eýran şalary boýun 
egmezek, uruşgan türkmen taýpalarynyň bir ýerde jemlenip, top bolup 
oturmagyndan heder edip, olary bölüşdirmegiň, agyzny alartmagyň 
ýoluny gözläpdirler. Şeýle syýasat netijesinde çandyrlaryň dürli 
tirelerine öz esasy mekanlaryndan has uzaklarda ýerleşen ülkelerden 
mülk ýer sowgat berip ýa-da olary zor bilen göçüripdirler, şeýlelikde, 
biri-birlerinden ýüzlerçe kilometr uzaklykda çandyr obalary emel 
eglipdir. Boýun egmezek düýejiler babatda-da şeýle syýasat ýöredilipdir. 
Diýmek, düýejileriň pytradylmagyna dürli hanlyklaryň, emirleriň we 
şalaryň kolonial diplomatiýasy sebäp bolupdyr.
Düýejiler barada munça gürrüň edenimize görä, bu taýpadan 
çykan görnükli adamlar hakynda-da kelam-agyz ýatlamagymyz gerek. 
Magtymgulynyň eserlerini Buharada daş basmausulynda çap edenleriň 
biri Gurbanberdi Gürgeni diýen magaryfçy düýejilerden ekeni. Özbek 
edebiýatçy alymy Kabyljan Tahyrowyň we türkmen alymy, asly 
düýejilerden bolan Aşyrpur Meredowyň tassyklamaklaryna görä, 325 
ýyllyk ýubileýi bellenjek ajaýyp şahrymyz, ençeme dessanlaryň we 
liriki goşgularyň awtory Nurmuhammet Andalyp, sowet döwrüniň 
ýayjy-şahyrlary Anna Kowusow, Şäher Borjakow dagy hem düýeji iliniň 
wekilleridir.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   128   129   130   131   132   133   134   135   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish