Özbekistan respublikasy ýokary we ýÖrite bilim ministrligi ajiniýaz adyndaky Nöküs döwlet pedagogika instituty



Download 168,18 Kb.
bet3/7
Sana07.07.2022
Hajmi168,18 Kb.
#753820
1   2   3   4   5   6   7
Bog'liq
Kurs işi

1.1 Öwrenilenleri jemlemek
. IV-IX synplarda öwrenilen edebi bilimleri jemlemek, umumylaşdyrmak hem bilimleri berkitmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýär. Öwrenilenleri jemlemek, umumylaşdyrmak köplenç mugallymyň sözi usulynda amala aşyrylýar. Mugallym jemleýji, umumylaşdyryjy sözünde (edebitaryhy eýýam, çeper eser, ýazyjy şahyr...barada) öňki aýdanlaryny başdan aýak gaýtalaman, mowzuk boýunça esasy hasaplan meselelerini nygtaýar, esasy bilmeli delilleri, maglumatlary jemleýär hem umumylaşdyrýar.
Jemleýji sapaklar, esasan, edebiýat taryhynyň belli bir ösüş eýýamy,ýazyjynyň terjimehaly we döredijiligi, belli bir eser, mowzuk geçilip gutarylandan soň guralýar. Sebäbi edebiýatdan okuw maksatnamasynda edebi-taryhy eýýamy, käbir ýazyjy-şahyry, iri eseri öwrenmek üçin birnäçe okuw sagady berilýär. Meselem: ''Çopan we patyşa'', ''Iki atanyň bir ogly'', ''ZöhreTahyr'', ''Şükür bagşy'', ''Söýgi'' we ş.m. möçberi taýdan uly eserler derňelenden soň, öwrenilenleri berkitmek, jemlemek we umumylaşdyrmak işini mugallym, esasan, soňky okuw sagadynda geçirýär. IX synpda bolsa,edebiýat taryhy boýunça ähli geçilenleri jemlemek, umumylaşdyrmak ýörite okuw sagatlarynda amala aşyrylýar. Şonda mugallym edebiýat taryhy boýunça öwrenilen maglumatlary (Türkmen edebiýatynyň döreýşi we taryhy ösüş eýýamlary, edebiýatda ahlaklylyk, watançylyk,dostluk,gahrymançylyk, ynsanperwerlik, edebiýatda däp we täzeçillik, ruhubelentlik ...) ylmy esaslarda jemlemelidir, umumylaşdyrmalydyr. Öwrenilen bilimleri jemlemegi, esasan, şu maksatlar boýunça geçirmek bolar:
1. Belli bir edebi taryhy eýýam, ýazyjy, mowzuk geçilen
wagtynda öwrenilenleri umumylaşdyrmak.
2. Edebiýatyň taryhy ösüş eýýamy, ýazyjy geçilende, jedelli
bolan meseleleri anyklamak.
3. Öwrenilen nazaryýet maglumatlary umumylaşdyrmak hem
tertipleşdirmek.
4. Edebiýatyň belli bir taryhy ösüş eýýamy ýa-da ýazyjy
boýunça öwrenilenleri durmuş bilen baglanyşdyrmak,
tejribede ulanyp bilmek.
5. Edebi-taryhy eýýam ýa-da ýazyjy barada metbugatda täze çap edilen makalalar, ylmy işler hakynda pikir ýöretmek
6. Geçilen belli bir edebi-taryhy eýýam ýa-da ýazyjy barada
okuwçylaryň geljekde-de pikirlenmeklerini, şol degişli täze
maglumatlary okap öwrenmeklerini dowam etdirmeklige gönükdirmek.



Download 168,18 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish