PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLAR GIRIŞ Temanyň çylşyrymlylygy. Bugünki tälim ulgamynda alyp barylýan giň özgertmeleriň düýp zemininde intellektual mümkinçilikli kadrlary taýýarlamak, bäsleşikli tälim bazarynda öz ornyny tapmak ýaly düşünjeler ýatyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen “Tälim dogrusynda”ky kanunda tälim ugrundaky döwlet syýasatynyň esasy prinspleri belgiläp berlen. Onda:
- tälim we terbiýäniň ynsanylyk, demokratik harakterde ekenligi;
- tälimiň üzlüksizligi we yzygiderliligi;
- umumy orta, şeýlelikde, orta mahsus kesp-hünär täliminiň mejburylygy;
- orta mahsus, kesp-hünär täliminiň ýönelişini:
akademik litseýde ýa-da kesp-hünär kollejinde okamagy saýlamagyň ygtyýarylygy;
- tälim ulgamynyň dünýälik harakterde ekenligi;
- döwlet tälim standartlarynda tälim almagyň hemme üçin açyklygy;
- tälim dessurlaryny saýlamaga ýekeje we bölünmek ýanaşuw;
- bilimli bolmagy we zehinini höweslendirmek;
- tälim ulgamynda döwlet we jemgyýet başgaruwyny uýgunlaşdyrmak.
“Tälim dogrusynda”ky Kanunda tälimiň galkynmagy, onuň ynsanylylygy, tälim we terbiýe ulgamynyň üzlüksizligi, ylmylygy we dünýäwilig, tälimde umumynsany we ylmy gadryýetleriň üstünligi, döwlet tälim standartlarynda hemmäniň bilim almagy üçin mümkinçilik ýaradylyşy bilen belgilenmegi gury ýere däl.
Umumy orta tälimiň bir basgyçy bolan edebiýat sapaklaryny öz içine alýar. Milli dessurda aýdylyşy ýaly, bu basgyçda tälimiň täzeçe ulgamyny we mazmunyny şekillendirmek üçin aşakdakylar zerur:
— okuwçylaryň başarnyklary we mümkinçiliklerine bagly ýagdaýda tälime bölünmek ýanaşygy yglan etmek;
— tälim bernegiň ösen pedagogik tehnologiýalaryny, döwrebap okuw stillerini ýaratmak we okuw-terbiýe prosesini didaktik tarapdan täminlemek we ş.m
Milli dessurda tälim ulgamynyň bütin maglumat mekanyny ýüze çykarkmak boýunça aýdylan görsetmeler, üzlüksiz tälimi üpjün etmek dogrusyndaky özgertmeleri amalda görkezmek ýokary synplarda ene dili täliminiň öňünde duran çylşyrymly wezipelerden hasaplanýar.
Kadrlar taýýarlamak ugrundaky döwlet syýasaty ynsan intellektual we ruhy-ahlaky tarapdan terbiýelemek bilen üzwiý bagly bolan üzlüksiz tälim ulgamy arkaly her taraplama berkemal şahsy şekillendirmegi nazarda tutýar.