Kurs işiniň maksad we wezipeleri. Edebiýat sapaklarynda terbiýä degişli materiallary analiz etmek, gönükmeleri analiz etmegiň peýdaly metodlaryny yzlap tapmak we işläp çykmak, olardan ders dowamynda peýdalanmak işimiz öňündäki esasy maksady ýüze çykarýar. Ýokarda belgiläp alnan maksadlar esasynda iş ýöritmek üçin işimiz öňünde terbiýe we edepnama ulgamyny belgiläp almak we analiz etmegiň peýdaly usullary gollamak wezipeleri ýükledilýär.
Kurs işiniň predmeti. Edebiýat derslerinde terbiýä degişli gönükmeleri analiz etmekde okuwçylaryň aktiwligini götermek esasy maksad edip alynýar. Şuňa esasan, dersiň önümdarlygyna erişmek üçin dürli tälmi we didaktik serişdelerden peýdalanmak.
Kurs işde gollanylýan metodlar. Bu işi ýazmak dowamynda okatmagyň umumdidaktik prinsipler esasynda gollanylýan metodlardan peýdalandyk:
- öňi bilen okuwçylaryň yaş häsiýetlerini hasaba alyp edebiýatlar bilen işlemek metodyndan; - okuwçylaryň gyzygyşy we isleglerini hasaba alyp gürrüň etmek metodyndan;- okuwçylaryň özleşdirmegine has ýagdaýda tälim tehnologiýalaryndan hemde didaktik oýynlardan;
Kurs işiniň ylmy we amaly ähmiýeti. Bu işiň netije we bildirilen tekliplerden umumtälim mekdep okuwçylary özleriniň ders dowamynda, talyplar kurs işini taýýarlamakda, metodistlar leksiýa temalaryny düzmekde şeýlelikde, pedagogika kollejleri metodist mugallymlary we talyplary öz işlerinde gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapmaklary mümkin.
I.BAP Öwrenilenleri berkitmek, jemlemek sapaklary
Öwrenenleri berkitmek, jemlemek we hasabat. Bilimleri berkitmek. Türkmen edebiýatyny okatmakda, öwretmekde okuwçylaryň edebiýatdan öwrenen bilimlerini olaryň aňynda berkitmek örän ähmiýetlidir. Edebiýatdan öwrenilen maglumatlary berkitmek mowzugynyň aýratynlygyna, möçberine,onuň maksadyna bagly bolýar. Bilimleri berkitmek, esasan, gürrüň, okuw, okuwçynyň özbaşdak işi ýaly usullaryň we dürli tärleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Täze mowzuk boýunça, meselem, V synpda ýazyjynyňterjimehaly barada güwänama berlenden soň, ony berkitmek üçin okuw kitabynyň degişli bölümini okuwçylara özbaşdak okatmak ýa-da meýilnama düzdürmek netijeli bolar. Çeper eseriň mazmunyny aňly-düşünjeli özleşdirmegigazanmak üçin okuwçylara eseri okatmak, nutuk etdirmek, eseriň mazmunyboýunça meýilnama düzdürmek, şol meýilnama boýunça dilden gürrüň geçirmek gerek.Edebi eser derňelenden soň, öwrenilenleri berkitmek üçin dilden sorag-jogap geçirmek, okuw kitabynda berlen gysgaça derňew boýunça okuw ýa-da gürrüň geçirmek netijeli bolar. Edebiyatdan öwrenilenleri berkitmek okuwçylar tarapyndan öýde hem dowam etdirilýär. Şonuň üçin mugallym edebiýatdan öýe iş tabşyrmaklyga aýratyn üns, wagt bermelidir. Öwrenilen mowzuk boýunça okuwçy öýde näme iş etmelidigine dogry düşünip, ony belläp almalydyr we sapakda alan bilim we endiklerini yzygiderli berkidip durmalydyr.
Do'stlaringiz bilan baham: |