2.2. Matematiki modelleriň toparlara bölünişi
Degişli nyşanlary boýunça MM -leri aşakdaky ýaly toparlara bölmek bolar(tabl . 2.1)
Tablisa 2.1
T№
|
Bölme nyşanlary
|
Matematiki modeller
|
1
|
Aňladýan häsiýetleri
|
Strukturalaýyn, funksional
|
2
|
Iýerarhik derejä degişliligi
|
Mikrodereje, makrodereje, metadereje
|
3
|
Bir derejäniň möçberinde detal-
laşdyrmanyň beýan edilmesi
|
Doly, makromodeller
|
4
|
Obýektiň häsiýetlerini aňlatmak usullary
|
Analitik, algoritmik, imitasion
|
5
|
Modeliň alnyş usuly
|
Nazary,empirik
|
Aňladylýan häsiýetleri boyunça MM-ler strukturalaýyn we funksional toparlaryna bölünýärler.
Strukturalaýyn MM–ler obýektiň strukturalaýyn häsiýetlerini beýan etmek üçin niyetlenendirler . Topologik, geometrik, karkaslaýyn we kinematik strukturalaýyn MM–leri tapawutlandyrýarlar.
Topologik MM–lerde obýektiň düzümi we elementleriň özara baglanyşygy görkezilýär. Şeýle MM-leri, köplenç, köp sanly elementlerden ybarat obýektleri beýan etmekde, konstruktiw elementleri kesgitli giňişlik orunlaryna degişli etmek meseleleri çözlende (meselem, detallary ýerleşdirme, enjamlary ýygnama we ş.m.) ýa-da wagtyň momentlerine bagly meseleler çözlende (meselem, tehnologik prosesler, režimler işlenip düzülende we ş.m.) ulanýarlar. Topologik modeller graf, tablisa, matrisa, sanaw we ş. m. görnüşlerde beýan edilip bilnerler.
Geometrik MM-lerde obýektleriň geometrik häsiýetleri görkezilip, olarda, elementleriň özara ýerleşişleri baradaky maglumatlardan başga, detallaryň formalary baradaky informasiýalar hem bardyr. Geometrik MM-ler çyzyklaryň we üstleriň deňlemeleriniň toplumy; obýektiň durkuny emele getirýän algebra-logiki gatnaşyklaryň ulgamy we ş.m. bilen aňladylyp bilnerler. Geometrik MM-leri maşyngurluşygynda, radioelektronikada konstruirleme meselelerini çözmekde, konstruktorçylyk resmileşdirmleri tasa getirmekde we ş.m.-de peýdalanýarlar.
Maşyn, jaý, demir ýol gurluşuklarynda we ş. m.çylşyrymly üstleriň häsiýetlerini aňlatmak üçin karkaslaýyn we kinematik MM- leri ulanýarlar.
Karkaslaýyn MM-ler modelirlenýän üstüň karkasyny, ýagny, üsti kesgitleýän nokatlaryň we egrileriň tükenikli köpligini saklaýar. Meselem, karkas hökmünde beýan edilýän üstde gözenegi emele getirýän çyzyklaryň alynmagy, üsti aýratyn gönüburçlyklara bölmeklige getirýär. Gönüburçlyklaryň ölçegini kiçeltmek hem-de bu gözenekde bölekleýin-çyzykly approksimirlemek( çalyşmak) arkaly, zerur anyklygy almak bolar. Üstüň deňlemeleri bolsa, çyzykly deňlemeler ulgamlary bilen çalşyrylýar.
Kinematik MM-lerde R(x,y,z) üsti, parametrik R(u,v) görnüş bilen aňladýarlar, bu ýerde u we v-parametrlerdir. Meselem, üç ölçegli giňişlikde üstüň emele getirijisi diýilýän R(u,v) egrini käbir ugur boýunça üýtgetmek arkaly talap edilýän üsti almak bolar (x2+y2=r2 töweregi merkezinden geçýän ok boýunça üýtgedip, silindri alýarlar).
Agzalan strukturalaýyn modellerde deňlemeleriň koeffisiýentleriniň ýönekeý geometrik manysy ýokdur. Şonuň üçin, bu modeller boýunça interaktiw(dialog) režimde işlemek kynlaşýar.
Funksional MM-ler – obýektiň funksionirlenme ýa-da taýýarlanma döwründe, onda bolup geçýän fiziki ýa-da informasion prosesleri aňlatmak üçin niýetlenendir. Adatça funksional MM-ler - faza üýtgeýänleri, içki, daşky we çykyş parametlerini baglanyşdyrýan deňlemeler ulgamy arkaly aňladylýarlar. Şunlukda, MM-leriň beýan edilmesiniň aspektlere bölnmegi elektrik, mehaniki, gidrawlik, optiki, himiki we ş.m. modelleriň tapawutlandyrylmagyna getirýär. Şeylelikde, önümleriň funksionirlenme prosesleriniň hem-de olary taýýarlamagyň prosesleriniň modelleri dürlüdir.
Taslama düzmekde bloklaýyn-iýerarhik çemeleşmäni ulanmak, taslanýan obýektleriň MM-leriniň iýerarhiýalarynyň hem döremegine getirýär. Iýerarhik derejeleriň modelirlemedäki sany taslanýan obýektleriň çylşyrymlylygyna baglydyr. Beýan etmäniň iýerarhiýasyndaky ornuna baglylykda MM-ler mikro-, makro- we metaderejelere bölünýärler.
Mikroderejedäki MM-leriň aýratynlygy, olarda fiziki prosesleriň üznüksiz giňişlik we wagt boýunça aňladylýanlygydyr. Muňa mysal edip, hususy önümli differensial deňlemeleri getirse bolar. Olarda bagly däl üýtgeýänler giňişlik koordnatlary we wagtdyr. Şu deňlemeleriň kömegi bilen mehaniki güýjenmeleriň we deformasiýalaryň, elektrik potensiallarynyň, basyşlaryň, temperaturalaryň we ş.m. meýdanlary hasaplanýarlar.
Makroderejedäki MM-lerde funksional nyşany boyunça ulaldylyp diskretleşdirilen giňişligi ulanýarlar. Netijede adaty differensial deňlemeler ulgamyna gelinýär. Bu deňlemelerde bagly däl ütgeýän t-wagtdyr, diskretleşdirilen giňişligiň ulaldylan elementlerini häsýetlendirýän faza ütgeýänleri bolsa - bagly ütgeýänleriň V wektoryny emele getirýärler. Şeýle ütgeýänler bolup, mehaniki ulgamlarda güýçler hem tizlikler, elektrik ulgamlarynda toguň bady hem de güýji, gidrawlik we pnewmatik ulgamlarda - basyşlar, sarp edilmeler we.ş.m. çykyş edýärler
Metaderejedäki MM-lerde elementler hökmünde detallaryň ýeterlik çylşyrymly toplumyny kabul edýärler. Metadereje - ulanylýan MM-leriň tipleriniň köpsanlydygy bilen tapawutlanýar. Köp obýektler üçin, metadereje, adaty differensial deňlemeler ulgamy bilen aňladylýar. Bu modellerde elementler üçin içki faza ütgeýänler beýan edilmeýärler, diňe elementleriň baglanyşyklaryna degişli faza ütgeýänler galdyrylýarlar. Şol sebäpli, alynýan MM-leriň ölçegleri onçakly uly bolmasada, ýeterlik çylşyrymly obýektleri beýan edýärler.
Bir derejäniň çäginde detallaşdyrma derejesi boýça doly MM-leri we makromodelleri tapawutlandyrýarlar .
Doly MM-lerde faza ütgeýänleri taslanýan obýektiň hemme elementleriniň ýagdaýlaryny hem-de elementara baglanyşyklaryny häsýetlendirýärler.
Makromodellerde MM-az sanly elementara baglanyşyklary häsýetlendirip elementleriň iri bölekleri beýan edilýärler.
Obýektiň häsýetlerini aňlatmak usullary boýunca funksional MM-leri analitik, algoritmik we imitasion görnüşlere bölýärler.
Analitik MM-lerde çykyş parametrleri içki we daşky parametrleriň funksiýasy hökmünde anyk aňladylýarlar((1.1)deňleme).
Algoritmik MM-lerde çykyş parametrlri içki daşky parametrler bilen algoritm formasynda baglanyşýarlar. Eger (1.2) deňlemeler ulgamynyň üstüni çözüwiň saýlanan sanly usuly hem-de çykyş parametrleriniň wektoryny hasaplamagyň algoritmi (V(Z) deňlemeler ulgamynyň çözüwleriniň funksionallary hökmünde) bilen ýetirsek, onda algoritmik MM-i alarys.
MM-leri almak ucin formal däl we formal usullaryny ulanýarlar.
Formal däl usulda, dürli iyerarhik derejeler boýunça, modelirlenýän obýekt bilen bagly prosesleriň we hadysalaryň kanunalaýyklyklary öwrenilyar, düýpli faktorlar tapawutlandyrylýar, esaslandyrylyp, dürli ýönekeýleşdirmeler kabul edilyar, alnan maglumatlar matematiki aňladylýar we s.m. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin umumy formal usullar ýokdur, emma MM-iň görkezijileri (uniwersallyk, anyklyk we s.m.derejeleri) bu amallaryň ýerine ýetirilmegine düýpli baglydyr. Şol sebäpli, MM-leri gurmaklygy, öz işine kämil hem-de kompýuterde modelirlemäge ezber hünärmenlere ynanýarlar.
Formal däl usullary ulanyp, nazary we empirik MM-leri gurýarlar.
Nazary MM-ler degişli hadysalar we olaryň kanunalaýyklyklary derňelip döredilýärler.
Empirik MM-ler, tejribe usti bilen, faza üýtgeýanlerini daşky girelgelerde we çykalgalarda ölçemek, ölçeg netijelerini işläp tayyarlamak arkaly alyarlar.
Elementleriniň matematiki modelleri belli ulgamlar ücin, MM-leri almakda formal usullar ulanylýar.
Do'stlaringiz bilan baham: |