I. 8 Tehniki obýektleri taslamagyň marşrutlarynyň mysallary
Obýekte taslama düzmegiň marşrutlary – bu obyekte taslama düzmek üçin ulanylýan tapgyrlaryň we meseleleriň yzygiderligidir. Eger marşrut kesgitli topardaky köp obýektere taslama düzülende ulanylýan bolsa, onda oňa tipli diýilýär. Mysallara seredeliň.
Mysal 1. Has uly integral shemalara (HUIS) taslama düzmegiň marşruty. Eger HUIS köp ulanylmalar üçin niýetlenen bolsa, onda tehniki ýumşuň formirlenmesi daşky taslama düzmeklige degişli bolardy. Eger HUIS ýöriteleşdirilen, ýagny, anyk radioelektron ulgamyny gurmak üçin niýetlenen bolsa, onda HUIS üçin tehniki ýumşy - ulgama ýokardan-aşak taslama düzmek arkaly almak bolar. Aşakdaky shemada tehniki ýumuşy formirlemegiň ýedi sany tapgyrlaryna (T1: T7) seredilýär(sur. 1.5).
T1 tapgyrda, funksional taslama düzmegiň ýokarky ýerarhik derejeleriniň meseleleri – signallaryň elementlerde ýaýramagynyň bolup biljek saklanmalaryny göz öňünde tutmak bilen, HUIS-a logiki taslama düzmek işi ýerine ýetirilýär. T2 tapgyrda HUIS-iň elementleriniň – fragmentleriniň prinsipial elektrik shemalarynyň sintezi geçirilýär. Sintez strukturanyň birnaçe wariantlaryny hem-de olaryň çen bilen bahalandyrmalaryny göz öňünde tutmak esasynda alnyp barylýar. Şu tapgyrlar bilen ugurdaşlykda T7 tapgyr (elementlere taslama düzmek) geçirilip, bu ýerde elementleriň fiziki we topologiki strukturalary düzulýär we HUIS-i taýynlamagyň tilsimatlary saýlanýar.
T3 tapgyrda başlangyç maglumatlar bolup, birinjiden, prinsipial elektrik
shemalaryň (T2 tapgyrdan alnan) strukturalarynyň wariantlary, ikinjiden, T7 tapgyrdan alnan eiementleriň böleginiň elektrik parametrleriniň häsiýetleri we bahalary hyzmat edýärler. Komponentleriň parametrleriniň beýleki bölegi optimizirleme maksady bilen T3 tapgyrda üýtgedilýärler.
T4 - T6 tapgyrlary konstruktorçylyk aspektine degislidirler. T4 tapgyrda mikroshemanyň topologiýasy, yagny, yarymgeçirijili kristalda komponentleriň we olary baglanyşdyryjy elektrik birleşmeleriň konfigurasiýalary hem-de özara ýerleşişleri sintezlenýär. Öňden taslanan aýratyn komponentleriň topologiýasy baradaky maglumatlar T7 tapgyrdan gelip düşýär. T5 tapgyrda başlangyç prinsipial elektrik shema hem-de konstuktorçylyk - tilsimat taslama normalaryna gabat gelmeler barlanýar. T6 tapgyrda HUIS taýynlananda ulanyljak informasiýalar boýunca fotoşablonlar taslanýarlar.
Mysal 2. Dolandyryş merkezinde kompyuter bolan yzarlaýjy suw getirijiniň funksional taslamasynyň marşrutynyň shemasy (sur.1.6).
T1 tapgyr elementleri saýlaýan taslama meselesinden ybaratdyr, ýagny, munda esasy hereketlendiriji, kuwwaty güýçlendiriji, reduktor, otlaýjy hereketlendiriji we ş. m. saýlanýar. Şundan soň, tutuşlygyna güýç bölegiň işukyplylygy analizlenýär.
Surat 1.5. HUIS taslama düzmegiň marşrutynyň shemasy
T2 - korrektirleýji gurluşlary girizmegiň zerurlygyny kesgitleýän, olaryň sintezini düzýän tapgyrdyr.
T3 tapgyrda sifr-analog özgerdijileriň sintezi, hasaplamak algoritminiň sintezi we ş.m geçirilýär.
-
T: Guyç bolegine taslama düzmek
|
-
T2: Otlaýjynyň strukturasynyň we korrektirleýji gurluşyň sintezi
|
-
T3: Kompýuter bölegini taslama
|
Surat 1.6. Suw getirijiniň funksional taslamasynyň marşrutynyň shemasy
-
Do'stlaringiz bilan baham: |