2.5. Metaderejede analiz meselelerini goýmagyň we çözmegiň aýratynlyklary
Metaderejede derňelýän obýektleriň ireldilen matematiki beýanlary ulanylyp, obýektiň analizi üçin umumy çemeleşmeleriň biri funksional
modelirlemekdir. Bu ugur awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň analizi babatynda has ösdürilendir. Metaderejede, edil makroderejedäki ýaly, birnäçe ýönekeýleşdirmeler kabul edilýärler .Birinjiden, obýekt, biri-biri bilen tükenikli sanly baglanyşygy bolan, baglanyşykly elementleriň toplumy görnüşinde aňladylýar. Şeýlelikde, baglanyşykly elementleriň her biri üçin girelgeler we çykalgalar tapawutlandyrylýar. Ikinjiden, elementler birugurly hasap edilýärler, ýagny, girelge signallary çykalgalara berlip bilinýärler, emma, çykalgadaky signallaryň, elementleriň içki baglanyşygy arkaly, girelgelere täsiri ýokdur. Şunlukda signallar diýilip, faza üýtgeýänleriň bahalarynyň üýtgemelerine düşünilýär. Üçünjiden, islendik çykalganyň ýagdaýy zor salma(nagruzka) bagly däl, ýagny, bu çykalga birikdirilen elementleriň görnüşlerine hem-de mukdarlaryna bagly däl hasap edilýär. Dördünjiden, islendik baglanyşygyň ýagdaýy bir faza üýtgeýäni arkaly(meselem,potensial ýa-da akym tipli) häsiýetlendirilýär.
Şeýlelikde, funksional modelirlemede, ulgamyň matematiki modeli, elementleriň matematiki modelleriniň birleşdirilmegi esasynda alynýan ADDU-ny emele getirýär. Ony çözmegiň ýollary bolsa, makroderejedäki ýalydyr.
Funksional modelirleme analog we sanly radioelektron apparaturalaryny; elektrik ýa-da başga tebigatly awtomatlaşdyrylan dolandyryş we sazlama ulgamlaryny; energetik ulgamlaryny we.ş.m. modelirlemekde we analizlemekde giňden ulanylýar.
Metaderejedäki obýektleriň analizinde ýeterlik umumy çemeleşmeleriň ýene biri köpçülikleýin hyzmat ulgamlary (KHU) modelini ulanmakdyr. KHU-modellerini, belli wagt momentlerinde köp talap-şikaýatlaryna hyzmat etmeli bolýan obýektlere peýdalanýarlar. KHU-modelleriniň häsiýetli aýratynlygy –onda iki dürli tipli elementleriň:
-resurs diýlip at berilýän, hyzmat ediji apparatlaryň;
-tranzakt diýlip at berilýän, talaplaryň bolmagydyr.
KHU-modelleri arkaly aňladylýan tehniki ulgamlara:
-awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary;
-hyzmat ediji apparatlar deregine iş ýerleri we enjamlar birlikleri, talaplar bolup - aýratyn detallar, detallaryň partiýasy, önüm bölekleri we.ş.m. hyzmat edýän sehler we önümçilik ýerleri mysal bolup bilerler.
KHU-modelleri talaplaryň KHU boýunça geçiş proseslerini ýazyp beýan etmelidir. Ulgamyň ýagdaýy wagtyň her bir momentinde, esasan, diskret bahalary alýan üýtgýänleriň toplumy arkaly aňladylýar.
KHU-nyň matematiki modelleri analitik we imitasion bolup bilerler.
Analitik KHU modellerinde çykyş parametirleri içki we daşky parametrlere açyk baglanyşýarlar. Emma analitik modellerini örän az sanly hemde ýönekeý KHU-lar üçin almak mümkin. Umumy ýagdaýlar üçin, amala aşyrylmasy köp hasaplaýyş resurslaryny talap edýän hem bolsa, imitasion modellerini ulanýarlar.
Imitasion KHU modelleri - modelirlenýän wagt aralygynda ýagdaýlary häsýetlendirýän ütgeýänleriň ütgemelerini beýan edýän algoritmden ybaratdyr.Bu ýerde waka diýlip atlandyrylýan, üýtgeýänleriň bahalarynyň islendik ütgemesi, wagtyň käbir momentide mgnowen bolup geçýär. KHU-ny imitasion modelirleme - ulgamyň parametrleriniň ähtimal häsýetlidigini göž öňünde tutmak bilen, ulgamda wakalaryň yzygiderligini dikeltmekdir. Köp sanly wakalaryň amala aşmasynda ulgamyň funksionirlenmesiniň imitasiýasy, toplanan netijeleri statistik işläp taýyarlamaga hem-de çykyş parametrlerini bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.
KHU-ny imitasion modelirlemegiň algoritimini gysgaça şeýle beýan etmek bolar. Talaplaryň giriş çeşmeleri soralyp, netijede, KHU-nyň girelgelerinde talaplaryň döremek momentleri kesgitlenýär. Bu wakalar baradaky maglumatlar wakalaryň sanawuna girizilip, momentleri boýunça tertipleşdirilýär. Şundan soň, imitirleme prosesi wakalaryň sanawy arkaly dolandyrylýar. Bu sanawdan iň golaý wagtda amala aşan waka saýlanýp, şu waka bilen baglanyşykly talaplaryň KHU-da hereketi - ilerlemesi imitirlenýär.
Hereket - ilerleme käbir hyzmat ediji apparatda saklanýança imitirlenýär. Şeýlelikde, talap,”hyzmat” ýagdaýyna giren bolsa, onda hyzmat ediji apparadyň matematiki modeli boýunça hyzmatyň dowamlylygy kesgitlenýär, diýmek, bu talap bilen baglanyşykly nobatdaky wakanyň ýüze çykmak momenti belli bolýar. Bu geljekki waka baradaky maglumatlar, wakalar sanawyna girizilýär. Şundan soň, öňküler ýaly, wakalar sanawyndan iň golaý waka saýlanyp, bu waka bilen baglanyşykly talabyň özüni alyp barşy imitirlenýär we ş.m.
Talaplaryň KHU boýunça hereketleriniň netijesinde, çykyş parametrleriniň indiki bahalaryny hasaplamak üçin zerur bolan maglumatlar toplanylýar.
Imitasion modelirlemegiň kömegi bilen, ulgamy taslaýjy injener, talaplaryň hyzmat ediliş tertibini, hyzmat ediji apparatlaryň parametrlerini, ulgama birikdirilişini üýtgetmek arkaly özüni kanagatlandyrýan wariýanty saýlap biler.
Do'stlaringiz bilan baham: |