2.6. Sintez meseleleriniň goýuluşy we olary çözmek üçin çemeleşmeler
2.6.1. Parametrik sintez meseleleriniň toparlara bölünmegi
Parametrik sintez meselelerine, obýektiň parametrlerine talaplaryň kesgitlenmegi, parametrleriň nominal bahalary we olaryň ýol bermeleri bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy degişlidir. Olaryň toparlara bölünmegini şeýle görkezmek bolar(sur.2.3)
Parametrik sintez meselelerini geometrik düşündirmek üçin içki- dolandyrylýan parametrleriň n-ölçegli Xd-giňişligini we(ýa-da) çykyş parametrleriniň m- ölçegli Yç-giňişligini girizýärler. Xd(Yç)-giňişligiň her bir nokadyna dolandyrylýan (çykyş) parametrleriniň bahalarynyň wektory degişlidir.
Suratdan görşümiz ýaly, parametrik sintez meselelerini üç sany topara bölýärler.
Meseleleriň I topary obýektiň çykyş parametrlerine tehniki talaplaryň bellenmeleri bilen baglanyşyklydyr. Şunlukda, daşky taslama düzmekligiň esasy meselesi - tehniki talaplaryň TT wektoryny kesgitlemekden ybaratdyr.
Ýokardan-aşak taslama düzmekligiň iň ýokarkydan başga hemme derejelerinde TT-niň bellenmesi meselesi, k-njy derejedäki parametrlere optimal bellenmelerden (k+1)-nji derejedäki parametrleriň optimal bellenmelerine alyp barýan mesele hökmünde garamak bolar.
TT-niň bellenmesini Yc-giňişliginde Yu işukyplylyk oblastyny tapawutlandyrmak ýaly aňlatmak bolar:
Yu={YYc yjTTj , j=1,2,…,m }
Dolandyrylýan parametrleriň Xd giňişliginde işukyplylyk oblasty Xu diyip, hemme işukyplylyk şertleri yj (X)≤TTj we dolandyrylyan parametrlere
xi’ ≤ xi ≤ xi” (2.13)
görnüşdäki goşmaça çäklendirmeler yerine yetyän XXd nokatlaryň köplügine aýdylýar, basgaça
Xu= XXd| yj(X)≤TTj, xi’≤ xi ≤ xi”; j=1,2,…,m; i=1,2,…,n}.
(2.13) deňsizlik parametirleriň fiziki ya-da tilsimat amala aşma şertlerini aňladyp, ona göni çäklendirmeler hem diyilýär.
Iki ölçegli Yç we Xd giňişliklerinde, degişlilikde, Yu we Xu - işukyplylyk oblastlaryny, geometrik, şeyle görkezmek bolar (sur. 2.4)
Parametrik sinteziň II toparynyň meseleleri berlen strukturadaky obýektiň elementleriniň parametrlerini hasaplamak bilen baglanyşyklydyr. Taslanyan obyektleriň parametrleri, adatça, taýynlamagyň önümçilik ýalňyşlyklaryny berk
Y2 X2
x2”
TT2
Xu
x2’
0 TT1 Y1 0 x1’ x1” X1
Surat 2.4. Ikiölçegli Yç we Xd giňişliklerinde Yu we Xu-işukyplylyk oblastlarynyň mysallary.
hasaba alyp bolmaýandygy hem-de başlangyç materiallaryň tötän häsiýetlidigi sebäpli tötän ululyklardyr. Şol sebäpl, parametrleri kesgitlemegiň meselesiniň has umumy goýluşynda, parametrleriň nominal bahalarynyň Xnom wektory hem-de olaryň ýolbermeleriniň G wektory gözlenilýär. Şeýlelikde, xi parametriň x nom i - nominal bahasy diýlip, onuň matematiki garaşmasyna, gi – ýolberilmesi diýlip, merkezde x nom i bolan we berlen P tötänlikde xi bahalaryň düşme interwalynyň ýarsyna deň baha düşünilýär.
Işukyplylyk şertleri ( Xu – işukyplylyk oblasty) bellenenden soň, parametrleri kesgitlemek meselesi çözlüp bilner. 2.5 – nji suratda Xu – oblastyna mysal getirilendir. Olaryň çäkleri tutuş hem-de punktir cyzyklarda görkezilendir.
.
Surat 2.5. Parametrleriň Işukyplylyk Xu we ýolberilme
Xg oblastlaryna mysallar .
Do'stlaringiz bilan baham: |