Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


boý sözleriniň asly bod bolup, ol hem bodun, budun



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

boý
sözleriniň asly bod bolup, ol hem
bodun, budun
sözi ulanylypdyr. 
Bod-boz-boý
sözlerindäki 
d-z-ý
ses gezeklişigi türki dillere mahsus 
fonetik hadysadyr. Deňeşdiriň: 
adak-azak, aýak, adgyr-azgyr-aýgyr
.
Boz
sözüniň yzyndaky –a atdan at ýasaýan iňňän gadymy türki 
goşulma bolup, ol 
baga, bada, waga, çaka, hara, ýasa
ýaly ençeme 
türkmen etnonimleriniň, şeýle-de 
gije
(asly giç sözünden), 
goza
(goz, 
ýagny hoz sözünden), 
gowa
(gow) ýaly käbir sözleriň ýasalmagyna hem 
gatnaşýar. Bu goşulma türkmen dilinde häzir önümsiz hasaplanýar.
Bozajy
sözüniň yzyndaky 
-jy
bolsa 
–çy
goşulmasynyň açyl 
görnüşidir. Etnonimiýada ol degişliligi, jemi bildirýär.
Eger şu çaklamamayz dogry bolsa, onda 
bozajy
etnonimi aslynda 
boza
bolup, ol “taýpa”, “urug” manysyndaky adaty jyns atdan emele 
gelipdir. Iňňän gadymy tire-taýpa atlarynyň aglaba “tire, taýpa, urug, 
jem” ýaly manylary aňlatmagy, ilkinji etnonimleriň hut şu ýol bilen
ýasalmagy bu çaklamanyň hakykatdan uzak däldigini görkezýär.
Oguz türkmenleriniň mesgeni Balasagun şäherinde doglan Ýusup
Balasagunynyň 1069-1070-nji ýyllarda ýazan “Kutadgu-bilik” (“bagt 
getirýän bilim”) diýen ajaýyp eserinde boz sözüniň “tire, urug” 
manysynda ulanylandygyny nazara alsak, bozajy diýen türkmen 
etnoniminiň hem VIII-X asyrlarda Yssykköl-Syrderýa etraplarynda 
ýaşan oguzlaryň arasynda dörändigini çak etmek mümkin.
BOZOK, BOZMELIK, BOZÝATAN
Gadymy “Oguznamalarda” we olara esaslanyp iş ýazan Mahmyt 
Kaşgary, Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salar Baba, Abylgazy ýaly orta asyr 
alymlarynyň eserlerinde bozok diýen etnonim oguz türkmenleriniň 12 
sany taýpasyny öz içine alýan uly etnik birleşmäniň umumy adydyr.
“Oguznamalarda” türkmenleriň uly atasy Oguz hanyň 6 ogly 
bolupdyr diýilýär. Ynha, olaryň atlary: Günhan, Aýhan, Ýyldyzhan,
Gökhan, Deňizhan, Daghan. Rowaýatlarda bu 6 ogluň hersinden 4 
ogul doglandygy , olaryň neberelerinden 24 türkmen taýpasynyň gelip 
çykandygy, olara-da şol 24 ogluň ( Oguz hanyň agtyklarynyň) adynyň 
dakylandygy barada gürrüň berilýär. Bozok birleşmesine Oguz hanyň 
ilkinji (uly) üç oglunyň nebereleri degişlidir. Reşideddinin “Jemi 
at-tawahir” (“ Taryh ýygyndysy”) diýen işinde olaryň atlary şeýle 


79
görkezilýär: Günhanyň ogullary (ýa-da şol ogullardan dörän türkmen 
taýpalary): Gaýy, Alkyrewli (Abylgazyda Alkaöýli), Baýat, Garaewli; 
Aýhanyň ogullary: Ýazyr, Dodurga, Düker, Ýasyr (Abylgazyda Baýarly); 
Ýyldyzhanyň ogullary:Awşar, Bekdili, Garyk (Abylgazyda Gyzyk), 
Garkyn. Jemi 12 ogul – 12 taýpa. 24 taýpanyň galan 12-si Oguz hanyň 
kiçi ogullaryna (üç ogluna) degişli bolup, olara 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish