80
diýen etnonimleriň hakyky manysy dogry düşündirip bilmeýär.
Reşideddin ýaly meşhur taryhçy alymyň baryp XIV asyrda bu atlaryň
manysyny rowaýatdan gözlemegi
bozok
we
üçok
etnonimleriniň juda
gadymydygyna, olaryň hakyky manylarynyň eýýäm XIV asyra çenli
ýitirilendigine güwä geçýär.
Eýsem,
bozok
diýen etnonimiň manysy näme?
Bozok, bozmelik
,
bozýatan
diýen atlaryň, şeýle-de öňde teswirlenen
bozajy
diýen urug
adynyň düzüminde şol bir söz –
boz
sözi gaýtalanýar. Bu ýagdaý
türkmen etnonimiýasynda
boz
sözüniň tötänleýin däl-de, diliň öz içki
kanunalaýyklygy esasynda ýüze çykandygyny, onuň manysynyň hem
bu atlaryň ählisinde birmeňzeşdigini görkezýär. Diýmek,
bozok
diýen
etnonimiň düzümindäki
boz
sözi “taýpa,” “tire” manysyndaly gadymy
türki
bod
sözüniň soňrakky fonetik öwüşginidir (
bu barada bozajy
etnonimine serediň). Bu adyň ikinji bölegi bolan ok sözi hem şol bir
manyny – “taýpa”, “tire” diýen manyny berýär. Ol ogul, oglan sözleriniň,
oguz,ok, okly, üçok
ýaly türkmen etnonimleriniň düzüminde hem duş
gelýär ( bu barada oguz etnoniminiň teswirinde giňden gürrüň bereris).
Näme üçin şol bir etnonimde “taýpa” manysyndaky iki söz
gaýtalanyp getirilýär? Muny düşündirmek gaty aňsat. Ynha, täze bir
etnik topar döreýär. Ol “taýpa” manysynda şol döwürde ýörgünli
ulanylýan jyns ady – adaty söz bilen atlandyrylmaga başlaýar. Dura-
bara jyns at has ada – taýpanyň şahsy etnik adyna öwrülýär. Wagt
geçýär. Käbir sözleriň ( biziň mysalymyzda boz sözüniň) könelişmegi
netijesinde, onuň bir wagtky asyl manysy unudylýar. Netijede, soňky
döwürde “taýpa” manysynda ulanylýan täze söz (ok sözi) onuň yzyna
goşulýar. Onomastikada bu hadysa sinonimik zynjyrlar hem diýilýär.
Esasy sözüň yzyna şol bir manydaky başga sözi beýleki şiweleriň ýa-da
dilleriň wekilleri hem goşup biler.
Bozok etnonimini düzýän iki sözüň iňňän gadymydygyny we
ol barada döredilen rowaýatlaryň hun-oguz gatnaşyklary döwründen
habar berýänligini nazara alyp, bozok we üçok diýen etnik birleşmeleriň
biziň eramyzdan öňki II-I asyrlarda (Oguz hanyň döwründe) dörän
bolmagynyň mümkindigini çaklamak bolar.
Indi bozmelik we bozýatan diýen etnonimleriň manysy barada gürrüň
edeliň. Salyrlaryň kiçiaga bölüminiň bir tiresiniň ady bolan bozmelik
etnoniminiň ikinji bölegini düzýän melik sözi tire ady hökmünde
81
ärsarylaryň gultak, alilileriň ýüzbaşy urugynda
we nohurlylarda hem
duş gelýär. Bu söz aslynda arap sözi bolup, ol “hökümdar”, “patyşa”,
“soltan” ýaly manylary aňladýar: bozmelik – “hökümdaryň taýpasy,
urugy”. Bu at arap basybalyjylaryndan (VII asyrdan) soň ýüze çykypdyr.
Saryklaryň alaşa urugynyň
bir tiresi bolan
Do'stlaringiz bilan baham: