Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


ýund ýyly diýip atlandyrypdyr. Ýund sözi “baýtal” manysynda  häzire çenli türk dilinde saklanyp galypdyr. Ähtimal, türkmen dilindäki  ýona



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet33/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

ýund ýyly
diýip atlandyrypdyr. Ýund sözi “baýtal” manysynda 
häzire çenli türk dilinde saklanyp galypdyr. Ähtimal, türkmen dilindäki 
ýona
we 
ýonaçy
sözleri hem şu söz bilen asyldaş bolsa gerek.
Diýmek, alaýontly—“ala atly” diýen manydadyr. Hytaýda Tan 
imperiýasy döwründe ýazylan senenamalarda we “Tun-dýan” diýen 
hytaý ensiklopediýasynda bu türki etnonim 
eloçji
(okalyşy 
alat
), 
alan, 
helan
görnüşlerde ýazylypdyr we “ala at” diýlip terjime edilipdir. 
Biziň eramyzyň başlaryndaky hytaý çeşmelerinde 
bo-ma
diýen türki 
etnonim agzalýar. Ol alat (ala at) diýen türki adyň hytaýça kalkasydyr. 
Şol çeşmelerde ýazylyşyna görä, alatlar baradaky ilkinji maglumatlar şu 
eranyň IV asyryna degişlidir. Şol döwürde alatlar Hytaýdaky Huanhe 
derýasynyň boýundaky Ordos düzlüginiň demirgazygynda ýaşapdyrlar. 
VII asyrda olaryň uly bölegi Altaý daglarynyň demirgazyk taraplaryna 


42
göçüpdirler. VIII asyrda bolsa olar uzak günbatarlara aralaşyp, ownuk 
böleklere bölünipdirler we beýleki türki taýpalaryň arasyna siňipdirler. 
Özbaşdak taýpalygyny ýitiren alatlaryň uly topary oguz türkmenleriniň 
(peçenegleriň), bulgarlaryň, gypjaklaryň arasynda eräp gidipdirler.
Irki orta asyrlarda alatlaryň bir topary alaýondly, alaýondlug diýlip 
atlandyrmaga başlaýar. Bu atlaryň ikisi-de şol bir manyny aňladýar. XI 
asyr alymy Mahmyt Kaşgarly 22 (hakykatda 24) türkmen taýpasynyň 
17-njisi hökmünde 
Ula-Ýondulug
diýen taýpanyň adyny ilkinji gezek 
tutýar. Ol bu taýpanyň tagmasynyň şekilini şeýle görkezýär:
Reşideddin (XIV asyr), türk alymy Ýazyjy-ogly (XV), Salar 
Baba Gulaly ogly (XVI), Abylgazy (XVII) ýaly alymlaryň işlerinde 
Alaýondly—adam ady, ýagny Oguz hanyň Daghan oglundan bolan 
agtygynyň ady hasaplanýar. Reşideddin, Salar Baba bu adyň manysyny 
“gowy mally”, “maly gurat”, Ýazyjy-ogly we Abylgazy bolsa “ala atly” 
diýip düşündirýärler. Garagalpak alymy, ýazyjy Daulen Aýtmuratow 
alaýuntly
etnoniminiň aslyny alaýunlog (ýagny ”alaýüňlek”) sözlerinden 
gözleýär we onuň “ala çokully”, “ala saçly” diýen manysynyň tarapyny 
tutýar. Onuň pikiriçe, bu at gadymy türkleriň kellesinde (depesinde) 
çokul, örülen saç goýmak däbi bilen baglanyşyklydyr.
Her niçik bolsa-da, biz bu etnonimiň “ala atly” manysynyň tarapyny 
tutýarys, çünki birinjiden, hytaý çeşmeleri, şeýle-de Ýazyjy-ogly we 
Abylgazy bu adyň hut şu manydadygyny nygtaýarlar. Ikinjiden, türki 
halklar, şol sanda türkmenler aty mukaddes mal hökmünde eý görüpdirler. 
Muny “Ertir turup, ataňy gör, ataňdan soň atyňy” diýen türkmen nakyly 
hem tassyklaýar. Geçmişiň uruş-dawalara baý eýýamynda atsyz ýaşamak 
mümkin hem däl ekeni. Ahal-teke bedewleri ýaly dünýä meşhur atlary 
ösdürip ýetişdiren ata-babalarymyz atyň gadyryny gowy bilipdirler, 
hatda ölen atyny edil adam jaýlan ýaly jaýlamak däbi hem muňa güwä 
geçýär. Diýmek, ala atlar türki halklaryň (türkmenleriň) belli bir topary 
üçin totem hökmünde hyzmat eden bolmagy mümkin. Bu toparyň şeýle 
atlary ösdürip ýetişdirmek arkaly şu ady alan bomagy-da ähtimaldyr. 
Biziň bu pikirimizi gökleňleriň, tekeleriň düzüminde ýaby, hojalarda 
baýtally, saryklarda alaşa, garaatly, ýapagy, ärsarylarda, esgilerde 
alataýly, taýlar, arabaçylarda aldory ýaly urug-tire atlarynyň saklanmagy 
hem tassyklaýar.
Häzir alat we alaýontly diýen etnonimler Türkmenistanda duş 


43
gelmeýän hem bolsalar, bu taýpanyň wekilleri Çärjew oblastynyň 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   29   30   31   32   33   34   35   36   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish