Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


HORASANLY Ärsary, sakar, salyr, saryk, nohurly we hoja taýpalarynyň  horasanly



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet207/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   203   204   205   206   207   208   209   210   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

HORASANLY
Ärsary, sakar, salyr, saryk, nohurly we hoja taýpalarynyň 
horasanly
diýen urug-tirelerine olaryň gadymy döwürde oturan ýurdunyň ady 
dakylypdyr. Türkmenistanda Köpetdagyň eteklerine we şu etrap bilen 
serhetleşýän Eýran welaýatlaryna geçmişde Horasan diýlipdir.
XIV asyr türkmen alymy Hafiz-i Abruwyň berýän maglumatyna 
görä, orta asyrlarda Nusaýyň ýakynynda Salyr atly obalar bar eken. 
Horasanly salyrlaryň şu ýerde ýaşap, şeýle etnik ada eýe bolandygyny 
Ata Jykyýew hem belläpdir.
HURDOÝMAK
Garadaşlylyaryň we şyhlaryň düzümindäki 
hurdoýmak
tireleriniň 
ady parslaryň “bölek, ownuk, kiçi” manysyndaky hord we mongol-
türki dillerdäki oýmak/aýmak (ýagny “taýpa”, “oba”. Serediň:Aýmak) 
sözlerinden emele gelip, “kiçi taýpa” diýen manyda ýüze çykypdyr. 
S.M. Demidow orta asyr türkmenleriniň gatyşan çarwa urug-tirelerine 
hutdoýmak diýip at berýändigini belleýär.
HYWALY, HYWAÇY
Mürçeli, nohurly, sakar we çowdur taýpalarynyň 
hywaly
, ýomut we 
düýeji taýpalarynyň hem 
hywaçy
urug-tireleriniň etnik ady “Hywadan 
çykan il” diýen manyny aňladýar. Etnonimiýada bu atlaryň yzyndaky –
ly 
we 
-çy
goşulmalary şol bir hyzmaty ýerine ýetirip, biri-biriniň ornuny 
çalşyp bilýär. Geçmişde Horezm ülkesine we Daşhowuz, Köneürgenç 
etraplaryna tutuşlygyna Hywa diýip at beripdirler.
HYDYRILI
XVI asyrda Uzboýuň orta akymynda alililer we düýejiler bilen 
birlikde taýpalar birleşigini emele getiren 
hydyrililer
hut soňky 
wagtlarda-da özbaşdak taýpalygyny saklapdyrlar. XVI asyrda Uzboýuň 
suwy kesilenden soň, onuň wekilleri dumly-duşa pytramaga mejbur 
bolupdyrlar. Şeýlelikde, olaryň bir bölegi Horezm etraplaryna, uly bölegi 


229
hem Çärjew töwereklerine (Sakara) göçüpdirler. Çärjew töweregine 
ýerleşmedik hydyrilileriň uly bölegi Buhara we Samarkanta gidipdir. 
Häzir Buhara welaýatynyň Alat, Garaköl raýonlarynda we Samarkant 
raýonynyň “Moskwa” kolhozynda şol hydyrililleiň uly toparlary 
ýaşaýarlar.
Uzboý hydyrilileriniň birt bölegi Maňgyşlagyň üsti bilen Stawropol 
ülkesine tarap süýşen bolsa gerek, çünki bu ýerdäki igdirleriň düzüminde 
hydyrili diýen tire bar. Hydyrili taýpasynyň adyny “Hydyryň ili” diýip 
düşündirmek, Hydyry bolsa taýpabaşynyň ady hasaplamak, göräýmäge, 
hakykatdan üzňe däl ýaly, çünki Abylgazy bu şahsy ýaşap geçen 
adam hökmünde suratlandyrýar. Onuň ýazmagyna görä, Ärsary baýyň 
Mamabike diýen gyzy dört ogly we iki gyzy bolan bir guluny azatlyga 
goýberýär. Ol Uzboýuň ugrundaky Kürtüşata etraplarynda orun tutýar. 
Özi we aýaly ölenden soň, onuň ogullary barha gurlanýarlar. Onuň 
Hydyr çora (jora) diýen ogly soňra hydyrilileriň, Aly-çora—alilileriň 
taýpabaşysy, Igbek diýen üçünji ogly uly baý, Kaşga diýen ogly hem 
sakarlaryň baýtutany bolýarlar.
Arheolog Hemra Ýusubow orta Uzboýdaky Kürtüşata mawzoleýini 
şol Hydyr-çoranyň jaýlanan ýeridir diýip çaklaýar.
Inkär edip bolmajak şeýle delilleriň bardygyna, Uzboýuň suwy 
kesilenden soň, Hydyrili taýpasynyň uly böleginiň Sakara—öz gadymy 
garyndaşlarynyň ýanyna göçüp baranlygyna seretmezden, biz hydyrili 
etnoniminiň ýüze çykyşy barada düýbünden başga hili bir çaklamany 
okyjylaaryň dykgatyna ýetirmekçi.
Malim bolşy ýaly, 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   203   204   205   206   207   208   209   210   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish