Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


BEGENJALY Balkan welaýatlaryndaky ýomutlaryň düzüminde  begenjalylar



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet62/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

BEGENJALY
Balkan welaýatlaryndaky ýomutlaryň düzüminde 
begenjalylar
diýen tire bar. Bu tire XVIII asyryň ortalarynda Begenjaly diýen 
serkerdäniň töweregine ýygnanan ilden döreýär. Bu topara ilki 
Begenjaly 
ili,
soňra hem diňe 
begenjaly
diýen at galýar.
Eýsem, uly tirä adyny geçiren Begenjaly kim? Ol XVIII asyryň 
ortalarynda Gürgen ýomutlaryna serkerdelik edýär, öz ýegeni,
gajarlaryň serkerdesi Muhammet Hasan han bilen birlikde Nedir şanyň 
Astrabatdaky we Mazanderandaky dikmeleriniň garşysyna gozgalaň 
turuzýar. Gozgalaň ýeňilýär. Begenjaly beg we Muhammet Hasan han 
6 müň goşuny bilen Hywa ýomutlarynyň içine baryp, 1744—1745-nji 
ýyllarda Nedir şanyň Hywadaky dikmesi 
Alyguly
hanyň garşysyna 
ýomutlaryň alyp baran göreşlerine ýolbaşçylyk edýärler. Nedir şanyň 
häkimiýeti dagandan soň, 1759-njy ýylda Begenjaly türkmenleriň Hywa 
hanynyň zulmuna garşy eden gozgalaňlaryna baştutanlyk edip, aldym-
berdimli söweşleriň ençemesine gatnaşypdyr.
Bu şahsyň ady diňe bir tirä däl, eýsem Şagadam we Daşhowuz
aralykdaky, Çagyl posýologynyň ýakynyndaky uly gyrlaryň birine-de 
dakylypdyr (Begenjalygyr).
BEKDILI, BEG
Beg, begler
diýen urug we tire atlary türkmen taýpalarynyň 
ählisinde diýen ýaly duş gelýär. Olar tirebaşynyň beg diýen tituly bilen 
baglanyşykly dörän atlardyr.
Häzir diňe gökleňleriň düzüminde tire ady hökmünde saklanan 
bekdili diýen söz orta asyr ogyz-türkmenleriniň 24 esasy taýpasynyň 
biriniň ady hökmünde ulanylypdyr. Mahmyt Kaşgary bu taýpany 7-nji,
Abylgazy bolsa 11-nji orunda goýýar. Seljuklaryň ýörişi döwründe 
bekdilileriň köpüsi Eýran, Türkiýe, Kawkaz, Yrak, Siriýa ýaly ýurtlara 
göçüpdirler.
Mahmyt Kaşgary, Reşideddin, Ýazyjy-ogly, Salyr baba, Abylgazy 
ýaly geçmiş alymlarynyň ählisiniň işlerinde bekdili taýpasynyň ady Oguz 
hanyň Ýyldyz han oglundan bolan üçünji agtygynyň ady hasaplanýar 
we bu söze dürli-dürlüçe düşündiriliş berilýär: “ýaşulularyň sözi ýaly 


71
hormatly” (Reşideddin); “garrylaryň sözüne kybapdaş mylaýym dilli” 
(Salyr baba); “sözi hormatly” we “döwletli” (Abylgazy); “begleriň sözi 
hormatly” (Ýazyjy-ogly). Edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň 
pikiriçe, bu adyň asly “bek dilli”, ýagny “syr saklaýan”.
Her niçik bolsa-da, biz bu taýpanyň adynyň baryp XI asyrda
(Mahmydyň sözlüginde) 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   58   59   60   61   62   63   64   65   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish