143
mesegn tutýarlar.
1550-nji ýylda ýazylan çeşmelerde düýejileriň sany 5—6 müň
öýli (25—30 müň adam) diýlip görkezilýär.
Hatda XVII asyrda-da
bular ekerençylyk bilen meşgul bolupdyrlar (salgyda mal däl-de, däne
töläpdirler). Şol asyrda düýejiler alililer we hydyrililer bilen birlikde üçil
diýen taýpalar toparyny emele getiripdirler.
Göräýmäge, düýejileriň döreýşi barada Abylgazynyň berýän
maglumatlary juda ynandyryjydyr. Ol taryhy şahslar we seneler
bilen hem baglanyşýar. Ýöne iňkise goýýan zatlar bar. Birinjiden, öň
belleýşimiz ýaly, düýejiler Kakazda we Kiçi Aziýa ýurtlarynda-da duş
gelýärler. Bu ýurtlara türkmen köpçülikleýin XI asyrda, seljuklaryň ýörişi
döwründe barypdyrlar. Bu sene (XI asyr) düýejileriň dörän wagtyna
(XIV asyra) şübhe döredýär. Ikinjiden, gadymy türki dillerde meselem,
çagataý dilinde düýeji (deweçi sözi) “düýe çopany”, “düýeli gezýän”
manylaryndan başga-da, “esger ýygnaýan we olaryň hal-ýagdaýyny
barlaýan gözegçi”, “harby ispektor” diýen manyny aňladypdyr. Hatda
türki hanlyklarda, meselem, Temirleňiň döwletinde deweçi diýen wezipe
bolup, ol wezipedäkiler gurultaý geçirmek, goşuny ýörişe taýýarlamak
ýaly möhüm işleri ýerine ýetiripdirler, özleri-de hökümdardan beýlekilere
tabyn bolmadyrlar. Şonuň üçin düýejileriň, edil Farapdaky bitikçiler
ýaly, şeýle wezipäni eýelän adamyň nebereleri, raýatlary hökmünde XVI
asyrdan has öň, ýöne XI asyrdan soň ýüze çykan bolmaklary ähtimal. XI
asyrdan soň diýmegimiziň öz sebäbi bar: Mahmyt Kagarynyň XI asyrda
ýazan “Türki sözleriň diwany” diýen meşhur işinde türkmenleriň 24
taýpasynyň we ençeme uruglarynyň ady sanalýar, ýöne düýeji diýen ada
duş gelinmeýär. Diýmek, şol döwürde düýejiler taýpa hökmünde kemala
gelen däl bolsalar gerek.
Näme üçin düýejiler giň territoriýada bölek-bölek,
biri-birinden
üzňe obalarda ýerleşdilerkä? Bäherden raýonynyň Hankäriz obasynda
ýaşaýan düýeji ýaşulusy Anna Ata oglundan eşiden rowaýatymyzda bu
barada şeýle diýilýär: Ýagyçylyk döwründe bir oba ýagy çozýar. Bütin
il gyrylýar, oba talanýar. Diňe bir oglan düýäniň howdunyň aşagynda
guzlenýär we aman galýar. Oňa düýeji diýip at berýärler. Ondan 7 ogul
dünýä inýär. Bu ogullar gaty bet bolany üçin, biri-birleri bilen oňuşman,
betdoga galýar we hersi bir yklymda ýurt tutunýar.
Rowaýat rowaýat bolýar. Ol bu taýpanyň
daganyklygyny dogry
144
düşündirip bilmeýär. Taýpanyň dumly-duşa dargamagynyň sebäbini
giçki orta asyrlarda ýurtda bolup geçen taryhy syýasy, ykdysady
ýagdaýlardan, türkmenleriň çar tarapdan gysaja salan feodal hanlyklaryň
“bölüşdir-de, höküm sür” diýen kolonial syýasatyndan gözlemek dogry
bolar. Hywa hanlary,
Buhara emirleri, şeýle-de Eýran şalary boýun
egmezek, uruşgan türkmen taýpalarynyň bir ýerde jemlenip, top bolup
oturmagyndan heder edip, olary bölüşdirmegiň, agyzny alartmagyň
ýoluny gözläpdirler. Şeýle syýasat netijesinde çandyrlaryň dürli
tirelerine öz esasy mekanlaryndan has uzaklarda ýerleşen ülkelerden
mülk ýer sowgat berip ýa-da olary zor bilen göçüripdirler, şeýlelikde,
biri-birlerinden ýüzlerçe kilometr uzaklykda çandyr obalary emel
eglipdir. Boýun egmezek düýejiler babatda-da şeýle syýasat ýöredilipdir.
Diýmek, düýejileriň pytradylmagyna dürli hanlyklaryň, emirleriň we
şalaryň kolonial diplomatiýasy sebäp bolupdyr.
Düýejiler barada munça gürrüň edenimize görä, bu taýpadan
çykan görnükli adamlar hakynda-da kelam-agyz ýatlamagymyz gerek.
Magtymgulynyň eserlerini Buharada daş basmausulynda çap edenleriň
biri Gurbanberdi Gürgeni diýen magaryfçy düýejilerden ekeni. Özbek
edebiýatçy alymy Kabyljan Tahyrowyň we türkmen alymy, asly
düýejilerden bolan Aşyrpur Meredowyň tassyklamaklaryna görä, 325
ýyllyk ýubileýi bellenjek ajaýyp şahrymyz, ençeme dessanlaryň we
liriki goşgularyň awtory Nurmuhammet Andalyp, sowet döwrüniň
ýayjy-şahyrlary Anna Kowusow, Şäher Borjakow dagy hem düýeji iliniň
wekilleridir.
Do'stlaringiz bilan baham: