Agza aňkarmak — Kişi maslahatyna gulak gabartmak; biriniň pikirine eýermek.— Garrylaryň agzyna aňkarylmazlar-da, öz etjegiňi edibirler (A. Gowşudow). Öz ýanyndan ol adam hem Hoşgeldini “sary agyz”, göreniň agzyna aňkaryp ýören hasaplady



Download 69,45 Kb.
bet17/33
Sana31.12.2021
Hajmi69,45 Kb.
#206923
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   33
Bog'liq
Suray

Gabak galdyrmazlyk — 1. Üns bermezlik, jogap bermezlik, geplemezlik. Uzuk oňa jogabam bermedi, gabagynam galdyrmady (H. Derýaýew). Emma Hangeldi olara gabagyny galdyrman, piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypalady (B. Kerbabaýew). 2. Hyrydarlyk bilen seretmezlik, garamazlyk, göz gyzdyrmazlyk. Annalynyň gyzyna... gabagyňy galdyryp serediji bolaýma! (N. Saryhanow). Sen meniň şu çaka çenli kişi maşgalasyna gabak galdyranymy gördüňmi? (Ö. Abdyllaýew).

Gamak ýaly— 1. Çalasyn, ýeňil (zat, adam barada). Çopan gamak ýaly ýeňil gopdy. Indi ol bäşatary üç-dört aý bäri elden düşürmän, ony gamak ýaly oýnaýardy («Sowet edebiýaty»). 2. Ärän arryk, hor. Ol baýyň-da on ýaşly bir ogly bar eken, ol ýaş oglanyň reňki saralyp, gamak ýaly bolup galan eken («Türkmen halk ertekileri»),

Ganat germek— 1. Eziz görmek, kökenek bolmak; gujak açmak. Men munuň üstüne ganat gersem, bu meniň ýüregime neşter dürtýä (B. Kerbabaýew). Kümüş reňk salkyn säherler, Gelýär bize ganat gerip (R. Seýidow). 2. Erkana ýaýnamak, gerim almak, ösmek. Göwün

ýüwürtmegi başarmaýan adam öz ganatyny oňly gerip bilmez (B. Kerbabaýew). 3. Abanmak, howp salmak. Emma ölüm gorkusy ganat gerip, öz depesinden inende ynsanlarda neneňsi gorkynyň döräp biljekdigine düşündi (H. Derýaýew).



Gara güýç — 1. Fiziki zähmet, el güýji. ...Buraw işini, esasan, maşyn alyp barsa-da, onuň şindi gara güýç talap edýän ýeri kändi (B. Kerbabaýew). Şeýle-de bolsa, bu baglaryň ugrunda gara güýjüni gaýgyrman, zähmet derini saçýardy (A. Gurbanow). 2. Tebigy howp, betbagtçylyk. Ynha, şol maksat bilen Torly dyngysyz hereket edýärdi, deňsiz gara güýjüň garşy-syna aýgytly göreş alyp barýardy (H. Derýaýew). Bilmedim ilimde barmydy öji. Garry tebigatyň bu gara güýji (A. Kekilow).

Garasy ýitmek—1. Gözýetimden saýlanmak, görünmez bolmak. Obanyň garasy ýitýänçä Durup-durup garady (A. Alamyşow). Şageldiniň garasy ýiten dessine çopan janlandy. («Sowet edebiýaty»). 2. Gelip-gidip durmazlyk, gara bermezlik.

Gaýa ýaly—1. Belent, beýik, äpet, uly. Belent raýyşlar dag gaýalary ýaly üstüňe abanyp durdy (B. Seýtäkow). Amyderýanyň boýunda edil gaýa ýaly güberip duran ullakan bir gala bar (N. Jumaýew). 2. Batyr, edermen, ýanbermez, kuwwatly. Çünki gaýa ýaly Sowet Goşuny Saklap dur bu ýurduň degre-daşyny (A. Haýydow). Duranda gaýa dek durup merdana, Alar ýerden at salyşy gerekdir («Türkmen poýeziýasynyň antologiýasy»).

Gep gözlemek—1. Gybat eder ýaly gepiň ugruna çykmak; 2. Şer aramak, yrsaramak «...Bahary azdyrýan hem şularyň biridir, indi hem gep gözläp gelendirler» diýip pikirlendi... (A. Gowşudow). Aýal baý durmuşdan täze güýç alyp, Gep gözlärdi öýden-öýe aýlanyp (B. Seýtäkow).


Download 69,45 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   33




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish