1. Şüküriniň ömür ýoly Şahyryň söýgi lirikasynyň ideýa-tematikasy hakynda Şüküriniň döredijilik älemi



Download 24,09 Kb.
bet1/2
Sana06.07.2022
Hajmi24,09 Kb.
#752144
TuriReferat
  1   2
Bog'liq
Şüküriniň ömri we döredijiligi


Tema: Şüküriniň ömri we döredijiligi
Meýilnama:
Giriş
1. Şüküriniň ömür ýoly
2. Şahyryň söýgi lirikasynyň ideýa-tematikasy hakynda
3. Şüküriniň döredijilik älemi
XIX-asyr türkmen klassyky edebiýatynyň ösüş aýratynlygy kesgitleýän faktlaryň biri-de bu döwür şahyrlarynyň agzybirlik ,dostluk , doganlyk ideýasyny goldamagyň ähmiýetine çuňňur düşünip şol ugurda olaryň hut özleriniň şahsy görelde görkezmäge çalyşypdyrlar. Biz şu referat işimizde türkmen klassyky edebiýatynyň taryhynda özüniň ýiti sufistik, söýgi liriki , eserleri bilen görnükli orna eýe bolan şahyrlaryň biri Abdyşükür Şüküriniň ömür ýoly, döredijilik älemi we goşgularyny öwrenmäge hereket etdik. Şahyryň söýgi lirikasyna umumylykda garasaň onda söýgi meselesiniň degişli eserlerini miras galdyrypdyr. XIX asyr türkmen klassyky edebiýatynyň iri wekilleriniň biri liriki şahyrdyr. Ol şygyrlarynyň mazmunly sufistik , söýgi liriki goşgylaryny we horluga ýalançylyga garşy eserlerini özünden soňky nesillere miras gadyrypdyr.
XIX asyrda döredilen liriki şygyrlaryň bu ugurda zähmetkeş halkyň jümmişinden dörän ussat ýazyjylar şahyrlar uly hyzmat görkezipdirler. Şonuň üçin öz wagtynda halk tarapyndan hormatlanan halkyň söýgisini gazanan sufistik şahyrlaryň atlary biziň günlerimize çenli ýetip gelip , häzir hem biziň dilimizden , aňymyzdan, ýüregimizden hiç haçan öçmeýär.
Şüküriniň ömür ýoly
Abdyşükür Şüküri Alat türkmenlerinden bolup XVIII-asyr ahyrlarynda Ferganada dünýä inipdir. Şahyryň maşgalasynyň Alatdan Fergana haçan barandygy hakda maglumat ýok.Ýöne onuň atasynyň Buhara emirliginde ýokary döwlet wezipesini eýelendigini nazarda tutsaň olaryň gullugy bilen baglanyşykly Fergana barandyklaryny çaklamak mümkin. Şahyryň ata-babalary guşbegi, atalyk, wezipelerinde işlepdirler. Bu titullar emirligiň iň ýokary derejeli wezipeleri hasaplanypdyr diýmek şu maglumatlar Şüküriniň barly maşgalada önüp-ösendigini hem aýdyňlaşdyrýar. Bu maglumatlary şahyryň “Şikaýat kylaý” atly poemasy hem-de emir Nasrulla sowgat beren diwany arkaly bilmek bolýar. Şahyr “Şikaýat kylaý” eserinde özi , ýaşan ýeri we ata-babasy barada şeýle ýazýar:
Mülki Fergana mesgenim erdi
Mesgeni-asaýyş tenim erdi
Nesebim türkmen serefrazy
Serferazlar arasynda kazy
Bu pakyry-muhakkary –dilriş
Ibni Artyk beg şejagatkiş
Ibini Serheň serweri-serdar
Mal tapar guşbegi nik sier
Ibni-Gurban atalyk pur dil
Ähli nusrat arasynda kämil
Ibni-Babaş atalyk hudkam
Ruzy-meýdan gylyjy bark uram
Mysalda görünişi ýaly şahyryň doly ady Abdyşükür ibni Artyk ibni Serheň ibni Gurban ibni Babaşdyr.
“Şikaýat kylaý” atly bu awtobiografik eser şahyryň bütün durmuş ýoluny gysgaça beýan edýän poemadyr. Ol şahyryň ömründe şahsy durmuşynda, gulluk wezipesinde bolan düýipli öwrülişikleri yzygiderli beýan edýär.
Şahyryň durmuşy hakykatdan hem çylşyrymly agyr sosial hadysalaryň içinde geçipdir. Onuň gelip çykyşy ýokary gatlakdan bolsa-da durmyşyň hiç bir hili lezzetlerinden peýdalanmandyr. Şonuň üçin hem bu poemanyň şikaýat bilen başlanmagy umuman zeýrenç motiwinde ýazylmagy tötänden däldir. Ol durmuşyň agyrlaşan döwrüniň hupbatly ýagdaýyny has janly , täsirli ynandyryjy görkezmek üçin poetiki ýatlama şeklinde ýaşlyk döwrüniň şadyýan, şowhunly . gaýgy-gussasyz, hemme taraplaýyn üpjün ýagdaýyna ýüzlenýär. Bu bolsa şahyryň ömründäki iki döwri duýarlykly şekilde göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Üküriniň doglan ýylyny häzirlikçe takyk aýtmak mümkin däl. Çünki şahyr bitewi diwanyny hem-de awtobiografik maglumarlary miras galdyran-da bolsa bu meselä aýratyn üns bermändir. Şahyryň döwründe döredilen edebi täzeliklerde-de ol barada takyk sene görkezilen ýazgylar ýok. Şu sebäpli Şüküriniň ýaşan döwrüni , ilkinji nowbatda onuň eserlerinde janlandyrylan taryhy wakalara taryhy şahslaryň edebi obrazyna esaslanyp, takmynan netije gelmek mümkin . Şahyryň sene görkezýän ilkinji şygry “Şerigat” atly mesnewisidir. Bu eserde şahyr özüne derwüşlik ylhamynyň berlişi hem-de belli şyh Muhammet Husaýyn Ýanňygorgana gol berişi hakda gürrüň berýär. Poema tekstologik taýdan defektli bolandygy üçin onuň mazmununu doly ýüze çykaryp bolmaýar. Şeýlelik-de bolsa, şahyryň ýokary şyha gol berendigi hem-de bu ýagaýyň 1230-njy ýyllarda bolandygy takyk sene bilen aşakdaky ýaly berilýär:
Ol wagt ki wakyg oldy bu söz
Taryh idi müh iki ýüz otuz.
Şu şygyryň mazmuny sufistik düzgüniň bir pursadyny müridiň pire gol bermek ýagdaýyny beýan edýär.
Şüküriniň aradan çykan wagtyny hem şu usulda, takmynan anyklamak mümkin. Şahyr döwürdeş taryhy şahslarynyň ölümine beýik ymaratlaryň gyrlyşygyna bagyşlanan onlarça taryhy şygyrlaryny döredipdir. Nyýazguly halypanyň mugallymy Samarkantda şöhrat gazanan Musahan Dähbidiniň ölümine bagyşlanan “Wepady-Bähbidi” atly şygyry ,Emir-Kemiriň ymaratynyň gurlyşyna bagyşlanan “Taryh sagaty-aly” atly şygryny şeýle eserleriň hataryna goşmak bolýar. Olaryň birinjisi 1245-(1838)-nji ýylda döredilip ikinjisi 1253(1838)-nji ýylda ýazylypdyr. Onuň iň soňky sene görkezýän şygry 1256- (1841)-nji ýyla degişli bolup, Halypa Şerif Samarkandynyň ölümine bagyşlanypdyr. Şeýlelikde , şahyryň aradan çykan döwri takmynan, XIX-asyryň 40-njy ýyllaryndan soňra düşýär. Ençeme wagt geçenden soň Emir Nasrulla öz köşgünde dürli hünerdeki ussalary saklapdyr. Ol bu hünärmenleri gul hökmünde işledip, owadan saraýlar, köşkler gurdyrypdyr. Şüküri hem şeýle ussalaryň biri bolupdyr. Şeýle agyr durmuşy hala düşen Şüküri galan ömrüni Buharada geçiripdir. Bu ýagdaý şahyryň bütün döredijiligine düýpli täsir edipdir. Alymlar bilen bir gezek duşuşykda Käbe zyýarata gidýär. Şüküriniň bu syýahata ugramagy ony gaýdyp Fergana dolanmakdan mahrum sdýär. Çünki bize mälim bolmadyk sebäplere görä, syýahatçylara Samarkantdan aňryk ýollaryny dowam etdirmek miýesser bolmaýar. Şonuň bilen Şüküri watanyndan baky aýralyga düşýär.

Şahyryň söýgi lirikasynyň ideýa temetikasy hakynda


Abdyşüküriň bilimi hakda dokumental maglumatlar bolmasa-da, Gündogar lirikasynyň çylşyrymly däplerini özleşdirendigi we şygyr sungatynyň dürli formalarynda eser döredenligi onuň sowatlylygy hakdaky meseleni doly çözýär. Şahyr şygyr sungatyny normal özleşdiren awtor bolman , eýsem onuň hyzmatyna , mazmunyna doly düşünen şahyrdyr. Şonuň üçinem Şüküri intelektual lirikanyň wekili bolup, şu poeziýanyň talabyna laýyk durmuşy sowatly duýmagy , özleşdirmägi, janlandyrmagy başaran şahyrdyr.
Şüküriniň söýgi lirikasyna umumylykda garasaň onda söýgi meseleleriniň özboluşly liriki sýužet , obrazlar arkaly teswirlenendigini görmek bolýar.
Çu bildim ýok erken sebaty jahan
Pişeýmanlyk erken, köňül baglagan
Bu şygyrdan görünişi ýaly , Şüküri söýgülisi bilen durmuş gurp bilmändir. Bu bolsa şahyryň söýgi temasynda ýazan goşgularyna uly täsir ýetiripdir. Onuň liriki gahrymany aşyk mydama aýralyk azaplaryny çekýär, söýgülisi magşuk bolsöplenç halatlarda , elýetmez uzaklykda ýaşaýar. Şüküriniň yşk baradaky garaýyşy gapma-garşy ýagdaýlara formirlenipdir. Umuman bu duýgy ynsan söýgüsiniň haýyryna çözülipdir. Hatda käbir pursatda şahyr hudaýa , jennet

gözellerine we ş.m bolan söýgini inkär edipdir. Şahyr bulara bolan gaýybana we umytsyz söýgüden real söýgüni ynsanyň ynsana bolan


söýgüsini öňde goýupdyr. Onuň liriki gahrymanyny dünýä lezzetini tapsa , ýaryna gowuşyp bilse jennet sapasyndan hüýr perilerden ýüz öwürmäge taýýar.
Didar talap kyl jennetni Şüküri
Çyn aşyk imes rizwanga märäç
Şahyryň liriki gahrymany bolan aşyk dürli ýagdaýlarda dürli meseleler barada çykyş edip, monologlar iç gepletmeler arkaly öz obrazyny ýüze çykarýar. Şahyr şu obraz arkaly söýgüniň umumy meselelerini we onuň päk duýgylaryny , onda mähirlilik , päklik, wepalyluk ýaly adamkärçilikli sypatlarynyň zerurdygyny wasp edýär. Şükzri aşygyň obrazyny , we onuň içgi duýgysyny çekýän azaplaryny we şeýle hem ýaşan döwrüniň sosial gurlyşynyň päk söýgüni inkär edýändigini ussatlarça görkezmegi başarypdyr.
Şüküriniň liriki gahrymany söýgi meselesine adamyň duýgysy, wyždany, namysy-ary hökmünde garaýar. Şonuň üçinem ol söýgä baş goşan adam päk ýürtekli sap wyždanly bolmalydyr diýen pikirde saklanýar. Şahyr söýgä yşkbazlyk , keýpi-sapa hökmünde garaýan gar ýürek adamlary ýazgarýar, şeýle ahlaksyzlyk bilen söýgüni galplaşdyrýan şahslara gahar gazap bilen yüzlenýär.
Üküri söügüniň syrlaryna düşünmek üçin onuň azaplaryny başdan geçirmek gerekdir diýip ýazýar:
Yşk derdiniň tebib ähli dowasyn nä biler
Ol kişi bilgeý eger, derdi bu bimar kibi.
Naks ähli ýüwürip dost mysalyn tapmaz
Yşky kämilge erur ýar ili älem mamlu

Şüküri aýal-gyzlar hakda gürrüň edende diňe bir aşygyň ýoldaşy , dosty hökmünde däl eýsem oöa zerur bolan maslahatçy , aýrylmaz jübt-taý hökmünde suratlandyrýar.


Şol sebäpli şahyr aşygyň we magşugyň bir-birine gowuşmak üçin dürli azaplara döz gelmelidigini, olaryň özara mähirli we wepaly bolmalydygyny nygtaýar. Ol hakyky söýgüniň kuwwatyny berkligini diňe şeýle gylyk-häsiüetde we erjellikde görýär:
Ger dilersen ýardan mähri-wepany subha-şam
Etme andan özgäni pikri hyýalyn arzuw.
Şüküriniň liriki gahrymany öz makasady
Şüküriniň liriki gagahrymanyny öz maksadyna ýetmek üçin gaýduwsyz hereket edýär. Ol öz ýary bilen erkana durmuş gurmak üçin her hili kynçylyklara döz getirmäge kaýyl. Liriki gahryman durmuşyň agyr sütemlerini-de söýgüli ýaryň ezýetlerini-de çydamlyk bilen başdan geçirýär. Şahyr liriki gahrymanyň çydamlygyny , gaýduwsyzlygyny subut etmek we has ynandyryjy görkezmek üçin magşugyň häsiýetlerini oňa gapma-garşy goýar. Onuň gazallarynda aşyk nähili derejede wepaly we yhlasly bolsa, magşuk şol derejede biwepa we biyhlas edilip görkezilýär. Aşyk magşuk üçin gam çekip agyr horluk görýän bolsa onuň terisine söýgülisi hiç zatdan bihabar, keýpi-sapa çekýän soltana meňzedilýär.
Ýagýar ile çyn tarap eýledi binýad
Hetden aşadyr nalaýu efgan Şüküri...

Köňülge tygy-hijran ile zulm bişimar eýler


Ajap soltan erýer, mülki weýran oldugyn bilmez

Bu mysallardaky ahy-nala Şükrä onuň liriki gahrymnuna mahsus bolan nalalar däldir. Ol feodolizm jemgyýetinde zulum horluk esasynda biri birinden aýra salynan aşykdyr magşugyň “yşk ähliniň” ajy nalasydyr. Lirki gahryman diňe bir özüniň däl eýsem umutly arzuwy, päk söýgüsi bolan her bir adamyň döwrüň “garşylyk belasyndan”halas bolup açyk aýdýar. Elbete bu faktlar Şükrüniň liriki şygyrlaryna onuň sosial garaýyşlarynyň hem ornaşandygyny aňladýan delillerdir. Şüküriniň gahrymanyna maksada ýetmekde päsgel berýän şahslr , rakyplar we agýarlardyr. Şahyr näçe ejir çekse-de, göreşse-de, zulum ediji rakyplardan agýarlardan ejiz gelýär. Dünýäniň ähli lezzetleri, hatda söýgi lezzetleri-de şolaryň elinde:”


Eý Şüküri , akybet bu harlyk öltürgisi
Hijir ile sen zary-nehoş, wasl ile agýar hoş
Şüküri ýaşan döwrüniň gapma-garşylykly häsiýetini açyk duyan şahyrdyr. Bu meseläni beýan etmekde onuň “Ger gapak içre salyban kimsäni” setirleri bilen başlanýan mesnewisi aýratyn ähmiýete eýedir. Şygyrda barlyşyksyz synplaryň özara gatnaşygy yzarlanýar. Şüküri dünýäni aýlanyp durýan gapaga meňzwdýär we onuň üstünde rahat durup bolarmy diýen soragy berýär. Şahyryň aýdyşyça gapak üstünde durmak üçin onuň özi ýaly egri bolmak we hereket edýän ugruna ugurdaş egrelmek gerekdir:

Kim ki pelek içre kylar rastlyk


Boldy pelek kulpetige hastlyk

Şüküri şygryň ahyrynda dünýä baradaky umumy garaýyşlaryny öz döwrüniň sosial-durmyşy şertlerine syrykdyrýar. Şahyr ýokary gatlak wekili hökmünde öz döwrüniň , baý söwdagärlerini görkezýär. Bu pikirlerden şa wezirleriniň ahlaksyzlgy , durnuksyzlygy , hanyň islegiçe hereket edýändikleri hem aýdyňlaşýar.



Şüküriniň döredijiliginiň öwrenilişi
Şüküri öz pikirleriniň örän ýöntemdigine durmuşda adalatly patyşa duş gelip bolmaýandygyna düşünip ugraýar. Başda Şüküriniň Emir4 Nasrulla ideal şa hökmünde garandygyna”Kasydaýy-bahar”, “Geldi”atly eserleri hem şaýatlyk edýär. Birinji goşgunyň döremegine şahyryň jaý-öý meselesinde kynçylyk çekmegi sebäp bolpdyr. Eserde şahyr ýylyň iň gözel pasly bolan baharyň tebigy häsiýetlerini halkyň durmuşy bilen baglanyşdyrýar. Ol baharyň gelmegggiii bilen gyşda ejir çeken ösümlikleriň üstünden “jebir –sütemiň” aýrylyşy barada gürrüň açyp, olara halkyň we özüniň ruhy azaplaryny gapma-garşy goýýar. Şahyr bahar gelse-de , halkyň durmuşyna täsir etmeýändiginden , dyrmuşynyň elmydama gyş pasly ýaly ejirliginden zeýrenýär. Şol sebapli Şüküri öz döwrüniň zamanasynyň “baharyna”- emire ýüzlenip öz üstündenejirli gyşy aýyrmagyny soraýar. Şeýle obrazly pikirleniş zerarly şahyryň eserlerinde häkim toparlaryň hakyky keşbi janlanýar. Şüküri elmydama şeýle inçelizime ýykgyn etmeýär. Onuň sosial süteme deňsizlige bolan ýigrenji pikire gaharly äheň berýär. Meselem onuň şa hakdaky duýgusynyň jemini jemleýän “Kärdäny” atly gazalynda başky şygyrlardaky ýaly çekinç hormat duýgulary asla ýok. Bu ýerde şahyr emir şa diýen adamlara ýalňyş düşünendigini ökünç bilen ýatlaýar. Durmuşda adalatly rehimdar patşanyň ýokdygyny aýdyp , Buhara emirinden hiç hili kömek görmändigini ýazýar :
Ez şah lutfi-mihribany
Nedide bigadar kardany
Ber hyzmat hysrawy-zeberdest
Ynha höwes mekun, aýp est
Şeýlelikde, Şüküride ideal patyşa hakdaky arzuwlar duýgular ýitýär.
Türkmen klassyk edebiýatyýyň görnükli wekilleri bolan Magtymgulynyň , Şeýdaýynyň , Gaýybynyň, Zeliliniň , Misgingylyjyň we beýlekileriň din hadymlaryna bagyölap ýazan esrlerinden işan- sopylara ýüklenýän esasy aýyp olaryň açgözlüligidir, dini kadalara bükülip edýän pyssy-pyjurlyklarydyr. Şükrüniň “Kylma şyh” gazalynyň hem esasy temasy şu meseledir. Bu ýerde şahyr özüni şyh atlandyrýan ruhanynyň din bilen baglanyşykly zatlary namazy tesbini perde hökmünde peýdalanyp, her hili işleri edýändigini çekinmän aýdýar. Şahyr tesbi, nazmazlyk ýaly zatlary şyhyň sowatsyz adamlary ele düşürmek üçin duzak hökmünde peýdalanýandygyny gazaply sözler bilen paş edýär:
Damy-tezwir eýleban bile subhany
Saýd ederge bir niçe ilbany peýda kylma şyh.
Şüküriniň sosial satirasynyň içinde şohratparazlylyga meýiledýän meýil edýän , garamaýak halkyň der saçyp gazanan zähmetini ogurlaýan gylykly adamlaryň tankydy-da öz ornuny tapypdyr. Bu meselede şahyryň “Ogrusy”atly gazaly aýratyn ähmiýete eýedir. Bu şygyryň mahsady söz ugrylaryny, kişiniň şygryny öz adyna geçirmek bilen şohrata eýe bolmak isleýän şohratparazlary il arasynda masgara etmekdir. Şonuň bilen birlikde şygryň käbir setirlerinde Buharanyň mugt eklenje kowalaşýan adamlardan doludygyny aňladýan pikirlere-de duş gelmek bolýar. Şahyr altyn-kümüş ogrulygynyň bolmagyny aýyp hadysa hem hasaplamaýar. Ony günde günaşa bolup duran waka hökmünde suratlandyrýar. Şonuň üçinem ol şeýle adamlara garşy satiranyň iň ötgür , paş ediji formasyny ulanýar:

Bar idi simu-zer dürli-şahwar ogrusy,


Ýok idi emma jahan mölkide eşgar ogrusy.

Ger ogurlap halky-älemden niçe pinhan eder,


Buýyny pinhan etelmes müşki tatar ogrusy
Bir kişi goluny öz golum diýmeklik kezzaplyk
Eý Şüküri, çyn Husaýyny bolma giftar ogrusy.

Şu çaka çenli durmuş ýolu ýeterlik öwrenilmedik Abdyşükür Şükrüniň döredijilik portreti, esasan ýokardaky ýalydyr. Görnüşi ýaly şahyryň döredijiliginiň agramly bölegini söýgi lirikasy tutupdyr. Şeýle-de bolsa , ol öz ýaşan döwründe dowam eden adalatsyzlygy , zorlukdyr sütemi saýgarmagy-da , olary paş etmegide başaran şahyr bolupdyr. Şonuň üçinem Şüküriniň döredijiligi XIX-asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda görnükli orun tutmaga mynasypdyr.



Download 24,09 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish