Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet5/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

____________________________


13
etnonimlerini biz dörän wagty taýdan 2-nji gatlagy emele getirýän atlar 
hasaplaýarys, çünki olaryň dörän wagty ol awtorlaryň ýaşan döwründen 
has ozaldyr.
Türki (türkmen) etnonimiýasynyň döreýşindäki 5-nji, iň ahyrky 
gatlak XV—XIX asyrlarda ýüze çykan köp sanly türki taýpa-tire atlaryny 
öz içine alýar. Bu atlaryň aglabasy türki sözlerden emele gelip, olaryň 
ençemesiniň dörän döwrüne we ýüze çykan ýerine degişli dokumental 
maglumatlary hem tapmak bolýar.
Şu ýerde türkmen etnonimleriniň ýüze çykyşyndaky we aňladýan 
manylaryndaky käbir aýratynlyklar barada-da kelam-agyz gürrüň 
bermegimiz gerek.
Bu kitapdaky oçerkleri okap çykan okyjylaryň ençemesi etnonimleriň 
asyl köküniň “taýpa”, “urug”, “garym-gatym il” manysyndaky adaty 
sözlerden (jyns atlardan) emele gelendigine gözi ýetse gerek. Muny geň 
görüp otursa zat ýok: 
doýç
(nemesleriň özleri üçin kabul eden ady), 
udmurt, nenes, niwh
(birmada halk), 
inuit
(eskimoslaryň özlerine 
dakan ady), 
mari
(Mary respublikasynda ýaşaýan halkyň ady) ýaly 
ençeme etnonimler hem “adam”, “adamlar topary”, “il” ýaly manyda 
ýüze çykypdyrlar. Bu bolsa taýpa-uruglaryň ilki dörän we sanynyň hem 
entek az bolan eýýamynda, olary şol topary aňladýan adaty sözler bilen 
atlandyrmagyň ýeterlik bolandygyny görkezýär. Bu ýagdaý etnonimleriň 
ýaňy döräp başlan döwürlerine mahsus bolupdyr.
Döreýiş sebäpleri, gurluşlary we aňladýan manylary babatda 
türkmen etnonimleri beýleki türki halklaryň tire-taýpa atlaryndan onçakly 
tapawutlanmaýarlar. Bu ýagdaý türki halklaryň geçmişde gan garyndaş 
bolanlygyndan, olaryň maddy we ruhy medeniýetiniň (şol sanda, 
etnonimleriniň) hem bir kökden döränliginden, umumylygyndan gelip 
çykýar. Muňa şol bir etnik adyň ençeme türki halklaryň etnonimiýasynda 
gaýtalanýandygy hem güwa geçýär.
Biz türkmen tire-taýpa atlaryny ençeme türki halklaryň etnonimleri 
bilen degşirip, biri-birleri bilen deňeşdirip gördük. Netijede, olaryň 
arasynda köp sanly meňzeşlikleriň, adybir urug-tireleriň bardygyna göz 
ýetirdik.
Iki ýa-da köp halklaryň düzüminde şol bir atdaky tire-taýpalaryň 
köp duş gelmegi bu halklaryň geçmişde ýakyn garyndaş bolanlygyndan 
ýa-da olaryň arasyndaky etnik gatnaşyklaryň ýygylygyndan habar berýär. 


14
Bu nukdaýnazardan seretseň, adybir tire-taýpalaryň köplügi gyrgyzlaryň 
türkmen halky bilen geçmişde has ýakyn bolanlygyna güwä geçýär. 
Biz öz derňewlerimizde bu iki halkyň 183 taýpa-tiresiniň biri-biri bilen 
atdaşlygyny ýüze çykardyk. Bularyň 22-siniň diňe bir özi däl, eýsem, 
olaryň degişli taýpalary hem atlary boýunça biri-birine gabat gelýär: 
türkmenlerde 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish