Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


erdel sözi saryklaryň  erden



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet11/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

erdel
sözi saryklaryň 
erden
dien 
tire adynyň üýtgän görnüşidir. Tagtabazar raýonynda Erden diýen oba 
hem bar. 1785-nji ýylda Marynyň hany Baýramaly han Buhara emiri 
Şamyrat Welnamy tarapyndan öldürilenden soň (ýa-da onuň 5—10 ýyl 
öň ýanynda), Mary etraplary emir tarapyndan saryklara hatlanyp berilýär 
(has dogrusy, satylýar). Şondan soň lebaply saryklaryň uly bölegi Mara 
göçýär, bir bölegi hem Özbegistanyň Kaşgaderýa oblastynyň häzirki 
“Mübärek” sowhozyna baryp, Saryk obasyny emele getirýär. Olaryň 
galan-gaçanlary bolsa ýerli taýpa-tireleriň içine siňip gidýär. Diýmek, 
Saýadyň Awçy obasyna at beren hem saryklaryň awçy tiresi bolmaly.
Tiräniň awçy diýen ady jikme-jik düşündirişi talap etmeýär. Ol 
şeýle-de hemme kişä aýan: “awçylar, awçylyk bilen gün görýänler”. 
Geçmişde ilatyň belli bir böleginiň awçylyk we aw etini satmak 
bilen meşgullanandygy köplere mälimdir. Ýagyçylyk zamanlarynda 


20
oky nyşana dogry urup bilýän mergenler sylagly, hormatly adamlar 
bolupdyrlar. Olara hökümdarlar hem uly sarpa goýupdyrlar. Meselem, 
saryklaryň etnografiýasyny ýörite öwrenen taryhçy alym Çary 
Ýazlyýewiň şaýatlyk etmegine görä, Çärjew etrabynda ýaşaýan 
saryklaryň arasynda Gylyç mergen we Naýza mergen diýen şahslar 
bolupdyr. Olar juda ökde mergenligi bilen Baýramaly hany aňk edenligi 
üçin, han olara Murgabyň aýagyndan mülk ýer hem beripdir. Rowaýata 
görä, şu han bu mergenlerden heder edip, soňra olary öldüripdir. Häzir 
Sakarçage raýonynda şu mergenleriň adyna Gylyçberki we Naýzaberki 
diýen gumlar bar. Şeýle megrenligi, awçylygy bilen tapawutlanan 
adamlaryň raýatyndaky ilata ýa-da bu hünäre türgenleşen adamlaryň 
tutuş toparyna awçylar, mergenler diýlip at dakylmagy bolup biläýjek 
zatdyr. Ilki kesp-käri bildirýän şeýle sözler wagtyň geçmegi bilen tire-
taýpa atlaryna öwrülip gidýär. Hojambaz raýonynyň “Tallymerjen” 
sowhozynda ýaşaýan mergençi tiresiniň döreýşi muňa doly güwä geçýär. 
Hut şu asyryň başlaryna çenli bu tiräniň wekilleri Garşy (Kaşgaderýa) 
etraplarynda ýaşap, awçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olara mergençiler 
diýipdirler.
AGAR
Orta asyr türkmen taýpalarynyň birine agarlar diýilýär. Soňky 
döwürlerde agarlar dürli sebäplere görä (belki-de, olaryň köp böleginiň 
Eýrana, Türkiýä we beýleki ýurtlara göçenligi üçin), özbaşdak taýpalygyny 
ýitirip, dürli türkmen taýpalarynyň içine siňip gidipdirler. Häzir olar 
urug we tire hökmünde baýat, ýomut, teke taýpalarynyň düzüminde 
duş gelýärler. Agarlar geçmişde has giň territoriýa ýaýran bolarly, üçnki 
oba atlary hökmünde bu söz Dänew, Ýylanly we Mary raýonlarynda 
duş gelýär. Ýolöten, Krasnowodskiý, Sakarçäge, Çärjew raýonlarynda 
Agar diýen guýular, Esenguly raýonynda gum, Mary raýonyndaky 
Dörtguýynyň ýakynynda Agarkak, Kerki raýonynda Agarlyk diýen 
oba, Saragt raýonynda Agarsaý diýen käl, Gazanjyk—Gyzyletrek 
aralygynda Agarsemen diýen gum, Saragt raýonynda Agarçeşme, 
Gyzylarbat raýonynda Agarybyk diýen gadymy gonamçylyk bar. Bu 
atlaryň ählisi agarlar bilen baglanyşykly bolup, ady tutulýan ýerlerde öň 
agarlaryň ýaşandygyna (ýa-da häzir hem ýaşaýandygyna ) güwä geçýär. 


21
Krymda-da Agarmyş diýen ýer bolup, onuň ady, moskwaly alym A.W. 
Superanskaýanyň pikiriçe, şu ýerde ýaşan türkmenleriň (salyrlaryň) agar 
diýen urugynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şahyr Mollanepes agarlaryň 
adyny atly-abraýly tireler bilen bir hatarda goýýar:
Ilbaşy gaýu-baýat, ymykly, agar, arabaçy,
Nerezimde bir seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý.
Türkmen taryhçysy S.Agajanow agarlaryň okly, gökli, soltanly 
diýen oguz-türkmen taýpalary bilen birlikde XI asyrda Syrderýa 
boýlaryndan Balkan etraplaryna göçüp gelendigini belleýär, diýmek, 
agarlaryň Mangyşlak-Balkan töwereklerine göçüşi seljüklaryň hereketi 
bilen baglanyşyklydyr. Ýöne şol döwürde agarlar özbaşdak uly taýpa 
hökmünde tanalmadyk bolarly, çünki Mahmyt Kaşgarynyň “Türki sözler 
diwany” diýen ajaýyp sözlüginde sanalýan 24 türkmen taýpasynyň 
arasynda agarlaryň ady duş gelmeýär. Reşideddin (XIV asyr), Ýazyjy-
ogly (XV asyr), Salar Baba Gulaly ogly (XVI asyr) ýaly alymlaryň 
işlerinde-de bu at agzalmaýar. Ol ilkinji gezek Hywa hany we görnükli 
taryhçy Abulgazy Bahadyr hanyň (1603—1664) “Şejere-ýe terakime” 
(“türkmenleriň şejeresi”, ýagny nesil daragty) diýen kitabynda duş 
gelýär. Abulgazy Syrderýa boýlaryndaky oguzlaryň dürli taýpalarynyň: 
eýmir, tüwer, igdir, çawyldyr (ýagny çowdur), garkyn, salyr we agyr 
ýaly taýpalarynyň türkmen begleri Gylk beg, Gazan beg we Garaman 
beg ýaly serkerdeleriň baştutanlygynda Mangyşlaga göçenligini habar 
berýär. Bu ýerde Abylgazy şol döwürde ýazylan, emma bize näbelli 
bolan ýazuw çeşmelerinden peýdalanan bolsa gerek.
Eýsem, agar sözüniň manysy näme? Bu soraga anyk jogap bermek 
kyn, ýöne birnäçe çaklamalary öňe sürmek mümkin:
1. Geçen asyryň ikinji ýarymynda ençeme türki halklaryň arasynda 
gezip, olaryň sözlerini 4 tomdan ybarat äpet sözlükde (jemi 8 kitapda) 
neşir etdiren akademik W.W. Radlow 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish