Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

garaja
diýen urug, alili, gökleň, ýomut, ýemreli, olam, teke we saryk 
taýpalarynyň düzüminde hem garaja diýen tireler bar. Bularyň ady-da 
gara
etnoniminden we kiçeltmekligi (ýagny garalaryň kiçi bölegidigini) 
bildirýän 
–ja
goşulmasyndan durýar.
Bu at hem has ir, seljuklar hereketinden (XI asyrdan) öň döräpdir. 
Muny şu hereket döwründe Kiçi Aziýa we Kawkaza (Azerbaýjana) 
göçen gylyçly taýpasynyň düzüminde garaja urugynyň bardygy bilen 
delillendirmek mümkin.
GARABOÝUN, GARABOÝNAK
Ýemreli, ýomut, saryk, ärsary, müjewür taýpalarynyň düzüminde 
garaboýun, ýemrelilerde hem 
garaboýnak
diýen urug-tireler bar. 
Karamoýyn diýen etnik atlara garagalpaklarda, goňratlarda, garlyklarda 
we Fergana gypjaklarynda-da duş gelinýär. Göräýmäge, köki bir bolan 
etnik toparlaryň ady öz-özünden düşnükli ýaly: gara boýunly. Emma 
garagalpak alymy D.Aýtmuratowyň pikirine görä, biziň eramyzyň III 
asyrynda dörän bu etnonimiň manysy düýbünden başga hili: ol “gara 
saçly” diýen manyny aňladýar. Görkezilen asyrda sýanbi diýen türki 
taýpadan 
muýun
we 
toba
diýen iki urug aýrylýar, olaryň etnik atlary 
şol wagtky türki dillerde gulpagyň, çokulyň, käkiliň dürli görnüşleriniň 
adyny aňladypdyr. Diýmek, garaboýun diýen at gadymy türk erkekleriniň 
depesinde örülen ýa-da örülmedik saç (çokul, gulpak) goýmak däbi bilen 
bagly ýüze çykypdyr.


106
GARAWUL
Çärjew raýonynda, şeýle-de Buhara welaýatynyň Alat we Garaköl 
raýonlarynda hiç taýpa girizilmeýän bir uruga, gökleň, salyr we teke 
taýpalarynda bolsa dürli tirelere 
garawul
diýilýär. Olaryň etnik adynyň 
ýagyçylyk döwürlerinde garawullyk etmek bilen bagly ýüze çykandygy 
görnüp dur. Çärjew, Alat we Garaköl garawullarynyň döreýşi barada 
etnograf Ýa.R. Winnikow şeýle maglumat berýär: Hywa we Buhara 
hanlyklarynyň arasy ýaramazlaşan döwürde (XVIII-XIX asyrlarda), 
bu hanlyklaryň serhetine (häzirki Dänew raýonynyň Gabakly obasyna) 
Hywa hany garawullar iberýär. Olar Tagta we Köneürgenç ýomutlaryndan 
bolup, wezipesi Buhara tarapdan çozup gelýän goşun barada Hywa habar 
ýetirmekden we mümkin bolsa, oňa gaýtawul bermekden ybarat eken. 
XIX asyryň başynda Çärjew begi bu garawullary zor bilen Çärjew we 
Garaköl etraplaryna göçürýär. Olardan önen ilat hem garawullar diýip 
at alýar. Garawulguýy diýen demir ýol stansiýasy-da şu garawullaryň 
guýusynyň ady dakylýar.
GARADAŞLY 
Gadymy ýazyr türkmenleri ilki Maňgyşlaga, ondan hem 
Gökdepe-Bäherden etraplaryna gelip ýurt tutunandan soň, olaryň bir 
bölegine garadaşly diýip at berilýär. Häzirki wagtda ortagürp türkmen 
taýpalarynyň biri bolan garadaşlylar barada Abylgazy şeýle ýazýar: 
“Ýazyr iliniň birniçesi Durun tarapda tag içinde dehkanlyk kylyp olturup 
erdiler. Bu waktda anlarny karataşly dietururlar”. Bu topara “dag içinde 
daýhançylyk edeni” üçin garadaşly diýlen bolmagy mümkindir.
“TSSR-iň taryhynyň” awtorlary bu ady Maňgyşlakdaky garadag 
diýen ýer we şu ýerde ýaşan siýahkuhy diýen türkmenleriň ady bilen 
baglanyşdyrýarlar. Türkiýede garadaşly türkmenleriniň bardygyny 
nazara alsak, olaryň bu pikirini hakykata ýakyn hasap etmek bolar. 
Pars dilinde ýazan awtorlaryň öz eserlerinde 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish