DÄLI
Abdal, alili, arabaçy, gökleň, ýomut, sakar, salyr, saryk, teke,
çowdur, esgi, ärsary ýaly ençeme türkmen taýpalarynyň düzüminde
däli
diýen urug-tirelere duş gelinýär. Türkmen etnonimiýasynda jynly, telbe,
tentek ýaly ýakymsyz atlaryň duş gelýändigini nazara alyp, käbir adamlar
bu ady göni manysynda düşündirýärler, ýöne beýle pikiriň hakykatdan
üzňedigini bada-bat aýtmalydyrys, çünki özüne hormat goýýan iliň beýle
ýakymsyz ady dakynmajagyna ýa-da dakdyrmajagyna göz ýetirmek kyn
däl.
Biz
däli
diýen etnonimleriň asyl köki we manysy barada 3 sany
145
çaklamany orta atmakçy.
1.
Däli
diýen etnonimler (hiç bolmanda, olaryň aglabasy) biziň
eramyzyň başlarynda Altaýda we Mongoliýada ýaşan, VI asyrda bolsa
Beýik Türk Kaganatynyň düzümine giren tele diýen gadymy türki
taýpalarynyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Tele, dele, däli
görnüşlerinde
ol gazak, garagalpak, başgyrt halklarynyň düzüminde-de duş gelýär.
Taryhy çeşmeler tele halkynyň müň öýlüsini (müň alaçyklynyň) baryp
V asyrda Irtiş derýasyndan geçip, Kaspi we Aral deňziniň arasynda
ýerleşendigini habar berýärler. Şol telelerden türkmen dälileriniň dörän
bolmagy hakykata has ýakyndyr. Eger şu çaklama dogry bolsa, onda däli
diýen tireler özlerini teleut we telengut diýen türki halklar bilen hem
garyndaş hsaplap bilerler, çünki bu halklaryň ady tele sözünden we
köplük goşulmasyndan durýar.
2.
Däli
diýen etnonim biziň eramyzyň başlarynda we ondan öň
häzirki Günbatar Türkmenistanda (Kaspi ýakalarynda) ýaşan dah (däh)
diýen halkyň adyndan we etnonimiýada degişliligi bildirvqn –li go\
ulmasyndan durýar (dähli—däli). Muny Günbatar Garagumdaky Dähli
guýusynyň we Gyzyletrek raýonyndaky Dehistan diýen gadymy şäheriň
atlary hem tassyklaýar.
3.
Däli
diýen etnonim tirebaşynyň lakamy bilen baglanyşyklydyr.
Bu ýerde ol söz “telbe”, “jynly” manysynda däl-de, “gaýduwsyz”,
“edermen”, “gözsüz batyr” ýaly manylardadyr (bir kemally iş bitirmez,
meýdanda däli bolmasa). Klassyk edebiýatymyzda däli lakamly şahslara-
da köp duşulýar. Meselem, “Görogly” eposynda Däli Mäter, Harmandäli,
“Gorkut atadaky” Däli Dundaz, Däli Domrul we başgalar.
Jemläp aýtsak, türkmenlerde däli atly tireler köp. Olaryň bir
bhöleginiň emele gelşinin birinji çaklamamyza, beýlekileriniň ikinji,
üçünji çaklamalara dogry gelmegi hem mümkindir.
ÝEDIURUG
Saryk we esgi taýpalarynyň, şeýle-de Kerki, Hojambaz raýonlarynda
ýaşaýan kyrköýli salyrlaryň düzümindäki ýediurug diýen etnonimleriň
manysy öz-özünden düşnükli: “ýedi urugyň birleşigi”. Käýerde bir
topary emele getiren ýedi urugyň atlary ýatdan çykarylan bolsa-da,
birnäçe ýerde ol uruglaryň atlary belli. Meselem, Kerkidäki ýediuruga
146
degişli uruglar şulardyr: egri, ýagyr, daşatar, eşek, lokga, kesir, däli.
Do'stlaringiz bilan baham: |