Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet65/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

beçene, itbeçene
görnüşinde ulanylan bu 
etnik adyň gadymy görnüşi peçenegdir (XI asyr alymy Mahmyt Kaşgary 
bu ady şeýle ulanypdyr). 
Beçene
sözüniň öňüne 
it
sözüniň goşulyşyny 
Abylgazy (XVII asyr ) özüniň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda


73
şeýle düşündirýär: beçeneler salyrlar bilen tersleşip, Toýmadyk hanyň 
ýolbaşçylygynda olary ýeňýärler. Muny gaty gören salyrlar beçeneleri
it bilen deňeşdirip, olara it ýigrenç bilen 
itbeçene
diýen ady dakýarlar. 
Abylgazynyň bu pikiri bilen ylalaşmak mümkin däl, çünki gadymy 
türklerde it ýigrenji däl-de, eýsem çuň hormaty bildiren söz bolupdyr, 
hatda irki ata-babalarymyz iti börüden soňra ikinji orunda goýupdyrlar 
(bu barada 
barak, it, ganjyk, köpek
etnonimlerine bagyşlanan makalada 
giňden gürrüň edipdik). 
Eýsem, peçenegler kim? Olaryň asly watany nirede?
X-XI asyrlarda Kiýew knýazlaryny uly howsala salan, ady agzalanda 
Bulgarystan, Hazarystan, Majarystan ýaly uly döwletleriň patyşalarynyň 
ýüregine dowul düşüren peçenegler öz aslyny VI-VII asyrlarda Beýik 
Türk Kaganatyny (imperiýasyny) emele getiren türki taýpalardan (Gök 
türklerden) alyp gaýdýar. Şol döwürde Yssykköl we Balkaş etraplarynda 
ýaşan bu peçeneglere
onoklar
ýa-da
türkeşler
hem diýlipdir. Beýik 
Türk imperiýasy synandan soň, şol döwrüň syýasy wakalary ençeme
türki taýpalaryň çar tarapa dagamagyna sebäp bolýar. IX asyryň birinji 
ýarymynda peçenegleriň uly bölegi Emba, Ural, Wolga, Don etraplaryna
ýöriş edýärler. Olar Kiýew knýazlarynyň serhetindäki giň sähralarda 
orun tutýarlar. IX-X asyrlarda peçenegler topar-topar göçüp gelip, 
bu ýerde olaryň sany barha köpelýär. 915—1036-njy ýyllar aralykda, 
Kiýew knýazlary Igoryň we Swýatoslawyň höküm süren döwürlerinde, 
peçenegler orus knýazlyklaryna 11 gezek gazaply hüjüm edýärler, hatda 
968-nji ýylda Kiýewi hem gabaýarlar.
Çarwa peçenegler öri gözleginde diňe bir Orsyýetiň günorta 
oblastlaryna ýaýraman, eýsem olaryň uly toparlary Majarystan 
(Wengriýa), Bolgariýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna hem göçüp gidýärler.
Rus knýazlary birleşip, peçenegleriň garşysyna güýç toplaýarlar. 
Netijede, orus knýazy Ýaroslaw Mudryý 1036-njy ýylda peçenegleri 
Kiýewiň eteginde kül-peýekun edýär. Peçenegler dagaýar, olar kem-
kemden üstün çykan halklaryň (oruslaryň, ukrainleriň, bolgarlaryň, 
majarlaryň) arasyna siňip gidýär. 
XI asyrda “Türki sözler diwany” diýen ajaýyp sözlügi ýazan 
Mahmyt Kaşgary peçenegleri 22 türkmen taýpasynyň arasynda 19-njy, 
Reşideddin (XIV asyr) beçenäni 24 taýpanyň arasynda 7-nji, Abylgazy 
hem (XVII asyr) 14-nji orunda goýýar. Bu orta asyr alymlarynyň 


74
eserlerinde peçenegler biragyzdan türkmen saýylýar. Beýik göçe-göçlük 
eýýamynda (IX-X asyrlar) peçenegleriň ählisi uçdan-tutma Orsyýet 
sähralaryna göçmän, olaryň belli bir bölegi Yssykköl etraplarynda 
galypdyrlar we häzirki türkmen, gyrgyz we beýleki halklaryň dürli 
taýpa-tirelerini emele getiripdirler. 
Haýsy döwürde we haýsy ýerde ýaşaýandygyna seretmezden,
beçeneleriň (peçenegleriň) tagmalary hem meňzeş: rim sifri V ýaly 
(Mahmyt Kaşgary ony ýatyryp goýýar - >, Abylgazy – başaşak - ˄ ).
Diýmek, bu çeşmelerde şol bir taýpa barada gürrüň gidýär. Hatda gyrgyz 
etnograflary häzirki gyrgyzlaryň düzüminde saklanyp galan itbeçene 
taýpasyny hem oguz-türkmen elementi hasaplaýarlar. 
Ýene bir zady şu ýerde ýatlap geçeliň. X asyrda Ýewropa göçen 
peçenegler 8 sany uly taýpadan ybarat eken. Eýýäm XIII asyrda olaryň 
sany 13-e ýetýär. Şol taýpalaryň arasynda 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   61   62   63   64   65   66   67   68   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish