özbek
diýen etnik adyň duş
gelmeýändigi hem muňa geçýär.
Alymlar
özbek
etnonimini Çingiz hanyň (Juçynyň) neberesi, 1313—
1342-nji ýyllarda Altyn Ordanyň uly hökümdary bolan Özbek hanyň
(doglan ýyly näbelli, ölen ýyly—1342) ady bilen baglanyşdyrýarlar,
çünki orus knýazlaryny biri-biriniň garşysyna öjükdiren, 1327-nji
ýylda Twerdäki oruslaryň gozgalaňyny basyp ýatyran, Altyn Ordada
döwlet dini hökmünde yslam dininiň sünni mezhebini kabul eden
bu han uly abraýdan peýdalanypdyr, şonuň üçin onuň iline Özbek ili
diýipdirler. Özbegistany (umuman, Orta Aziýanyň köp ýerini) basyp
almaga-da (1505-nji ýyl) Altyn Ordadan we Aral etraplaryndan çozup
gelen şol özbekler gatnaşypdyrlar. Bu basybalyjylaryň etnik ady soňra
Özbegistandaky oturymdar ilatyň ählisine dakylypdyr.
ÖKÜZ
Ýomutlaryň uly uruglarynyň biriniň ady bolan
öküz
sözüni alymlar
urugyň gadymy totemi bilen baglanyşdyrýarlar. Dogrudan-da, gadymy
gunlaryň huýan diýen taýpasynyň eý görýän haýwany öküz bolup,
onuň baýdagynda-da şu janawar suraty bolupdyr (serediň: Oguz). Öküz
urugynyň şol taýpadan gaýdýan bolmagy hem mümkindir.
PAKYRŞYH
Şyhlaryň bir bölümini emele getirýän bu toparyň etnik ady
Gyzylarbat raýonynyň Bendesen obasynyň 10 kilometr günortasynda
ýerleşen Pakyrşyhbaba öwlüýäsine we şu ýerdäki gala hem dakylypdyr.
Ýerli ýaşulular we arheolog S.P. Polýakow bu etnik ady (
Pakyr
sözüni)
179
şu toparyň tirebaşysy bolan Pahreddin diýen adamyň adynyň gysgalan
görnüşi hasaplaýarlar. Aşgabatda 1892-nji ýylda orus dilinde çap bolan
“Zakaspi oblasty 1882—1890-njy ýyllarda” diýen kitapda bolsa Pakyrşyh
diýen adyň Bekirşah sözüniň üýtgän görnüşidigi, çünki bu urugyň öz
aslyny dört çaryýarlaryň birinjisi bolan Abubekire direýänligi, etnik atda
Abubekir sözüniň gysgaldylyp, onuň diňe Bekir böleginiň alnandygy
barada ýazylýar.
Bu at barada alymlaryň,öňe süren şeýle düşündirişi hakykata
laýyk bolsa gerek. Akademik Ýe.E. Bertels we onuň işine salgylanyp,
şyhlar barada ýörite iş ýazan S.M. Demidow şyhlaryň garamagynda
bolup, hanakalarda ýaşan müritlere arapça fakir (“gedaý”) we derwüş
diýlendigini belleýärler. Diýmek, bu adyň manysy “şyhlaryň raýatyndaky
derwüşlerdir”.
PAMYK
Kaşgaderýa welaýatynyň Baharystan raýonyndaky Pamyk diýen
uly oba bolup, onda pamyklar ýaşaýarlar. Özlerini hiç taýpa dahyly
bolnadyk özbaşdak türkmen taýpasy hasap edýän bu iliň adyny “pamyk
ýaly ýumşak adamlar” diýip düşündirýärler. Başga hili pikirlere görä,
pamyk diýen etnik şu iliň geçmişdäki käri bilen bagly döräpdir, ýagny
geçen asyryň ortalaryna çenli pamyklar Amyderýanyň sag kenarynda,
Saýadyň deňinde ýerleşen Nerezim oazisinde oturypdyrlar, derýanyň
bu etraby ýumurmagy, Nerezimi opgun almagy netijesinde, olar häzirki
oturan ýerlerine göçüpdirler. Pamyklar Nerezimde pagta ekip, pamyk
öndürip satmaga ökde bolandyklary üçin, olara şeýle at dakylypdyr.
Etnonimiň hakyky manysy barada häzirlikçe elimizde başga tutaryk ýok.
PAR
Ärsarylaryň çekiç urugynyň we Gyzylarbat raýonynda ýaşaýan
tekeleriň düzüminde parlar diýen tire bar. Bu etnonimleriň ýüze
çykyşy barada alymlaryň arasynda iki çaklama bar. Olaryň birinjisine
görä, parlar gadymy parnlar diýen halkyň galyndysydyr. Parnlar
gadymy dahlaryň bir taýpasy bolup, olar orta asyrlarda hut Gyzylarbat
etraplarynda ýaşapdyrlar. Biziň eramyzdan öňki III asyrda parnlaryň
180
Tejen töwereklerinde göçüp-gonandyklary barada-da maglumat bar.
Gyzylarbadyň ýer-ýurt atlarynda parnlaryň galdyran yzlary şu wagta
çenli saklanýar. Meselem, bu etrapyn orta asyrlardaky
Do'stlaringiz bilan baham: |