Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


AÝMAK Salyr, çowdur (abdal), ärsary we käbir beýleki taýpalaryň  düzüminde  a:ýmaklar



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet20/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

AÝMAK
Salyr, çowdur (abdal), ärsary we käbir beýleki taýpalaryň 
düzüminde 
a:ýmaklar
diýen tirelere duş gelinýär. Bular Amyderýa we 
Murgap boýlarynda ýaşan, mundan birnäçe asyr öň bolsa Owganystana 
hem-de Eýrana göçen aýmaklaryň galyndylary bilen baglanyşykly dörän 
tirelerdir. Häzir aýmaklaryň köpüsi Owganystanyň demirgazyk-günbatar 
we merkezi böleklerinde ýaşaýarlar. Olar 4 sany uly taýpadan (halkdan) 
ybarat: jemşidiler, hazarylar, firuzkuhlar we taýmanlar. Şonuň üçinem 
bu taýpalara 
çaraýmaklar
(ýagny “dört aýmaklar”) hem diýilýär. 
Ylmy edebiýatlarda hazarylar mongol, jemşidiler bolsa pars halkyna 


30
degişli hasaplanýar. Ýöne weli hazarylaryň gadymy 
hazar
diýen 
türki halk bilen baglanyşykly dörän bolmagy hakykata has ýakyndyr. 
Häzirki döwürde bu taýpalaryň köpüsi täjikçe gepleşýän hem bolsalar, 
olaryň (iň bolmanda, aglabasynyň) aslynyň türki halklara degişlidigini 
unutmak bolmaz. Muny bu taýpalaryň gadymy türki aýmak diýen ady 
hem tassyklaýar. Ýokarda sanalan taýpalaryň ýa-da olaryň tireleriniň 
atlary türkmen etnonimiýasynda we toponimiýasynda köp duş gelýär. 
Meselem, Daşhowuz we Lenin raýonlarynda Jemşidi diýen obalar, 
ýaplar we gala bar. Bu ýerlerde häzir hem jemşidiler ýaşaýarlar. Murgap 
raýonynyň öňki, şu ýerdäki demir ýol stansiýasynyň bolsa häzirki atlary 
bolan Semennik toponimi hem jemşidileriň semendik diýen urugynyň 
adyndandyr. Mälim bolşy ýaly, Murgabyň ýokary akymynda we Hyratda 
jemşidiler ýaşapdyrlar. 1841—1842-nji ýyllarda Hywa hany Rahymguly 
olaryň 7600 öýlüsini Hywa etrabyna göçürýär. Hazarylaryň ady 
hydyrili 
(hyzyrili)
diýen türkmen taýpasynyň, taýmanlaryň ady hem 
taýmaz 
görnüşinde ärsarylaryň we tekeleriň urug-tire atlarynda saklanypdyrlar. 
Firuzkuh—pars dilinde “Pöwrize dagy” diýmekdir. Şeýlelikde, bu 
taýpanyň dörän ýeri hem Türkmenistan bilen baglanyşyklydyr. Gysgaça 
aýdanda, aýmaklaryň we ony düzýän 4 halkyň ählisi türkmenler bilen 
ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. 
Aýmak
diýen at gadymy türki – mongol sözünden emele gelipdir. 
Türki halklaryň köpüsinde bu söz “halk”, “taýpa”, gyrgyz, gazak, 
garagalpak dillerinde “ülke”, “raýon”, ýakut dilinde “familiýa”, 
“garyndaşlar topary” ýaly manylarda ulanylýar. Mongollarda-da 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish