Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


özbek diýen etnik adyň duş  gelmeýändigi hem muňa geçýär. Alymlar  özbek



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet162/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   158   159   160   161   162   163   164   165   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

özbek
diýen etnik adyň duş 
gelmeýändigi hem muňa geçýär.
Alymlar 
özbek
etnonimini Çingiz hanyň (Juçynyň) neberesi, 1313—
1342-nji ýyllarda Altyn Ordanyň uly hökümdary bolan Özbek hanyň 
(doglan ýyly näbelli, ölen ýyly—1342) ady bilen baglanyşdyrýarlar, 
çünki orus knýazlaryny biri-biriniň garşysyna öjükdiren, 1327-nji 
ýylda Twerdäki oruslaryň gozgalaňyny basyp ýatyran, Altyn Ordada 
döwlet dini hökmünde yslam dininiň sünni mezhebini kabul eden 
bu han uly abraýdan peýdalanypdyr, şonuň üçin onuň iline Özbek ili 
diýipdirler. Özbegistany (umuman, Orta Aziýanyň köp ýerini) basyp 
almaga-da (1505-nji ýyl) Altyn Ordadan we Aral etraplaryndan çozup 
gelen şol özbekler gatnaşypdyrlar. Bu basybalyjylaryň etnik ady soňra 
Özbegistandaky oturymdar ilatyň ählisine dakylypdyr.
ÖKÜZ
Ýomutlaryň uly uruglarynyň biriniň ady bolan 
öküz
sözüni alymlar 
urugyň gadymy totemi bilen baglanyşdyrýarlar. Dogrudan-da, gadymy 
gunlaryň huýan diýen taýpasynyň eý görýän haýwany öküz bolup, 
onuň baýdagynda-da şu janawar suraty bolupdyr (serediň: Oguz). Öküz 
urugynyň şol taýpadan gaýdýan bolmagy hem mümkindir.
PAKYRŞYH
Şyhlaryň bir bölümini emele getirýän bu toparyň etnik ady 
Gyzylarbat raýonynyň Bendesen obasynyň 10 kilometr günortasynda 
ýerleşen Pakyrşyhbaba öwlüýäsine we şu ýerdäki gala hem dakylypdyr. 
Ýerli ýaşulular we arheolog S.P. Polýakow bu etnik ady (
Pakyr
sözüni) 


179
şu toparyň tirebaşysy bolan Pahreddin diýen adamyň adynyň gysgalan 
görnüşi hasaplaýarlar. Aşgabatda 1892-nji ýylda orus dilinde çap bolan 
“Zakaspi oblasty 1882—1890-njy ýyllarda” diýen kitapda bolsa Pakyrşyh 
diýen adyň Bekirşah sözüniň üýtgän görnüşidigi, çünki bu urugyň öz 
aslyny dört çaryýarlaryň birinjisi bolan Abubekire direýänligi, etnik atda 
Abubekir sözüniň gysgaldylyp, onuň diňe Bekir böleginiň alnandygy 
barada ýazylýar.
Bu at barada alymlaryň,öňe süren şeýle düşündirişi hakykata 
laýyk bolsa gerek. Akademik Ýe.E. Bertels we onuň işine salgylanyp, 
şyhlar barada ýörite iş ýazan S.M. Demidow şyhlaryň garamagynda 
bolup, hanakalarda ýaşan müritlere arapça fakir (“gedaý”) we derwüş 
diýlendigini belleýärler. Diýmek, bu adyň manysy “şyhlaryň raýatyndaky 
derwüşlerdir”.
PAMYK
Kaşgaderýa welaýatynyň Baharystan raýonyndaky Pamyk diýen 
uly oba bolup, onda pamyklar ýaşaýarlar. Özlerini hiç taýpa dahyly 
bolnadyk özbaşdak türkmen taýpasy hasap edýän bu iliň adyny “pamyk 
ýaly ýumşak adamlar” diýip düşündirýärler. Başga hili pikirlere görä, 
pamyk diýen etnik şu iliň geçmişdäki käri bilen bagly döräpdir, ýagny 
geçen asyryň ortalaryna çenli pamyklar Amyderýanyň sag kenarynda, 
Saýadyň deňinde ýerleşen Nerezim oazisinde oturypdyrlar, derýanyň 
bu etraby ýumurmagy, Nerezimi opgun almagy netijesinde, olar häzirki 
oturan ýerlerine göçüpdirler. Pamyklar Nerezimde pagta ekip, pamyk 
öndürip satmaga ökde bolandyklary üçin, olara şeýle at dakylypdyr. 
Etnonimiň hakyky manysy barada häzirlikçe elimizde başga tutaryk ýok.
PAR
Ärsarylaryň çekiç urugynyň we Gyzylarbat raýonynda ýaşaýan 
tekeleriň düzüminde parlar diýen tire bar. Bu etnonimleriň ýüze 
çykyşy barada alymlaryň arasynda iki çaklama bar. Olaryň birinjisine 
görä, parlar gadymy parnlar diýen halkyň galyndysydyr. Parnlar 
gadymy dahlaryň bir taýpasy bolup, olar orta asyrlarda hut Gyzylarbat 
etraplarynda ýaşapdyrlar. Biziň eramyzdan öňki III asyrda parnlaryň 


180
Tejen töwereklerinde göçüp-gonandyklary barada-da maglumat bar. 
Gyzylarbadyň ýer-ýurt atlarynda parnlaryň galdyran yzlary şu wagta 
çenli saklanýar. Meselem, bu etrapyn orta asyrlardaky 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   158   159   160   161   162   163   164   165   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish