Bil (ýaý) bermek — 1. Orta bilinden egrelmek, ýegşermek. Jaýyň ortasyndan goýlan pürs bil beripdir. 2. Güýçden galmak, ejizlemek, garramak. Durdy aga-da indi bil beripdir, burny ýere degäýjek bolýar.
Bil bükmek — güýçden gaçmak, halys bolmak, tapdan düşmek. Ozalky daýhançylygyň agyr zähmeti meniň sakgalymy agartdy we bilimi bükdi (N. Saryhanow). 2. Boýun egmek, zulum çekmek, ezilmek. Besdir gamçy astynda munça ýyl bil bükenimiz. Besdir ahy-nala çekip, ganly gözýaş dökenimiz (G. Gurbansähedow).
Bir ýüzli (ýaňalyk) etmek — 1.Belli bir netijä gelmek, bellisini etmek. Hümmet hoja toýy basymrak bir ýüzli etmek gerekdigini duýdy (T. Taganow). 2. Ýerbe-ýer etmek, saýhallaşdyrmak.
Boýun almak — 1. Bir zadyň hakykydygy, dogrudygy bilen ylalaşmak. Eden günäsini boýun almaga gaýraty ýetmedi. Sen bigaýrat, eden işiňi boýun almaga namartladyň — diýip, öz-özüne gyjalat berýär (T. Taganow). 2. Wada etmek, söz bermek.— Siziň ýumşuňyzy bitirmegi men boýnuma aldym — diýip, ýerinden turdy (H. Derýaýew).— Seniň bilen salamlaşaýyn hem ol günki boýun alan zadymy gowşuraýyn — diýip sowulaýdym (T. Taganow)
Ç
Do'stlaringiz bilan baham: |