Çalam-çaş bolmak — 1. Bulam-bujar, dagynyk, tertipsiz halda bolmak. Jigileri bolsa her haýsy bir ýerde çalam-çaş bolup ýatyrdylar (A. Durdyýew). 2. Aljyraňňy, heläkçilikli halda bolmak, özüňi ýitirmek. Gelin özünden gidip, çalam-çaş bolup ýatyrla (T. Taganow). Şiriniň gözi mugallymasyna düşende, özüni ýitirip, çalam-çaş boldy (N. Saryhanow).
Çaňyny kakmak — 1. Işden, gulluk wezipesinden kowmak, boşadyp goýbermek. Onuň soňky işleýän ýerinden hem çaňyny kakypdyrlar. 2. Mazaly urup horlamak, ýençmek. Ol ele düşen bolsa, onuň çaňyny mazaly edip kakandyrlar
Do'stlaringiz bilan baham: |