Türkmen dili 5-nji synp 1. Goşma atlaryň ortasynda ýanaşyp gelýän iki çekimliniň biri haýsy atlarda düşürilýär?
A. Has atlarda B. Jyns atlarda C. Goşma atlarda D. Sada atlarda
2. Kädi, don, ýol ýaly sözleriň öňünden olary aýyklap gelýän sözler nähili ýazylýar?
A. Aýry B. Goşulyp C. Tirkeşdirilip D. Bile ýazylýar
3. Sözleriň ilkinji harplaryndan, gysgaldylan böleklerden, şeýle-de söz we söz böleklerinden ybarat bolan sözlere näme diýilýär?
A. Sada söz B. Tirkeş söz C. Gysgaldylan goşma söz D. Goşulma
4. Sözleriň başky harpy alnyp ýasalan goşma sözler nähili harp bilen ýazylýar?
A. Nokatly B. Kese çyzykly C. Setir harp bilen D. Baş harp bilen
5. Iki sözüň ýa bölegiň yzly-yzyna tirkeşip gelip täze bir many aňlatmagyndan emele gelen sözlere näme diýilýär?
A. Tirkeş söz B. Goşma söz C. Sada söz D. Goşulma
6. Tirkeş sözleriň arasynda näme goýulýar?
A. Kese çyzyk B. Defis C. Nokat D. Otur
7. Türkmen dilinde tirkeş sözler, esasan, näçe ýol arkaly ýasalýar?
A. 1 B. 2 C. 3 D. 4
8. Sözlere goşulyp, olardan täze manyly söz ýa öňki manysyna ýakynrak manyda bolan söz ýasamaga hyzmat edýän goşulmalara nähili goşulma diýilýär?
A. Söz ýasaýjy B. Söz üýtgediji C. Kömekçi goşulma D. Goşulma
9. Söz ýasaýjy goşulmalar özleriniň edýän hyzmatlaryna garap näçe topara bölünýär?
A. 2 B. 3 C. 4 D. 5
10. Sözlemde sözleri baglanyşdyrmaga hyzmat edýän goşulmalara nähili goşulmalar diýilýär?
A. Söz ýasaýjy B. Söz üýtgediji C. Kömekçi D. Goşulma
11. Türkmen dilinde näçe sany söz topary bar?
A. 2 B. 3 C. 5 D. 6
12. Özbaşdak many aňladýan söz topary näçe sany?
A. 2 B. 3 C. 5 D. 6
13. Predmeti ýa-da predmetleşen düşünjäni aňladýan sözlere näme diýilýär?
A. At B. Sypat C. San D. Çalyşma
14. Oba, dag, suw ýaly atlar nähili atlar?
A. Has at B. Tirkeş at C. Sada at D. Goşma at
15. Sada atlar gurluşy boýunça näçe hili bolýar?
A. 2 B. 3 C. 4 D. 1
16. Bir jynsdan bolan predmeti aňladýan atlardan tapawutlandyrmak üçin dakylýan atlara nähili atlar diýilýär?
A. Goşma at B. Sada at C. Has at D. Jyns at
17. Bir jynsdan bolan predmeti, düşünjäni aňladýan atlara nähili atlar diýilýär?
A. Goşma at B. Sada at C. Has at D. Jyns at
18. Kim?, näme?, nire? diýen soraglara haýsy söz topary jogap bolýar?
A. At B. Sypat C. San D. Çalyşma
19. Asyl ýasaýjy goşulmalaryň kömegi bilen ýasalan atlar nähili atlar?
20. Geografik, astronomik atlar nähili harp bilen ýazylýar?
21. Atlar asyl ýasaýjy goşulmalar arkaly haýsy söz toparlaryndan ýasalýar?
22. San, ýöňkeme, düşüm, zaman goşulmalary nähili goşulma?
23. Goşulan sözüniň öňki manylaryna ýakyn manyly söz ýasamaga hyzmat edýän goşulmalara nähili goşulmalar diýilýär?
24. Tirkeş sözler biri-birlerini aýyklaýarlarmy?
25. Jan, aga, eje... ýaly sözler has adyň bir bölegi bolup gelmedik wagtda, özünden öň gelen sözler bilen nähili ýazylýar?