Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet98/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Garaöýli
etnoniminiň manysyny Reşideddin “gara öýli”, Abylgazy “her kaýda 
oltursa, hergäh birlen (ýagny gara öýde) olturgyjy”, Salar Baba bolsa 
“ýolda çerik (goşun) bilen hub ýörür” diýip düşündirýär.


109
Garagalpak alymy we ýazyjysy D. Aýtmuratow bu pikirleriň ählisini 
ret edip, göräöýli etnoniminiň “gara saçly” manysynyň tarapyny tutýar, 
çünki onuň pikiriçe, uý sözi gadymy türki dillerde “ýüň”, “tüý” ýagny 
“saç” manysynda hem ulanylypdyr. Bu alym etnonimi gadymy türk 
erkekleriniň kellesinde saç (gulpak) goýmak däbi bilen baglanyşdyrýar.
Bu düşündirişleriň haýsyna ynanmalydygyny, goý, okyjylaryň özi 
çözsün. Ýöne Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda 
garaöýlüler barada köp maglumatlaryň getirilendigini ýatladalyň. Şu 
kitapda ýazylyşyna görä, Ärsary baýyň gyzy Mamabike Horasandan 
gaýdanda, 4 ogly we 3 gyzy bolan bir guly we gyrnagy oňa hyzmatkär 
berýärler. Bu guluň uly ogluna Hydyr-Çora (Hydyr Jora), ikinjisine Aly 
Jora, üçünjisine Igbek, dördünjisine hem Kaşga Jora diýýärler. Mamabike 
garrandan soň, bu gullara uly döwlet we mülk berip, olary azat edýär. 
Ogullar baýlaşyp, hersi özbaşyna bir iliň taýpabaşysy bolýar. Hydyryň 
iline hydyrili, Alynyňka—alili, Kaşganyňka garaöýli taýpasy diýen 
at galýar. Kaşganyň ili Ajydeňziň (Garabogaz kölüniň) ýakalarynda 
ýaşaýar.
Altyn Orda hany Berdibek 1359-njy ýylda öldürilenden soň, 
Balkandaky düýejiler talanýar, garyp düşýär. Kenarda ýaşaýan 
garaöýlülerden haraý isläp, düýejiler olaryň ýanyna göçýärler. Ençeme 
ýyldan soň düýejileriň sany köpelýär, olar barha gurplanýarlar, emma 
garaöýlüler garyplaşýarlar. Şol açlyk ýyllarynda bularyň içinde Halyl 
diýen dogumly ýigit döreýär. Ol garaöýli aksakgallaryny ýygnap, Ärsary 
baýyň onbegileriniň we ýagşyzadalarynyň huzuryna baryp, şeýle diýýär: 
“Öň biz siziň hyzmatkäriňizdik. Häzir garyp düşdük. Sizden uly haýyş: 
Uly we Kiçi Balkandaky suwly, ekmäge amatly we guşly ýerlerden bize 
ýer berseňiz. Bize size onuň üçin ýylda näme tölemeli bolsa töläli”. 
Ärsary kethudalary maslahatlaşyp, garaöýlülere Ärsary babanyň Uly 
Balkandaky 6 akar çeşmesini,10 höwürtge laçyn, 18 höwürtge ütelgi 
bermegi karar edýärler. Bu zatlar üçin garaöýlüler ýylda ekinlerinden 
alan hasylynyň ýarysyny, agyl (aran) dikmek üçin 2 müň gamyş, 10 
uly laçyn, 4 jüre (?) laçyn, 18 uly ütelgi, 6 saryja (awçy guş) bermeli 
bolýarlar. Halyl dagy muňa razy bolýarlar, ýöne aw guşlaryny tutmak 
üçin ýüpleriniň (urganynyň) ýoklugyny, özleriniň hem azyksyz galanyny 
aýdýarlar.
Ärsary kethudalary bulara 100 gulaç ýüp, 6 sany owlakly geçi, iki 


110
tulum (meşik) çökelik (çekide) we bir eşek berýärler. Garaöýlüler köp 
ýyllap bu zatlary ulanyp güzeran görýärler. Taryhçylaryň barlaglaryndan
mälim bolşuna görä, XV—XVI asyrlarda düýejiler Balkan etrabyndan 
garaöýlülileri gysyp çykarýarlar. Garaöýlüleriň köpüsi sakar, galanlary-
da ärsary, ýomut taýpalarynyň arasyna siňip gidýär, olaryň garaöýli 
diýen etnik ady hem taryhyň sahnasyndan düşüp galýar. Sakarlaryň 
düzümine giren garaöýlülere dagsakar diýen täze etnik at dakylýar.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   94   95   96   97   98   99   100   101   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish