Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet101/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

ýabgu
ýa-da 
jabgu
, onuň 
kömekçisine 
kuderkin
, urugbaşysyna 
eltiber
(“il düzüji, düwüji, ili bir 
ýere ýygnaýjy”), tirebaşylara bolsa 
beg
diýip at beripdirler.
Hytaý çeşmelerinde bellenişine görä, garlyklaryň uly bölegi X 
asyryň ortalarynda yslam dinini kabul edipdir.
Beýik Türk Kaganaty synandan soň garlyklar has güýçlenip, 757—
766-njy ýyllarda Türgeşler diýen türki döwleti, 861-nji ýylda bolsa tutuş 
Kaşgyrystany basyp alýarlar. Olar 927-nji ýylda düýbi tutulan we 1212-
nji ýylda Horezm şasy Muhammet tarapyndan syndyrylan Garahanlylar 
diýen türki döwletiň berkarar bolmagynda uly rol oýnaýarlar (ýagmalar, 
çigiller we tohsular bilen birlikde). Gaznalylar (gaznewiler) döwletiniň 
(X—XII asyrlar) döremeginde-de garlyklaryň uly tagallasy bolupdyr.
Bir topar alymlaryň bellemegine görä, çigil we halaç diýen irki türki 
(türkmen) taýpalary hut garlyklardan emele gelipdir.
XIII asyryň başlarynda garlyk hany Arslan han Çingiz hana uruşsyz 


113
boýun egipdir, hatda onuň Horezm şasy Muhammediň garşysyna eden 
ýörişine uly ýardam beripdir. Şonuň üçin hem Mogol imperiýasynyň 
4-nji hany, Çingiziň agtygy Munke han (1208—1259, höküm süren 
döwri—1251—1259) Arslan hanyň ogluna Ferganadaky Uzkendi mülk 
edip beripdir. Umuman, Çingiz hanyň imperiýasy döwründe garlyklar uly 
abraýdan peýdalanypdyrlar. Bu ýagdaý garlyklaryň halk döredijiliginde-
de belli bir derejede öz beýanyny tapypdyr. Meselem, K. Şanyýazowyň 
garlyklaryň dilinden ýazyp alan aýtgysynda şeýle diýilýär: “Atym—
gulan, gamçym—ýylan, oturyşym—çarbagyş (aýbogdaş), iýmitim—uja 
bilen döş, asyl ilim sorasaň, Çingiz hanly garlyk men”.
Görşümiz ýaly, orta asyrlarda türki halklaryň arasynda uly we 
güýçli taýpa bolan garlyk türkmenleri taryhda öçmejek yz galdyran we 
tas özbaşdak halk derejesine ýeteňkirlän il bolupdyr. Olar soňra türkmen, 
özbek, gazak, garagalpak we beýleki türki halklaryň arasyna siňip 
gidipdir. Hazir garlyklar haýsy türki respublikada ýaşaýan bolsalar, şol 
ýerdäki esasy milletiň etnik adyny kabul edipdirler.
Her niçik hem bolsa, Orta we Merkezi Aziýanyň köp ýurtlarynda 
mesgen tutan garlyklaryň türkmen halkyna has ýakyndygyny, bularyň 
ganynyň we taryhy köküniň birligini şu ýerde nygtamak isleýäris. Muny 
diňe bir garlyklaryň VIII—X asyrlarda türkmen ýa-da garlyk-türkmen 
diýen etnik ady göterenligi we Mahmyt Kaşgarynyň olary türkmen 
taýpasy hasaplanlygy däl, eýsem häzirki döwrüň ençeme mysallary bilen 
hem subut etmek mümkin. Birinjiden, Çärjew welaýatyndaky Çarşaňňy 
ilinde, Köýtendagyň eteginde ýaňy-ýakynlara çenli Garlyk diýen il 
(raýon) bardy. Köýtendäki Hojaýpäk we Hojaksar çeşmelerine hem
garlyklaryň hojaýpäk (“hoja ýüpek”) we hojaksar tireleriniň ady geçipdir 
(ýeri gelende aýtsak, Surhanderýa welaýatyndaky Halkaýar derýasynyň 
ýerli ady hem Hojaýpäkdir, bu ýerde garlyklar ýaşaýarlar). Diýmek, 
garlyklaryň uly bölegi iňňän gadymy döwürlerden bäri Türkmenistanda 
beýleki türkmen taýpalary bilen bile ýaşaýar. Ikinjiden, türkmen 
etnonimiýasynda we toponimiýasynda garlyk taýpasynyň öz ady we tire 
atlary juda köpdür. Meselem, arabaçy taýpasynyň düzüminde 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish