Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S


Gazan atly oba we  Gazanaryk



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet86/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

Gazan
atly oba we 
Gazanaryk
diýen ýap hem bar. Etnograf alym Ata Jykyýewiň işlerinde 
salyr türkmenleriniň uly atasyna (legendar taýpabaşysyna) Gazan han 
ýa-da Salyr Gazan diýilýändigi bellenýär. Bu alymyň pikiriçe, Gazan 
han ýa-da Gazan alp IX asyryň ikinji ýarymynda ýaşap, türkmenleriň bir 
bölegini yslam dinine salan şahsdyr. Aslynyň salyrlardan bolany üçin, ol 


95
öz adyna Salyr sözüni hem goşupdyr (Salyr gazan ýa-da Gazan Salyr).
Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda Gazan atly 
taryhy şahslaryň ikisiniň ady tutulýar. Olaryň biri Gazan beg bolup, ol 
orta asyrlarda Syrderýa boýlaryndan Maňgyşlaga göçen türkmenlere 
(esasanam, salyrlara) baştutanlyk edýär. Ikinjisi salyr ilinden Enkeş 
diýen adamyň Jäjekli diýen aýalyndan doglan Gazan Salyr ýa-da Gazan 
alpdyr. Şeýle maglumatlara salgylanyp, alymlaryň aglabasy gazan 
diýen türkmen taýpasyna Gazan diýen tirebaşynyň adynyň geçendigini 
tassyklaýarlar. Ärsary we salyr dialektlerinde Gazan diýen erkek adynyň 
häli-häzire çenli ýörgünlidigini, tatar we Altyn Orda hanlyklarynda-da 
Gazan atly hanlaryň bolandygyny hazara alsak, bu pikir hakykatdan 
juda üzňe-de däl. Ýöne gazak alymy A.Abdyrahmanow we tatar dilçisi 
G.F. Sattarow dagy gadymy türklerde
gaz
(ýa-da 
haz
) diýen taýpanyň 
bolandygyny, bu sözleriň 
gazak
we 
hazar
etnonimleriniň düzüminde 
duş gelýändigini belleýärler. Bu pikire esaslansak, 
gazan
diýen etnonim 
gaz
sözünden we jemi, köpçüligi bildirýän 
–an
goşulmasyndan durýar. 
Ýokardaky pikirleri tassyklamaga ýa-da inkär etmäge biziň elimizde 
tutaryk ýok, ýöne Wolga boýunda ýaşan gadymy bulgarlaryň düzüminde-
de gazan diýen taýpanyň bolandygy mälim. Gazan diýen taýpanyň ýa-da 
urugyň ady bilen baglanyşykly ýer-ýurt atlary Krymda-da duş gelýär. Orus 
alymlaryI.N. Lezina we A.W.Surepanskaýanyň tassyklamaklaryna görä, 
bu toponimler hut türkmenleriň 
gazan
taýpasynyň adyny göterýärler. 
Eýsem, gadymy Bulgrystana we Kryma gazanlar nähili düşdükä? Muňa 
jogap bermäge synanyşalyň.
Biziň pikirimizçe, Beýik Türk Kaganaty (imperiýasy) dagandan 
soň, beýleki türki taýpalar bilen birlikde gazan türkmenleriniň bir 
bölegi (belki, ulu bölegi) Wolga boýlaryndaky Bulgarystana aralaşýar. 
Soňra olar häzirki tatar, bolgar ýaly halklaryň arasyna siňip gidýärler. 
Tatarystanyň paýtagtyna Gazan (orusça Kazan) diýilmegi ýöne ýerden 
däl. Bu şäheriň adynyň manysy barada dürli çaklamalaryň bardygyna 
seretmezden, oňa gadymy Bulgariýa aralaşan gazan türkmenleriniň 
adynyň geçendigine şübhe bolup bilmez. Muny tatar taryhçysy H.W. 
Ýusupow gös-göni ykrar edýär.
Taryhy işlerden mälim bolşuna görä, seljuklaryň hereketi döwründe 
Türkiýä we Kawkaza aralaşan türkmenleriň (esasan hem salyrlaryň) 
bir bölegi 1263—1264-nji ýyllarda Saltyk babanyň baştutanlygynda 


96
Kryma aralaşýar. Muny bu ýerdäki Salgir (Salyr) diýen derýänyň 
ady we salyrlaryň tire adyndan emele gelen beýleki toponimler hem 
tassyklaýarlar. Şol salyrlaryň arasynda 
gazan
urugynyň wekilleri hem 
bolandyr diýip çaklamak gerek. Soňra bu ýere gelen salyrlar we beýleki 
türkmen taýpalary türki we türki däl taýpalar bilen gatyşyp, Krym 
tatarlary diýen diýen etnik topary emele getirýärler. Krym tatarlarynyň 
diliniň türkmen diline juda ýakynlygyny hem Krym tatarlarynyň 
düzüminde türkmenleriň uly ornu eýeleýändigi bilen düşündirmek bolar.
Diýmek, häzirki ärsary, salyr we saryk taýpalarynyň düzüminde 
duş gelýän gazanlaryň iňňän gadymy türki (türkmen) taýpasydygyny 
bellemek bilen, onuň türkmen ganyny tatar (esasan hem Krym tatarlary), 
bolgar, belki-de çuwaş, wengr halklarynyň gany bilen gatyşdyranlygyny, 
garyndaşlaşdyranlygyny unutmaly däldiris.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   82   83   84   85   86   87   88   89   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish