207
G.I.Karpow bu taýpa XVI asyrda dörändir diýýär, soňra ýazan
işinde bolsa bu senäni XI-XII asyrlar diýip görkezýär. Türkiýäniň
Anadolu welaýatyna Horezmde we Saragtda ýaşan tekeleriň baryp XIII
asyrda göçenligini, şeýle-de gazak, gyrgyz halklarynyň düzüminde teke
atlaryň urug-tireleriň duş gelýändigini
nazara alsak, teke diýen etnik
adyň gaty gadymydygyny çekinmän aýtmak bolar, çünki türkmenler
seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) gyrgyzlardan aýrylyşyp, häzirki
mekanlaryna göçüpdirler. Diýmek, tekeler taýpa hökmünde bolmasa-
da, kiçiräk etnik topar görnüşinde XI asyrdan öň döräpdir. Belli
edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň teke sözüni gadymy gunlaryň
tüke (tukýu) etnoniminden çaklamagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Öz
sözüni delillendirmek üçin, bu alym gunlaryň harby-administratiw
bölünişigindäki käbir däpleriň tekelerde saklanandygyny habar berýär
(serediň: “Ýaş kommunist”, 1985, 20 iýul).
Ýokarda agzalan alymlaryň pikirlerini, iň
esasy-da, türkmen
etnonimleriniň berýän maglumatlaryny nazara alyp, biz bu taýpanyň
döreýşi barada şeýle çaklamany hödürlemekçi.
Tekeler urug hökmünde iňňän gadymy döwürde, türkmenleriň
Gyrgyz sähralarynda ýaşaýan eýýamynda emele gelipdir. Muny olaryň
teke diýen etnik ady hem tassyklaýar. Alymlar bu sözi biragyzdan
totemden dörän at hasaplaýar. Totemlerden
emele gelen etnonimler
bolsa tire-taýpa atlarynyň iň gadymy gatlagyny emele getirýärler.
Seljuklar hereketi döwründe tekeleriň uly bölegi günbatara
süýşüpdir, göçmän galanlary gyrgyzlaryň we gazaklaryň düzümine
siňipdir. Maňgyşlaga gelen tekeler köpçülikleýin şu ýarym adanyň
demirgazygynda, Ýaýyk (Ural) we Emba derýalarynyň ýakalarynda
ornaşypdyrlar. Muny Ýaýyk derýasynyň kenaryndaky häzirki Uralsk
diýen şäheriň öňki adynyň Tekeli bolandygyny hem tassyklaýar.
Galyberse-de, mongollaryň agalygy döwründe Ýaýyk, Emba etraplary
we Maňgyşlak, Balkan sebitleri Altyn Orda hanlaryna tabyn bolupdyr.
Tekeleriň utamyş we togtamyş diýen esasy iki bölüminiň ikisine-de
Altyn Orda hanlarynyň adynyň dakylmagy hem tekeleriň şol etrapda
ýaşanlygyndan habar berýär.
Tekeli diýen urug-taýpalara we olaryň atlary dakylan obalara
Azerbaýjanda, Gürjüstanda hem duş gelinýär. Alymlar (A. Bakyhanow,
A. Ýakubowskiý, M.Hajyhalylow we beýlekiler) ony biragyzdan
208
türkmen taýpasy hasaplaýarlar.
Altyn Orda döwletiniň basybalyjylyk syýasaty tekeleri atarman,
çaparman, ezber esger edip terbiýeleýär.
XV asyrda Altyn Orda
hanlygy kiçi hanlyklara (Astrahan, Krym, Gazan we Sibir hanlyklaryna)
bölünenden soň, ýurtda uruş-galmagal köpelýär, tekeleriň uly bölegi
Günbatar Türkmenistana (Was etraplaryna) göçýär. Londonda ýaşaýan
türkmen taryhçysy professor Mehmet Saraý “Türkmenler imperializm
zamanynda” diýen ylmy işinde (ser.: “Garagum”, 1992, №1) Maňgyşlak
etrapynda ýaşaýan tekeleriň üstüne gazak sähralaryndan galmyklaryň
wagtal-wagtal (meselem, 1639 we 1700-nji ýyllarda) çozanlygyny,
netijede tekeleriň bu ýerden gysylyp çykarylandygyny belleýär.
Türkmenistanyň günbatarynda ýaşaýan taýpalar: ärsarylar, saryklar,
ýomutlar we salyrlar daşky salyr diýen taýpalar birleşigini emele
getiripdirler. Tekeler hem soňra şu birleşigiň düzüminde uly taýpa
hökmünde özüni tanadýar. Abylgazynyň bu taýpanyň asly salyr bolan
Toýtutmazyň neberesi diýip görkezmegi şu jähetden hakykata dogry
gelýär. Diýmek, tekeleriň kiçiräk etnik toparlygyndan uly we güýçli
taýpalyk derejesine ösüp ýetişmegi XVI-XVII asyrlarda amala aşandyr,
taýpalyk derejesine ýeten ýeri hem daşky salyrlaryň içidir diýip çaklamak
hakykata laýyk bolsa gerek.
Teke taýpasynyň soňky taryhy belli, XVI asyrda Uzboýuň suwy
kesilenden soň, Uzboý, Was etraplarynda ýaşamak kynlaşýar. Netijede,
tekeler Ahal etrapyna süýşüp, bu ýerdäki oturymly ilaty XVIII asyrda
gysyp çykarýar we olaryň ýerini eýeleýär. Dumly-duşdaky tekeleriň
Ahala jemlenmegi netijesinde bu ýeriň ilaty barha gürelýär, XIX asyrda
olaryň bir bölegi Saragt-Tejen etraplarynda ornaşýar. 1855-1857-nji
ýyllarda bolsa tekeler Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda Murgap oazisini
hem eýeleýärler.
Diýmek,
teke
diýen at türkmenleriň iňňän gadymy etnonimleriniň
biri bolup, ol bu toparyň teke diýen öý haýwanlaryny
totem edinen
döwründe ýüze çykypdyr.
Teke ýaşulularynyň biziň bu çaklamamyzy kabul etmezligi hem
mümkindir, çünki olar teke diýen etnonimi Tekemuhammet ýa-da
Tekýemuhammet diýen taýpabaşynyň adyndan gelip çykan, tekeleriň
özüni (has dogrusy, utamyşy we togtamyşy) bolsa saryklaryň legendar
taýpabaşysy Ýalkamyş bilen dogan hasap edýärler. Biz bulary asla
209
inkär etmeýäris, ýöne Tekemuhammet diýen taýpabaşy hakykatda ýaşan
adam bolsa-da, bu şahsa degişli taýpanyň ady dakylandyr hasap edýäris.
Sözümiziň ahyrynda Eýran gyzylbaşlarynyň düzüminde tekeli
diýen taýpanyň bardygyny bellemekçi. Onuň ady hem şu
etnonim
bilen baglanyşykly bolmaly. Hydyrilileriň düzümindäki
Do'stlaringiz bilan baham: