Türkmenistanyň bilim ministrligi türkmenistanyň milli bilim instituty



Download 0,7 Mb.
Pdf ko'rish
bet2/71
Sana19.11.2022
Hajmi0,7 Mb.
#868765
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   71
Bog'liq
эдебият тд 5 12

edebi okuw sagatlarynda
mugallym okuwçylaryň başlangyç 
synplarda alan edebi okamak ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmäge, okan 
eserinden netije çykarmak, many-mazmunyny özleşdirmek, şygyrlary labyzly 
okamak başarnygyny kämilleşdirmek, okan ýa-da diňlän eserlerini gürrüň bermek, 
ýazuwa geçirip bilmek, edebi maglumatlary, tekstleri we goşgulary ýat tutmak 
ukyplaryny ösdürmek ýaly ugurlara üns bermelidir we şol bir wagtda edebiýat 
taryhynda şeýle eserleriň, şeýle ýazyjy-şahyrlaryň bardygy bilen gysgaça 
tanyşdyrmalydyr. Munuň üçin mugallym öz döredijilik ukybyna, başarnygyna, 
tejribesine daýanyp, öz sapaklaryny edebi-çeper okamak, düzme bäsleşigini geçirmek 
ýaly we usuly taýdan kabul edilen beýleki sapak görnüşlerinden peýdalanyp 
guramalydyr. 
Edebiýat dersi boýunça okuwçylara berilmeli bilim maglumatlary sadadan 
çylşyrymla diýen usulda ýerleşdirilendir. Şundan ugur alyp, VIII synpda berilýän 
bilim maglumatlary edebi okuw görnüşinde berilmek bilen, şol bir wagtda hem 
edebiýat taryhy görnüşinde öwrenilmeli bilim maglumatlaryna taýýarlaýar. Şol 
sebäpli IХ synpdan başlap edebi eserler baradaky bilim maglumatlary tematiki 
tertipde däl-de, özleriniň döreýiş taryhy boýunça yzygiderlilikde ýerleşdirilýär.
Edebiýat taryhy 
bilen tanyşdyrylýan döwürde (IХ – XII synplarda) edebiýat 
taryhyna, şol sanda okuw maksatnamasyna giren ol ýa-da beýleki ýazyjynyň ömri we 
döredijiligi, awtory belli ýa-da näbelli eserleriň döreýiş taryhy, her bir döwrüň 
edebiýatynyň öňünde duran baş mesele, şol meseleleriň ýazyjy (şahyr) ýa-da onuň 
eseri tarapyndan neneňsi çözülip bilnendigi, eserlerde halkyň durmuşynyň, 
medeniýetiniň, beýleki gymmatlyklarynyň neneňsi görkezilip bilşi ýaly düýpli 
meseleler okuwçylara öwredilmelidir. Ýazyjynyň edebi dilimiziň baýlyklaryny, 
eseriň gahrymanlarynyň dilinde gabat gelýän şiwe (dialekt) sözlerini ulanyp bilşi ýaly 
meselelere hem okuwçylaryň ünsi çekilýär. Şol sebäpli IХ – XII synplarda mugallym 
öz tejribesine daýanyp, çykyş, çekişme, maslahat (seminar) sapaklary we beýleki 
sapak görnüşlerinden hem ýerlikli peýdalanmalydyr. 
Edebiýat dersinde şu ugurlar boýunça okadylýar:
- türkmen halk döredijiligi; 
- türkmen nusgawy edebiýaty; 
- Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty; 



- dünýä edebiýatyndan nusgalar. 

Download 0,7 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   71




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish