Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet1/246
Sana11.02.2023
Hajmi4,73 Mb.
#910147
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan



1
Soltanşa ATANYÝAZOW
ŞEJERE
Türkmeniň nesil daragty
Aşgabat, «Turan-1»
1994


2
BBK 63.5 (2)
A 91
Atanyýazow S.
ŞEJERE (Türkmeniň nesil daragty), A.: “Turan-1”—1994.
Her bir halkyň tire-taýpasy onuň gönezligi, asyl köki bolup, olaryň 
atlary halkyň geçmişini biziň günlerimize mizetmän ýetiren ajaýyp kitapdyr. 
Bilesigeliji giň okyjylar köpçüligine, ylaýta-da ýaşlara niýetlenen bu kitapda 
türkmen tire-taýpalarynyň gyzykly taryhy, olaryň adynyň döreýiş sebäpleri we 
manysy barada gürrüň gidýär, getirilýän maglumatlaryň ygtybarly bolmagy 
üçin, awtor gadymy hytaý, grek, orta asyr arap, türk we pars alymlarynyň 
işlerinden giňden peýdalanýar, ençeme türkmen tire-taýpalarynyň adynyň 
ýüze çykyşy barada gadymy we häzirki zaman alymlarynyň çaklamalaryndan 
düýbünden üýtgeşik pikirleri okyjylara hödürleýär.
Halkymyzyň gadymy geçmişine göz ýetirmek isleseňiz, şu kitaby okaň!
A—0505000000 BBK 63.5 (2)
A91
“Turan-1”


3
SÖZBAŞY
Gadymy ata-babalarymyzyň “Ýedi arkaňyzy bilmek—parz” diýen 
dana aýtgysy bar. Şu ýörelgeden ugur alyp, olar öz çagalaryna geçmiş 
atalarynyň adyny ürç edip ýatladypdyrlar. Gazak halkynda bu däp häzire 
çenli ýörgünlidir. Diňe bir türki kowumlara däl, eýsem türki halklaryň 
köpüsine mahsus bolan nesil yzarlamak düzgüni türkmenlerde 
nesil 
daragty
, araplarda 
şejere
, käbir türki halklarda 
ýedi ata, ýedi arka

oruslarda 
rodoslownaýa
, ylmy dilde bolsa 
genealogiýa
diýen atlar bilen 
bellidir.
Geçmişiňi bilmän, geljege göz ýetirmek mümkin däl. Ata-
babalarymyzyň asyrlar boýy sünnäläp bize ýetiren gowy däplerinden, şol 
sanda geçen nesilleri ýatda saklamak we olary hormatlamak endiginden 
ýüz döndürsek, biz öz neberelerimizde şu günki we geljekki nesillere 
sarpa goýmak ýaly asylly sypaty terbiýeläp bilmeris, çünki geçmiş özüne 
aýawly çemeleşmegi talap edýär, edilen hyýanat üçin bolsa dessine ar 
alýar. Dagystanyň meşhur şahyry Rasul Gamzatowyň atasy Gamzat 
Çadasynyň aýlawly aýdan ajaýyň sözlerinden çen tutsaň, “Geçmişine 
sapança atany ol top bilen urýar”.
Ululara hormat goýmazlyk, garrylary sylamazlyk, ýakynlaryň bilen 
oňuşmazlyk, gara nebis üçin hallan atmaklyk, gedemlik, tireparazlyk, 
ogurlyk ýaly geçmişde ata-babalarymyzyň ýigrenen zatlary häzirki 
ýaşlarymyzyň arasynda barha güýjäp, ýoň bolup barýar. Munuň esasy 
sebäbini biziň könämizi ýatdan çykaranlygymyzdan, ata-babalaryň 
gowy däplerini unudanlygymyzdan, umuman, geçmişimiziň üstüne 
atanak çekenligimizden gözlemek dogry bolar. Beýle ýagdaýda ýaşlarda 
erbet endikleriň, ýigrenji häsiýetleriň dörejegi şübhesizdir, çünki Yrak 
türkmenleriniň nakylynda jaýdar aýdylyşy ýaly, “aslyny unudan atasyny 
atar”.
Soňky 50 ýylyň dowamynda içgin öwrenmeklik gadagan edilen 


4
temalaryň biri-de türkmen tire-taýpalarynyň gurluşy, gelip çykyşy we 
olaryň atlarydyr. Şu döwür içinde rus dilinde bolaýmasa, türkmen dilinde 
olar barada ylmy işler neşir edilmedi, ylmy derňewler-de geçirilmedi. 
“Tire-taýpalaryň we olaryň atlarynyň öwrenilmegi il içinde tireparazlygy 
ösdürer” diýen galp düşünjeden ugur alyndy. Hakykatda weli düýbünden 
tersine: öz aslyňy bilmezlik, diňe bir türkmen taýpalarynyň däl, 
eýsem, türki halklaryň, şeýle-de goňşulykda ýaşaýan halklaryň gan 
garyndaşlygyna, olaryň aglabasynyň asyl köküniň, gelip çykyşynyň şol 
bir gözbaşdan gaýdýanlygyna düşünmezlik tireparazlygy we milletçiligi 
döredýär.
Etnonimika, umuman, etnografiýa ylmynda dogry bellenilişi ýaly, 
dünýäde keseki gany gatyşmadyk, töweregindäki dürli halklar bilen 
garylmadyk, ýagny bir ata-eneden (ganybir maşgaladan) dörän ýekeje-
de arassa, ig halk, taýpa, hatda tire-de ýok. Uzak asylaryň dowamynda 
bu etnik toparlar öz içine garyndaş we garyndaş däl taýpa-tireleriň, 
halklaryň dürli böleklerini kabul edip durýar. Wagtyň geçmegi bilen, soň 
goşulan az sanly il uly taýpanyň içine siňip, eräp gidýär. Muňa her bir 
okyjy öz obasynyň mysalynda-da göz ýetirip biler: soňky 30—40 ýylyň 
içinde onuň obasyna beýleki obalardan birnäçe maşgala göçüp gelendir 
ýa-da göçüp gidendir. Ençeme maşgalalar beýleki tire-taýpalardan gyz 
alyp, gyz berendirler. Bu ýagdaý uzak asyrlaryň dowamynda gaýtalanyp 
duran zat.
Basybalyjykly uruşlary, göçe-göçlükleri, pajygaly sosial-ykdysady 
hadysalary hasap etmäniňde-de, ýokarda ýatlanan we ähli tire-taýpalara 
mahsus bolan etnik gatnaşyklar ilatyň dürli toparynyň arasynda ganyň 
gatyşyp durmagyna getirýär.
Ähli taryhy çeşmeleriň biragyzdan tassyklamagyna görä, türki 
halklar iňňän gadymy eýýamda bir kökden, bir topardan dörän il bolup, 
soňra olar aýrylyşypdyrlar, aglabasy soňra özbaşdak halk derejesine 
çenli ösüp ýetişipdir. Türkmen taýpalary hem bir kökden (gadymy 
oguzlardan) gaýdýar, olar bir kökden dörän äpet daragtyň ululy-kiçili 
şahalarydyr. Köp asyryň dowamynda türkmen halky goňşy halklarynyň 
we taýpalarynyň dürli toparlaryny öz düzümine kabul edipdir. Öz 
gezeginde bu halkyň dürli bölekleri hem ýakyn we uzak halklaryň (hatda 
oruslaryň, wengrleriň, bolgarlaryň, kürtleriň, parslaryň...) arasyna siňip 
gidipdir.


5
Diýmek, türkmen tire-taýpalarynyň biri-birlerini ganybir dogan 
hasap edişi ýaly, biz özümizi töweregimizi gurşap alan köp sanly halklar, 
halkyýetler bilen hem ganybir garyndaş saýmalydyrys. Ynha, okyjylaryň 
dykgatyna hödürlenýän şu kitabyň esasy ideýasy şundan ybarat. Oçerkleri 
okap çykan her bir okyjy şundan soň taýpa-tireleriň wekillerini özi bilen 
doganlygyna, töweregimizi gurşap alan halklaryň hem biri-birleri bilen 
gan garyndaşlygyna göz ýeterse gerek.
1988-nji ýylda “Ylym” neşirýatynda biziň “Slowar turkmenskih 
etnonimow” (“Türkmen etnonimleriniň sözlügi”) diýen kitabymyz 
orus dilinde çap edildi. Onda türkmen tire-taýpa atlarynyň 2300-den 
gowragy ýerleşdirilip, olara düşündiriş berlipdi. Eliňizdäki oçerkler 
şol sözlügiň esasynda ýazylan bolsa-da, onuň terjimesi däl, sebäbi bu 
kitapdaky oçerkler üçin ýatlanan sözlügiň 2300 makalasyndan diňe 
300-den gowragy seçilip alyndy, olar hem sözlük makalasy görnüşinde 
berilmän, oçerk häsiýetinde giňişleýin teswir edildi. Galyberse-de, bu 
kitaba girizilen etnonimleriň köpüsi täzeden işlenildi, olaryň aňladýan 
manylary we gelip çykyşy ýatlanan sözlükdäkiden başgaçarak 
düşündirildi. Muňa, bir tarapdan, türkmen etnonimleri barada goşmaça 
toplanan maglumatlar sebäp bolsa, ikinji tarapdan, rus dilinde çap 
edilen sözlük neşire tabşyrylandan soň, biz türkmen etnonimleriniň 
ylmy-teoretiki meseleleri bilen meşgullanyp, bu atlary doganlyk türki 
halklaryň tire-taýpa atlary bilen degşirip öwrendik. Bu ýagdaý türkmen 
etnonimleriniň ençemesiniň gelip çykyşyna täzeçe çemeleşmäge 
mümkinçilik döretdi. Üçünjiden, 1990-njy ýylyň aprel aýyndan başlap, 
“Şejere” ýörelgesi bilen “Ýaş kommunist” gazetiniň şenbe güni çykýan 
her sanynda türkmen etnonimleri baradaky makalalarymyz çap bolup 
ugrandan soň, respublikamyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylardan 
onlarça hat aldyk. Ol hatlardaky peýdaly bellikleri we habar berilýän 
goşmaça maglumatlary biz nazarda tutduk. Orus dilinde çap edilen 
sözlügimiz barada metbugat sahypalarynda aýdylan tankydy bellikler 
hem hasaba alyndy. Netijede, bu kitapda ýerleşdirilen ençeme türkmen 
etnonimleriniň aňladýan manylary rus dilinde çap edilen sözlükdäkiden 
başgaça düşündirildi.
Türkmen etnonimleri we olar baradaky taryhy maglumatlar
köplenç, gadymy hem-de häzirki döwür alymlarynyň çap edilen 
işlerinden alyndy, 1963-nji ýyldan başlap, bular barada biziň il içinden 


6
toplan maglumatlarymyz hem işde doly peýdalanyldy.
Ol ýa-da beýleki etnonimiň aňladýan manysyny we onuň gelip 
çykyşyny anyklamak aňsat iş däl, çünki bu atlaryň ençemesiniň 
döränine birnäçe asyr, käbiriniň ýüze çykan wagtyndan bäri bolsa 
2—3 müň ýyl geçipdir, emma olaryň manysy we ýüze çykyş sebäpleri 
barada taryhy çeşmelerde anyk we ynançly maglumatlar duş gelmeýär 
diýerliklidir. Şeýle ýagdaýda biz deňeşdirme usulyndan peýdalandyk, 
ýagny bir etnonimi derňänimizde, ony tutuş sistemany emele getirýän 
özüne kybapdaş beýleki türki (türkmen) etnonimleri bilen degşirip, 
saldarlap görüp öwrendik we onuň gelip çykyşy barada jaýdar hasaplan 
çaklamalarymyzy orta atdyk.
Tire-taýpa atlarynyň manysy barada okyjylaryň dykgatyna 
hödürlenen çaklamalar—awtoryň hususy pikiri. Biz ony meseläniň 
gutarnykly çözgüdi hasaplamaýarys, çünki geljekki çuň ylmy derňewler, 
täze tapylan goşmaça maglumatlar netijesinde ol ýa beýleki etnonimiň 
aňladýan manysy başga hili düşündirilip bilner. Biz bu babatda giň 
okyjylar köpçüliginiň kömegine bil baglaýarys. Türkmen etnonimleri 
baradaky belliklerini, tankydy pikirlerini habar beren okyjylardan biz 
gaty hoşal bolardyk. Hatlary awtora şu adrese ibermek bolar: 744000, 
Aşgabat, Gogol köçesi,15. Türkmenistan YA-nyň H. Baýlyýew adyndaky 
Dil bilimi instituty.


7
GIRIŞ
Tire-taýpa atlarynyň gelip çykyşy baradaky şeýle kitabyň türkmen 
okyjyaryna niýetlenen ilkinji gezek neşir edilýändigi üçin, biz onomastika 
ylmynyň bir şahasy bolan etnonimikanyň ýörite terminleri, türkmen tire-
taýpa atlarynyň özboluşly aýratynlyklary, olaryň beýleki türki halklaryň 
etnonimiýasy bilen özara gatnaşygy we ylym üçin ähmiýeti barada 
gysgaça düşündiriş bermegi makul bildik.

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
  1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish