52
bilen baglanyşdyrýär. Ikinjiden, arabaçy taýpasyndan
bolan we XIX
asyrda ýaşap geçen şahyr Aryf özüniň “Nesihatnama” diýen goşgular
ýygyndysynda bu etnonimiň manysyny düýbünden başga sözler
bilen
baglanyşdyrýar:
Kiçi agtygydyr ol Oguz hanyň,
Agyn bil, bolmasyn aňa gümanyň.
Soňky adyn sorsaň, erur arbaçy,
Her bir işe seni küşeş kylguçy.
Arbaçy adyna bu erdi sebäp:
Bar erdi bir piri-kämil mukarrap,
Mübärek atlary Seýit Atadyr.
Bir kişi sorady Seýit Atadan,
—Niçe müridiň bar?--diýip andan.
Türkmen ili bu peçene halkydan.
Alarnyň sözlerin sen eşit anka:
—Arbagyn—çil—diýdi Seýit ol Ata.
—Arbagyn “kyrk” bolar arap lebzinde.
Çil ýene”kyrk” bolar parsy lebzinde.
Awamynnas (ýagny sada) halky kyn görüp any,
Arbaçy diýdiler, eşitgil muny.
Diýmek, Aryfyň pikiriçe,
arabaçy (arbaçy)
“kyrk” diýen
manydadyr.
Her niçik bolsa-da, arabaçy diýen etnik ady gadymy peçenegleriň
nesli bolan kaňlylar we kesp-hünär aňladýan “arabaçy” diýen türkmen
sözi bilen baglanyşdyrmak dogry bolsa gerek, çünki Aryf hem “türkmen
ili bu peçene halkydan” diýip belleýär.
ARAKÇY, ARAKY
Ärsarylaryň bekewül bölüminde
arakçy
, Dänew, Gärjew, Farap
raýonlarynda we Buhara welaýatynda ýaşaýan salyrlaryň düzüminde
hem araky diýen urug-tireler bolup, olaryň adynyň “arak” sözi bilen asla
dahyly ýok. Bu etnonimler Yrak diýen ýurt adyndan hasyl bolupdyrlar.
Yrak
toponimi urdu, dari, puştu dillerinde
Arak
, käbir Eýran dillerinde
53
Erak
, türkmen dilinde hem
Yrak
görnüşlerinde ulanylýar. Mälim bolşy
ýaly, seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) we ondan soň Yrak, Siriýa
etraplaryna türkmenler köpçülikleýin göçüpdirler (bu ýurtlarda häzir
hem türkmenler köp, hatda olarda türkmen
dilinde kitaplar we gazet-
žurnallar hem çykarylýar).
Akademik W.W. Bartoldyň ýazmagyna görä,
orta asyrlarda oguz
türkmenleri üç uly topara bölünipdirler: Seljuk,
Balkan we Yrak
türkmenleri. Abylgazynyň “Türkmenleriň şejeresi” diýen kitabynda
ýazylyşyna görä, şol döwürde Diňlibegiň ýolbaşçylygynda salyr iliniň
bir bölegi hem Yraga göçüp gelýär. Salyrlardan Ögürjik alp diýen batyr
ýigit döreýär. Ol Yrakda agalyk edýän köp sanly baýyndyr türkmenleriniň
hany bilen tersleşýär we uruşmaga güýji az bolany üçin, ol 900 öýli
salyry we 100 öýli garkyny yzyna tirkäp, Yrakdan gaçýar-da, Şemaha
gelýär. Baýyndyrlaryň çozmagyndan gorkup, bu ýerde-de ýerlemän,
Ögürjik alp öz ili bilen Kryma gelýär. Bu il Krymdan hem gidýär, Itil
(Wolga) derýasyndan geçip, Ýaýyk (Ural) boýuna gelýär.
Ol döwürde bu ýerde kaňly diýen türki taýpa ýaşaýan eken. Olaryň
hany Gökdonlynyň rugsat bermegi bilen, Ögürjik alp öz ili bilen ençeme
ýyl Ýaýyk boýunda oturýar, ýöne ol Gökdonly bilen tersleşip, bu ýerden
hem gaçýar. Gökdonly Ögürjigiň yzyndan ýetip, onuň iliniň 700 öýlüsini
alyp galýar. Ögürjik 300 öýli bilen gaçyp, özüni Maňgyşlaga atýar.Üç
ýyl ol Garahan diýen ýerde oturýar. Ögürjigiň Garahanda ýerleşendigini
eşiden Gökdonly onuň üstüne ýöriş edýär. Ögürjik muny bilip, Balkana
gaçýar. Bu ýerde ençeme ýyl oturandan soň, Ögürjigiň ili häzirki Dänew
raýonynyň Gabakly obasyndan Buhara oblastynyň Alat posýologyna
çenli aralyga göçüp, ýurt tutunýar. Bu barada “Türkmenleriň şejeresi”
diýen kitapda getirilen goşguda (tartymda) aýdylýar.
Diýmek, Yrakdan çykan salyr we garkynlara soňky ýerlerinde
“yrakly” diýiljegi kanuny ýagdaýdyr. Azerbaýjanly
Do'stlaringiz bilan baham: