tatar
sözüni ikä bölýär:
tat
we
ar (är)
.
Hakykatda onuň birinji sözi
tat
bolsa-da (bu barada
Tat
makalasyna
serediň), ikinji bölegi är sözünden däl, eýsem, gadymy türki—ar diýen
köplük goşulmasydyr (deňeşdiriň: salar, hazar, bulgar, sakar we ş.m.
TEBER
Saryklaryň, tekeleriň, Astrahan we Stawropol etraplarynda ýaşaýan
igdirleriň düzümindäki
teber
diýen tireleriň adynyň gelip çykyşyny iki
hili düşündirmek mümkin:
1. “Taýpa”, “topar” manysyndaky tebe, depe (bu baradaky Depbe,
depel, uludepe, begdepesi diýen makala serediň) sözünde we –r diýen
gadymy türki köplük goşulmasyndan emele gelip, ol “taýpa: diýen
206
manyny aňladýar.
2. Kaspi deňziniň günorta-gümdogar kenarlarynda, Girkaniýa
(Gürgen) diýen ýurduň günbatarynda iňňän gadymy Tabarystan
döwletini guran tabar, teber diýen halkyň adyndan (taryhy çeşmelerde
tabar etnonimini tapur görnüşinde-de duş gelýär.
TEGELEK
Mary tekeleriniň gökje urugynyň düzümindäki
tegelek
tiresine
tire wekilleriniň saýlap alan tagmalarynyň şekiline görä şeýle at
dakylypdyr. G.I. Karpow olaryň tagmasynynyň tegelek, ýagny o harpy
görnüşindedigini ýazýar.
TEKE
Uly türkmen taýpalarynyň biri bolan tekeleriň XVI asyra çenliki
taryhy barada ýazuw çeşmelerinde hiç hili maglumat duş gelmeýär.
“Türkmen sowet ensiklopediýasynyň” 8-nji tomunyň 2-nji kitabynda
bu taýpa bagyşlanyp ýazylan makalada agzeki maglumatlara esaslanyp,
XII—XIII asyrlarda tekeleriň Syrderýanyň aşaky akymlarynda
ýaşandygy, soňra olaryň bir böleginiň Samarkanta, uly toparynyň bolsa
Balkan—Maňgyşlak ertapyna süýşenligi hakynda aýdylýar. Dogrudan-
da, Samarkant welaýatyndaky Nurata türkmenleriniň düzüminde teke,
syçmaz ýaly tireleriň bolmagy bu maglumatyň dogrudygyna güwä geçýär.
Ýöne tekeler XVI—XVII asyra çenli uly we güýçli taýpa hökmünde
türkmen taryhynyň sahnasyna çykmadyk bolarly, ýogsam türkmen tire-
taýpalarynyň gelip çykyşyna bagyşlanan “Türkmenleriň şejeresi” diýip
ajaýyp işini 1660-njy ýylda ýazyp gutaran Abylgazy bu uly işde tekeler
barada diňe iki setir ýazmak bilen çäklenmezdi (ondan öňki alymlaryň
işlerinde, umuman, teke diýen etnik at agzalmaýar). Abylgazy şeýle
diýýär: “Salyr ilinde bir kişi bar erdi, (ady) Toýtutmaz. Teke we saryk
ili anyňoglanlary tururlar”. Bar bolany şu. Ýöne Abylgazynyň tekeleriň
salyr ilindendigini baradaky maglumaty biziň üçin has ähmiýetli, çünki
bu maglumat tekeleriň taýpa hökmünde nirede we haçan dörändigini
çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu çaklamany orta atmazdan öňürti, biz
teke taýpasynyň gelip çykan wagty baradaky pikirleri ýatlap geçmekçi.
207
G.I.Karpow bu taýpa XVI asyrda dörändir diýýär, soňra ýazan
işinde bolsa bu senäni XI-XII asyrlar diýip görkezýär. Türkiýäniň
Anadolu welaýatyna Horezmde we Saragtda ýaşan tekeleriň baryp XIII
asyrda göçenligini, şeýle-de gazak, gyrgyz halklarynyň düzüminde teke
atlaryň urug-tireleriň duş gelýändigini nazara alsak, teke diýen etnik
adyň gaty gadymydygyny çekinmän aýtmak bolar, çünki türkmenler
seljuklar hereketi döwründe (XI asyr) gyrgyzlardan aýrylyşyp, häzirki
mekanlaryna göçüpdirler. Diýmek, tekeler taýpa hökmünde bolmasa-
da, kiçiräk etnik topar görnüşinde XI asyrdan öň döräpdir. Belli
edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň teke sözüni gadymy gunlaryň
tüke (tukýu) etnoniminden çaklamagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Öz
sözüni delillendirmek üçin, bu alym gunlaryň harby-administratiw
bölünişigindäki käbir däpleriň tekelerde saklanandygyny habar berýär
(serediň: “Ýaş kommunist”, 1985, 20 iýul).
Ýokarda agzalan alymlaryň pikirlerini, iň esasy-da, türkmen
etnonimleriniň berýän maglumatlaryny nazara alyp, biz bu taýpanyň
döreýşi barada şeýle çaklamany hödürlemekçi.
Tekeler urug hökmünde iňňän gadymy döwürde, türkmenleriň
Gyrgyz sähralarynda ýaşaýan eýýamynda emele gelipdir. Muny olaryň
teke diýen etnik ady hem tassyklaýar. Alymlar bu sözi biragyzdan
totemden dörän at hasaplaýar. Totemlerden emele gelen etnonimler
bolsa tire-taýpa atlarynyň iň gadymy gatlagyny emele getirýärler.
Seljuklar hereketi döwründe tekeleriň uly bölegi günbatara
süýşüpdir, göçmän galanlary gyrgyzlaryň we gazaklaryň düzümine
siňipdir. Maňgyşlaga gelen tekeler köpçülikleýin şu ýarym adanyň
demirgazygynda, Ýaýyk (Ural) we Emba derýalarynyň ýakalarynda
ornaşypdyrlar. Muny Ýaýyk derýasynyň kenaryndaky häzirki Uralsk
diýen şäheriň öňki adynyň Tekeli bolandygyny hem tassyklaýar.
Galyberse-de, mongollaryň agalygy döwründe Ýaýyk, Emba etraplary
we Maňgyşlak, Balkan sebitleri Altyn Orda hanlaryna tabyn bolupdyr.
Tekeleriň utamyş we togtamyş diýen esasy iki bölüminiň ikisine-de
Altyn Orda hanlarynyň adynyň dakylmagy hem tekeleriň şol etrapda
ýaşanlygyndan habar berýär.
Tekeli diýen urug-taýpalara we olaryň atlary dakylan obalara
Azerbaýjanda, Gürjüstanda hem duş gelinýär. Alymlar (A. Bakyhanow,
A. Ýakubowskiý, M.Hajyhalylow we beýlekiler) ony biragyzdan
208
türkmen taýpasy hasaplaýarlar.
Altyn Orda döwletiniň basybalyjylyk syýasaty tekeleri atarman,
çaparman, ezber esger edip terbiýeleýär. XV asyrda Altyn Orda
hanlygy kiçi hanlyklara (Astrahan, Krym, Gazan we Sibir hanlyklaryna)
bölünenden soň, ýurtda uruş-galmagal köpelýär, tekeleriň uly bölegi
Günbatar Türkmenistana (Was etraplaryna) göçýär. Londonda ýaşaýan
türkmen taryhçysy professor Mehmet Saraý “Türkmenler imperializm
zamanynda” diýen ylmy işinde (ser.: “Garagum”, 1992, №1) Maňgyşlak
etrapynda ýaşaýan tekeleriň üstüne gazak sähralaryndan galmyklaryň
wagtal-wagtal (meselem, 1639 we 1700-nji ýyllarda) çozanlygyny,
netijede tekeleriň bu ýerden gysylyp çykarylandygyny belleýär.
Türkmenistanyň günbatarynda ýaşaýan taýpalar: ärsarylar, saryklar,
ýomutlar we salyrlar daşky salyr diýen taýpalar birleşigini emele
getiripdirler. Tekeler hem soňra şu birleşigiň düzüminde uly taýpa
hökmünde özüni tanadýar. Abylgazynyň bu taýpanyň asly salyr bolan
Toýtutmazyň neberesi diýip görkezmegi şu jähetden hakykata dogry
gelýär. Diýmek, tekeleriň kiçiräk etnik toparlygyndan uly we güýçli
taýpalyk derejesine ösüp ýetişmegi XVI-XVII asyrlarda amala aşandyr,
taýpalyk derejesine ýeten ýeri hem daşky salyrlaryň içidir diýip çaklamak
hakykata laýyk bolsa gerek.
Teke taýpasynyň soňky taryhy belli, XVI asyrda Uzboýuň suwy
kesilenden soň, Uzboý, Was etraplarynda ýaşamak kynlaşýar. Netijede,
tekeler Ahal etrapyna süýşüp, bu ýerdäki oturymly ilaty XVIII asyrda
gysyp çykarýar we olaryň ýerini eýeleýär. Dumly-duşdaky tekeleriň
Ahala jemlenmegi netijesinde bu ýeriň ilaty barha gürelýär, XIX asyrda
olaryň bir bölegi Saragt-Tejen etraplarynda ornaşýar. 1855-1857-nji
ýyllarda bolsa tekeler Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda Murgap oazisini
hem eýeleýärler.
Diýmek,
teke
diýen at türkmenleriň iňňän gadymy etnonimleriniň
biri bolup, ol bu toparyň teke diýen öý haýwanlaryny totem edinen
döwründe ýüze çykypdyr.
Teke ýaşulularynyň biziň bu çaklamamyzy kabul etmezligi hem
mümkindir, çünki olar teke diýen etnonimi Tekemuhammet ýa-da
Tekýemuhammet diýen taýpabaşynyň adyndan gelip çykan, tekeleriň
özüni (has dogrusy, utamyşy we togtamyşy) bolsa saryklaryň legendar
taýpabaşysy Ýalkamyş bilen dogan hasap edýärler. Biz bulary asla
209
inkär etmeýäris, ýöne Tekemuhammet diýen taýpabaşy hakykatda ýaşan
adam bolsa-da, bu şahsa degişli taýpanyň ady dakylandyr hasap edýäris.
Sözümiziň ahyrynda Eýran gyzylbaşlarynyň düzüminde tekeli
diýen taýpanyň bardygyny bellemekçi. Onuň ady hem şu etnonim
bilen baglanyşykly bolmaly. Hydyrilileriň düzümindäki
Do'stlaringiz bilan baham: |