Bbk 3. (2) A 91 Atanyýazow S



Download 4,73 Mb.
Pdf ko'rish
bet157/246
Sana26.05.2022
Hajmi4,73 Mb.
#609979
1   ...   153   154   155   156   157   158   159   160   ...   246
Bog'liq
Atanyýazow S Şejere (Türkmeniň nesil daragty)-1994`Turan

ow/og
sözünden we 
–uş
köplük goşulmasyndan durýar; 
owşar—ow/
og
sözlerinden we 
–ş
hem-de 
–ar
goşulmalaryndan ybarat.
Galyberse-de, 
üçoguz, dokuzoguz, onok
(“on taýpa”), 
onogur
(“on oguz” ýagny “on taýpa”), 
uturgur
(“otuz oguz”) ýaly taýpalaryň 
sanyny görkezýän sözler bilen gelýän etnonimler bu pikiriň dogrudygyna 
güwä geçýär. Hakykatdan-da, bu toparlar adyň görkezýän sanyna laýyk 
taýpany özüne birleşdiripdirler. Meselem, onoklara nişubi we duli diýen 
iki iliň hersinden bäş (jemi on) taýpa degişli eken.
Sözümiziň ahyrynda, häzirki alymlaryň aglabasynyň oguzlaryň 
ählisini türkmen hasaplamaýandygyny bellemelidiris. Olaryň pikiriçe, 
oguz sözüniň manysy türkmene seredende giňdir. Birunynyň pikirine 
salgylanyp, olar diňe yslamy kabul eden oguzlara türkmen diýlendigini 
ýazýarlar we öz pikirini delillendirmek üçin, gök oguzlaryň (gagauzlaryň) 
hem-de Horezm welaýatynda ýaşaýan oguzlaryň türkmen diýen ady 
almandygyny mysal getirýärler. Ýöne bu mesele geljekde ymykly 
derňewleri talap edýär.
OK, OKLY
Ort asyrlarda uly türkmen taýpalarynyň biri bolan 
ok
ýa-da 
oklular
(
o
sesi uzyn aýdylýar: o:k) gökli we soltanly taýpalary bilen birlikde 
XI asyrda Syrderýa boýlaryndan Balkan töweregine göçüp gelipdirler. 
Şagadamyň ýakynyndaky 
Okuň gumy
atly uly çöl etraplary olaryň şu 
ýerdäki ilkinji mekany bolan bolmagy çemeli. Balkan türkmenleriniň 
göçe-göçlügi döwründe olaryň uly bölegi Eýrandaky Türkmensähra, 
galanlary Lebap boýlaryna (Halaç we Kerki raýonlarynyň Çohpetde 
we Hatap obalaryna), Täjigistandaky Jylyköle we Owganystana 
aralaşypdyrlar.
XVI asyrda Eýranda ýaşaýan türkmenleriň arasynda oklar uly güýje 
öwrülipdirler. Eýran (Astrabat) häkimleriniň zulumyna çydamadyk ilat 
ok taýpaly Aba serdaryň ýolbaşçylygynda 1550-nji ýylda uly gozgalaň 
turzup, ýerli häkimleri öldüripdirler, üstüne ençeme gezek çozuş eden 
Eýran goşunlaryny hem derbi-dagyn edipdirler. 10—12 ýyllap, tä 


174
Aba serdar gapyllykda Eýran içalysy tarapyndan öldürilýänçä, ýerli 
türkmenler Tahmasp şanyň zulmundan dynypdyrlar.
Ok diýen etnik at, göräýmäge, düşnükli ýaly: ol “taýpa”, “il” 
manysyndaky gadymy türki ok, og sözünden emele gelipdir. Ýöne bu 
adyň o sesiniň uzyn aýdylmagy iňkise goýýar (ýokarda derňelen oguz, 
owuş, ogşuk, owşar diýen etnonimlerde bu ses gysgadyr). Şonuň üçin bu 
etnik adyň ýüze çykyşy barada biz başga çaklamany hödürlemekçi. Mälim 
bolşy ýaly, orta asyr türkmen taýpalarynyň birine 

Download 4,73 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   153   154   155   156   157   158   159   160   ...   246




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©hozir.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling

kiriting | ro'yxatdan o'tish
    Bosh sahifa
юртда тантана
Боғда битган
Бугун юртда
Эшитганлар жилманглар
Эшитмадим деманглар
битган бодомлар
Yangiariq tumani
qitish marakazi
Raqamli texnologiyalar
ilishida muhokamadan
tasdiqqa tavsiya
tavsiya etilgan
iqtisodiyot kafedrasi
steiermarkischen landesregierung
asarlaringizni yuboring
o'zingizning asarlaringizni
Iltimos faqat
faqat o'zingizning
steierm rkischen
landesregierung fachabteilung
rkischen landesregierung
hamshira loyihasi
loyihasi mavsum
faolyatining oqibatlari
asosiy adabiyotlar
fakulteti ahborot
ahborot havfsizligi
havfsizligi kafedrasi
fanidan bo’yicha
fakulteti iqtisodiyot
boshqaruv fakulteti
chiqarishda boshqaruv
ishlab chiqarishda
iqtisodiyot fakultet
multiservis tarmoqlari
fanidan asosiy
Uzbek fanidan
mavzulari potok
asosidagi multiservis
'aliyyil a'ziym
billahil 'aliyyil
illaa billahil
quvvata illaa
falah' deganida
Kompyuter savodxonligi
bo’yicha mustaqil
'alal falah'
Hayya 'alal
'alas soloh
Hayya 'alas
mavsum boyicha


yuklab olish